Gara Seýitliýew Saýlanan eserler


Download 4.16 Kb.
Pdf ko'rish
bet54/74
Sana08.11.2023
Hajmi4.16 Kb.
#1754342
1   ...   50   51   52   53   54   55   56   57   ...   74
Bog'liq
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan

226
DEGIŞME
― Näzi köp çekmek kyn — diýýersiň maňa,
Dostum, näzli gyzdan nägile bolma.
Alsaň meniň wesiýetim şu saňa:
Näzliniň näzin çek, göwnüňe alma.
Hindistanda Şiwa atly Allanyň,
Dag köşgüne baryp syýahat etdik.
Dagy çapyp köşük ýasan ynsanyň
Gudratyna haýran galyp seretdik.
Bir jaýda dört golly, bir jaýda sekiz,
Bir jaýda ondan köp goly Şiwanyň.
Bir ýanda bürgüt dur, bir ýanda öküz,
Bir ýanda ýylan dur — guly Şiwanyň.
Köşgüň her otagnyň aýry nagyşy,
Şiwanyň şekili dagdan çapylan.
Hindide rowaýat köp ýagşydan ýagşy
Şiwa hakda şeýle rowaýat galan:
Bir gün Şiwa öz köşgünde toý gurýar,
Emma toý şatlygy köpe çekmeýär,
Suwly çeşmäň suwy birden guraýar,
Näçe gazsalar-da damja çykmaýar.


227
Şonda Şiwa birden galyp aýaga,
Hökm edip, asmanyň erkini alýar.
Bulutlar oýnaşyp, başlýar ýagmaga,
Duranlar bu güýje aňk bolup galýar.
Zülplerini ýaýyp ýagýan ýagyşyň
Tutýar-da üç taryn ýere çekdirýär.
Şiwa, zülplerinden ýagýan ýagyşyň
Hindistanyň, üç derýasyn akdyrýar.
Hindistanly şahyr bu rowaýaty
Güle-güle gürrüň beren çagynda,
Ýazdym men depderme bu rowaýaty
Şiwa atly Allaň geln otagynda.
Şol otagda Şiwaň şekili bardy.
Şiwa bir näzijek gyzyň öňünde
Iki dyza çöküp bir ýalbarýardy.
Alla-da baş egen näziň öňünde.
«Seň meniň söýgülim-, sen meniň Taňrym!»
Diýip Allaň özi sežde edende,
Seň neneň çekmejek, çek, sen, ahyrym,
Geçip bormy ýardan bir näz edende?!


228
Müň tarly bir sazdyr gyzyň ýüregi,
Ol tarlar näz çalar — näzi-de hoşdur.
Müň baharly ýazdyr gyzyň ýüregi,
Gyzlar näz etmese, bahar-da boşdur.
Güller näz etmese — bilbil nähoşdyr; 
Gunçalar näz bilen bilbili joşdyr! 

Download 4.16 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   50   51   52   53   54   55   56   57   ...   74




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling