Gara Seýitliýew Saýlanan eserler


ÝENE-DE FAIZ AHMED FAIZ HAKYNDA


Download 4.16 Kb.
Pdf ko'rish
bet51/74
Sana08.11.2023
Hajmi4.16 Kb.
#1754342
1   ...   47   48   49   50   51   52   53   54   ...   74
Bog'liq
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan

ÝENE-DE FAIZ AHMED FAIZ HAKYNDA
Bahar bir habar getirdi bize şähri Lahordan,
«Bilbil çykdy zyndandan eşdiň» diýdi bahardan.
Gözüň aýdyň, şahyr dost, gözüň aýdyň, gahryman,
Seniň-de gözüň aýdyň, Faizine guwanýan,
Faiziň aýdymyndan ylham alýan Päkistan.
Faizleriň sag bolsa boşar bir gün bar zyndan...
Päk ýürekli, şahyr dostum, ägä bolgun haýynlardan,
Ýüzüňe kümsük ýylgyrýan, ajalyňa taýynlardan,
Tutulanňy eşidemde, düşdi meniň ýadyma şol


218
Garry kezzap, içip şerap, gygyrýardy aýdyma ol.
Şahyrmy ol, jellatmy ol? Gojany tanamak kyndy,
Bir dilinde puldur şerap, bir dilinde Alla, dindi.
Ýadyňdamy habar geldi — Päkistanda tupan — diýip,
Seniň gaşyň çytylsa-da, ol papagny gopbam geýip,
Garry kezzap, içip şerap, gygyrýardy aýdyma zol.
Tutulanňy eşidemde, düşdi meniň ýadyma ol
Watanny-da, halkyny-da ol goja hiç ýatlamady.
Sen öz halkyň bagty üçin gürläňde ol gutlamady.
Belki-de siz goja bilen bir şäherde ýaşýansyňyz?
Belki-de siz bir köçede ýan-ýanaşyk goňşusyňyz?
Şahyr dostum, ägä boluň, «Goňşy ýaman göç» — 
diýmýärin,
Gaýtam öňküden-de beter: — Göreş! Göreş! Göreş! —
diýýärin.
Garry kezzap, içip şerap, gygyrybersin entek heňe,
Sen hakykat jarçysysyň, çagyr halky öňe, öňe!
Kezzap gojaň bir öýkeni iňlisleriň elindedir,
Bir öýkenden demi gelse, han hem onuň dilindedir.
Bir gün geler seň köçäňde toý bolar, ýalkym saçylar,
Özüň ýaly mert ogullaň golundan zynjyr açylar.
Gamgynlykdan çykyp, güler zähmetkeşleň Päkistany,
Faiz, seniň ýürek sözleň bolar dilleriň dessany.
Şahyr dostum, ol gün geler, ol güni hökman görersiň.
Şahyrlara baş bolup, şat muşoiralar
30
gurarsyň.
30
Gazal-goşy aýdyşmak


219
Şol gün, dostum, şu günleriň bir-bir düşer seň ýadyňa,
Şahyrlaryň şat meýlisin sen parlap açan badyňa,
Garry kezzap, halymsyrap, geler başga sellede,
Seniň göreşiň taryplap, durmaz durar pellede,
Mekir goja maýmyn bolar, pursady utmak üçin,
Kiçi dilinden bäri, ýene allamak üçin,
Häzirki iňlisini, öwýän eziz hanyny,
Ömri baýy sežde edýän dinimi, imanyny,
Hemmesini öňümizde aglamjyrap paş eder.
Onuň ýylan bogazyndan çykýan gyryljyk sesi,
Uýdurar ahmal bolsaň, gözlerňizi ýaş eder.
Çalyşyň, şahyr dostum, duýuň ýylan hilesin,
Duýup, ýene rehm etseňiz, bir gün bela duş eder.
Diňe guýrugny çapmak az temmidir ýylana,
Başyny hem owradyň, hiç galmasyn nyşana.
Dörände haýyn döräpdir ýylan jynsy ynsana.
Nakyl bar: «Köne küýki gabra çenli düzelmez».
Nakyl bar: «Köne duşman gabra çenli dost bolmaz».
1959 ý.



Download 4.16 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   47   48   49   50   51   52   53   54   ...   74




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling