221
Şol gözel rowaýat ýadyma düşdi,
Hindi gyzy, seni gören çagymda,
Gözel görküň şol gül bolup ýetişdi
Şahyr ýüregimiň güller bagynda.
Gülleriň şasyndan görk alan gözel,
Dura bilmez seni gören saýraman.
Yşkdan doly gara gözleň ne gözel!
Gözellik älemniň haly sen jenan!
Hindistanda ýyl aýlanýar ýaz bilen,
Hindi gyzy, ömrüň seniň ýaz bolsun.
Hindistanda ýaşaýarlar
saz bilen,
Hindi gyzy, ömrüň seniň saz bolsun.
GÖZLERIMDE SAKLANSYN
(Garyp gyza)
Owadandan owadan gyzlar gördüm dünýäde,
Emma seniň ýüzüň dek nurly ýüzi görmedim.
Owadandan owadan gözler gördüm dünýäde,
Emma seniň gözleriň dek nurly gözi görmedim;
Emma senden hem garyp harly gyzy görmedim.