Gara Seýitliýew Saýlanan eserler
PÄKISTANLY DAÝHANYŇ JOGABY
Download 4.16 Kb. Pdf ko'rish
|
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan
- Bu sahifa navigatsiya:
- ÝÜREKLERN AÝRYLMAZ
- FAIZ AHMED FAIZE
PÄKISTANLY DAÝHANYŇ JOGABY
«Haýwan ysgaşa-ysgaşa, ynsan soraşa-soraşa» Diýipdirler gadym çaglar dünýä gezen babalar, Egni-başy horaşadan, horaşadan-horaşa, Ýanyny ýere berip, ýapbaşanja obalar, Tukat hem-de garraňky görkezýärdi dünýäni... (Öňümden adam çyksa, saklap bolýarmy meni?) Sürdüm, ýer sürüp ýören päknstanlyň ýanyna. Ol ýurduň otuz ýaşda, gojalan daýhanyna, Birnäçe sorag berip, Şeýle jogap aldym men. Onuň beren jogaplary çykmaýar hiç beýnimden.. 215 ― Ýer özüňkimi? — Ýok, aganyňky. ― Suw özüňkimi? ― Ýok, aganyňky. ― Öküz özüňkimi? — Ýok, aganyňky. ― Azal özüňkimi? _ Ýok , aganyňky. ― Özüň özuňkimi? ― Ýok, Allanyňky. ÝÜREKLERN AÝRYLMAZ Belki, kanun ýazýanlaryň ýokdur mundan habary: Hindileriň, musulmanlaň göreşjeň şahyrlary, Döwlet ikä bölünse-de, bölünmändir olar hiç. Olary böljek bolmak — manysyz hem örän giç. Iki ýüz ýyl içinde iňlisleň, iblisleri Musulmanlaň garşysyna gyzdyryp hindileri Iki süýtdeş dogan halky duşman etdi haýynlar. Iki dogan aldanyp, döküldi nähak ganlar... Beýik Hindistan ýurdy birden ikä bölündi; Hindistan hem Päkistan iki döwlet bar indi. Emma men gözüm bilen gördüm bu hakykaty: 216 Kanunlar demir dyrnak — çakdan bolsa-da gaty, Hindistanly, päkistanly iki şahyr jana-jan; Ýüreginde iki dogan bir-birine mähriban. Gördüm men bu dostlugy ― bu dostluk ýatdan çykmaz. Dostlugyň öz kanuny bar, başga kanuna bakmaz. Serhetleri aýrylsa-da, ýürekleri aýrylmaz. Gaňyrlyp döwülen gol-da, ebedi döwük galmaz. 1959 ý FAIZ AHMED FAIZE Ýene seniň, eliňden galamyňy aldylar. Ýene seniň ýüregiňi tutup türmä saldylar. Ýene seniň sesiňi kesmäge çykdy perman, Ýene şol sowuk zynjyr- ýene şol tukat zyndan... Bize habar ýetende Faiz tutuldy diýip, Şahyr Faiz zyndana ýene atyldy diýip, Faiz, seniň dostlaryň bary çytdy gaşyny. Ýürek bilen syldylar seň çagalaň ýaşyny. Halkyny söýýän adam şahyryny tutdurmaz. Halkyň söýmese nadan, halk hem etjegin biler. Dünýäň dostluk aýdymyn daşa baglamak bolmaz, Daşdan-da seda çykar, aýdym has-da güýçlener. «Päk» sözünden alypdyrlar Päkistanyň adyny, 217 Päkistanyň şahyry, seniň ýüregiň päkdir . Hiç bir töhmet garaltmaz päk ynsanyň adyny, Sen ýene-de çykarsyň, muňa hiç güman ýokdur. Ýaňja dälmi, şahyr dost, gözel Daşkent şäherniň, Azat Orta Aziýanyň, altyn nurly säherniň, Bizi gujagna gysyp, gül hödürläp durany, Faiz Ahmed Faiziň parlap, gürläp durany... Ýene-de sen gürlärsiň öz halkyň bagty üçin, Garaňkylyga garşy, gelejek ýagty üçin, Beýik maksatlaň ýolunda ýene-de bir görşeris Görşeris, Faiz, eşit, görşeris biz, görşeris. 1959 ý. Download 4.16 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling