Gara Seýitliýew Saýlanan eserler


Download 4.16 Kb.
Pdf ko'rish
bet68/74
Sana08.11.2023
Hajmi4.16 Kb.
#1754342
1   ...   64   65   66   67   68   69   70   71   ...   74
Bog'liq
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan

296
ADAM WE SAZ
Gürrüň ýürek hakda gitdi arada.
Her kim bilýänini ýürek barada
Gür berdi. Göwün açyp gözel meýlisde.
Bagşylar içinde söze wabesde
Sahy bagşam sazyň sonarlaryndan,
Içinde yşk ody ýanarlaryndan,
Çalýardy meýlisi bezemek bilen.
Sazyň sözlänini sözlemek bilen
Aýtmak kyn bolýar, eşitmek gerek.
Bir ýaşamak — bir ýagşy saz eşitmek.
Saz bilen sazlaşyp tolgunýan ýürek
Bu meýlisde tolgunmady biderek.
Bir kelam eşitdim men ýürek hakda,
Beýle kelam eşitmändim şu çakda.
Dünýäde dörände ilkinji ynsan,
Girmändir gursagna girmeli ýürek.
Ýüreksiz adamdan bolýarmy ynsan?
Dünýäde goý, döremesin biýürek.
Ýüreksiz adamdan eý bolýar haýwan.
«Dar gursakda hiç wagt men ýaşaman»
Diýip, beýik ýürek edipdir tupan.
Hiç bir güýç ýüregi alyp bilmändir.
Täsir edip ýerne salyp bilmändir.


297
Diňe süýji sazyň täsiri bilen
Ýürek adamynyň gursagyna giren.
Azajyk setire bu rowaýaty 
Maňa-da sygdyran sazyň kuwwaty. 
ADAM WE GÖZEL DÄP
Her gün agşam çagy kanala barsaň,
Aşgabadyň aşyklary seýranda.
Sapaly kölleriň sapasyn görseň,
Müň ýaşasam diýýäň şeýle zamanda.
Sümmül saçlaryny başlarna orap,
Suw perisi ýaly ýüzýär gözeller.
Joşar ýüregimiň taryny oýnap,
Gözelleň şanyna täze gazallar.
Gazaldan gözeller gaz boýun gyzlar,
Bakdygyňça aklym başymdan uçýar.
Derýada guranda näz toýy gyzlar.
Tolkunlar agzyndan ak köpük saçýar.
Ak bedene saçalanan düwmeler.
Güle düşen damjalar dek durlanýar.
Günä däldir gözelligi öwmeler.
Öwdügimçe setirlerim zerlenýär.


298
Gözellere gazal ýazmak däbini
Göz aşygy Nepes şahyr söýüpdir.
Gazallary gözel ýazmak däbini
Söz aşygy nepis şahyr goýupdyr.

Download 4.16 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   64   65   66   67   68   69   70   71   ...   74




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling