Gara Seýitliýew Saýlanan eserler


Download 4.16 Kb.
Pdf ko'rish
bet59/74
Sana08.11.2023
Hajmi4.16 Kb.
#1754342
1   ...   55   56   57   58   59   60   61   62   ...   74
Bog'liq
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan

265
ADAM WE BAHAR
Bir ýaş çopan söýgülsine aýdýar:
«Çöle äkitmäge ýürek dözmeýär».
«Men barsam çölüň-de bolar lälezar»
Diýip, gyzyň gözi ýigde garaýar.
Ýar nirede bolsa, şol ýerde bahar!
ADAM WE
ÖMÜR
Ýüz ýylda bir gezek açylýan gül bar,
« Ýüz ýyllyk » diýýärler oňa bagbanlar.
Şol gülüň bir gezek açylşyna zar,
Ýetirýär ömrüni soňa bagbanlar.
Şol gülüň, iň bolman, birini äşgär 
Görüp gitse bolmaýarmy ynsanlar? 
ADAM WE
ÝÜREK
Bu dünýä gelenleň bary ölmeli,
Gynansak-da oňa garşy çäre ýok.
Ýöne adam ýürek ýaly bolmaly,
Ýürek hiç wagt ölüm bardyr öýdenok.
Çyn ýürekden çykan söz-de ölenok.
Çyn ýürekden çykan saz-da ölenok.


266
Ýürekden çykmasa söz-de bolanok.
Ýürekden çykmasa saz-da bolanok.
Ebedi ýaşamak ýürege bagly.
«Ata, neneň?» diýip sorasa ogly,
Ýüz ýaşlam aýdýar: «Göwnüm ýaş meniň».
«Göwnüm» diýýäni-de ýürek türkmeniň.
Bu dünýä gelenleň bary ölmeli,
Gynansak-da oňa garşy çäre ýok.
Ýöne adam ýürek ýaly bolmaly,
Ýürek hiç wagt ölüm bardyr öýdenok.
ADAM WE AR
«Lezzetli günde-de bile bolaly,
Ezýetli günde-de bile bolaly»
Diýip ýazypsyň sen öz wepadarym.
Lezzetli günde biz bile bolsak-da,
Ezýetli günde biz bile bolmaly,
Ezýeti çekeýin sensiz dildarym.
Dünýäniň azabyn çekmeklik, ýarym.
Goý, meniň paýyma ýazylan bolsun.
Dünýäniň azabyn çeken ýüregim
Seniň ýüregiňde dynjyny alsyn. 


267
ADAM WE MERTLIK
Dostum Daňatara
Elmydam ol ýigdiň bary ortada
Onuň duzy, çöregi-de ortada.
Onuň ynsan ýüregi-de ortada.
«Şu gün mydar bolsa, bolar erte-de.
Diýip, orta atardy ol baryny,
Eşitmedik onuň ahy-zaryny,
Hemişe hoşaldy öz döwranyndan,
Döwran hem hoşaldy ― hoşaldy ondan
Bir güni geçmezdi bir sogap etmän.
Hiç kes gaýtmazdy dilegi bitmän
Onuň gapysyndan ölenne çenli,
Ol ölende müňläp eli çemenli
Gelen aýal-erkekleriň içinde
Bir sebet gül alyp geldi bir bende.
Onuň ölenini bende eşdende,
«Bir görüp gaýdaýyn oň didaryny!»
Diýipdir-de, gülleriniň baryny
Tirip getiripdir oň mazaryna.
«Köçämizde uly-kiçiň baryna
Özi kör bolsa-da, kömek ederdi.
Maňa bermeli eken Alla bu berdi...»
Diýip aglaýardy ol gelen bende,



Download 4.16 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   55   56   57   58   59   60   61   62   ...   74




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling