269
Eýse, öňki adam dälmi ýigit başga
gullukda?
Meniň bu sowalyma hiç
kim jogap
bermesin,
Hiç kimiň adyna men ýazamok bu
sowaly.
Ýöne meniň, bu sözümem hiç
kim gaty
görmesin:
Çyra hemme gapyda deňje ýanmaly ýaly?..
ADAM WE DÖWÜR
Ýadymda, birwagt — uruş ýyllary
Köpelende dünýäň naçar dullary.
Urşa gitmän, yzda galan «mugallym»,
Bir okadýan gyzyn «halan» «mugallym»,
Öýde maşgalasyn dagadan güni
«Maşgala hem Döwdet» hakda lektsiýany
Lakgyldap başlapdyr
klasa gelip,
Diňläp oturanlar dargapdyr gülüp.
«Mollaň diýenin et, edenni etme»,
Diýip, döwrümizde ýaşaryn öýtme.
270
ADAM WE ZÜRÝAT
Zürýadynyň erbetligni isleýän
Ene-ata barmyka bu dünýäde?
Eger bar bolaýsa ony isleýän,
Ene-ata däldir olar dünýäde.
Emma nädersiň sen käte dünýäde
Iň bir oňat ene-atan zürýady
Bolanok olaryň göwnüniň şady.
Tersine, atlarna ysnat getirýär,
Her gün dürli-dürli dawa ýetirýär
Besläp bakan ezizleriň başyna.
Ene-ata eden ýalňyşlaryna
Düşünjek bolýarlar şo kelle döwüp...
Ilki gezek mugallymyda sögüp
Gelende goýbermän suwuna degip,
Gaýta läliklerniň
arkasyn alyp,
Mekdebe bardylar öňlerne salyp.
Boljagy bolupdy ine şo günde,
Indi eňräp otyr olar her günde!
Diýip, ýaňy gutaramda goşgyny,
Biziň ulujamyz depip ganyny,
Girdi-de, habarsyz geçdi haşylap,
Bäşlik alan bolsa aýdardy buşlap,
Diýmek, bir zat bardyr? Bir zat bolandyr?
Ýa bu gün okuwdan birlik alandyr?
271
Ýa-da ýolda ony biri çalandyr?
Ýa-da ol birini ýolda çalandyr?
Garaz nätjek, mende müň sowal döräp,
Birine-de belli tapmadym jogap.
Do'stlaringiz bilan baham: