Gara Seýitliýew Saýlanan eserler
Download 4.16 Kb. Pdf ko'rish
|
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan
ADAM WE DU
ÝGY «Gijäňiz parahat bolsun!» diýdiňiz, Parahat gijesi bolmaz şahyryň. Meniň porhan ýüregimi duýduňyz, Duýmasaňyz, göwni gülmez şahyryň. 282 «Gijäňiz parahat bolsun!» diýeňde, Gizlejek bolduň sen öz tolgunşyňy. Gizlenen duýgyny birden duýaňda, Görsediň sen bu ýüregiň bolşuny. Men ýatmadym seniň yşkyňda joşup, Seniň hyýalyňda daňym atyrdym. Seň-de daň atynça ot alyp bişip, Çeken ahlaryňy diňläp otyrdym. Ikimiziň ýüregmiziň odundan Agşam ýyldyrymlar çakdy asmanda. Hiç wagt bu gije çykmaz ýadyndan, Näçe ömür sürse şahyr jahanda. 283 ADAM WE DÖWÜM NAN Sen körpeje bolsaň-da, körpejämiz, Akmyrat, Dyzjagazňa çökdejik, çöple ýerden çöregi! Men görýän, sen göreňok, bir bak, körpeje bezzat, Sen çöregi owradaňda nädýär eneň ýüregi! Haýyş edýän, ýalbarýan, ýalbaramok, ýazgarýan, Owradyp taşlama sen bugdaýyň ak nanyny. Körpeje bolsaňda sen, senden-de gaty görýän, Har bolar har edenler bugdaýyň ak nanyny. Ozaldan ynsan üçin bir döwüm nandan belent, Bir döwüm nandan mukaddes seždegär ýok dünýäde. Nana — jan, nana — wyždan diýseň-de bolmaz galat, Bir döwüm nandan mukaddes medetkär ýok dünýäde. Körpejäm, bu sözlere ulalaňsoň düşersiň, Şonda sen läliksiräp, nany ýere saçmarsyň. Nany birsarpa tutsalar, meniň ýaly bişersiň, Bir döwüm nan ýatan bolsa, sen galdyrman geçmersiň! Bir döwüm nan! Bir döwüm nan! Bu sözüň maňzyna men Bir döwüm nana zarlara duşanymda düşündim. Päkistanly aç çagalar şindem gitmýär gözümden, »Bir döwüm nan, aga jan!« Diýen sesden üýşendim. 284 Şol açlary göremde, bir döwüm nan gözüme Dünýäň dirilik çyragy Günden-de zor göründi. Şol aç gözler şindi hem bakyp durlar ýüzüme, Şol gözlerde giň dünýä mazardan dar göründi. Oglum, owradyp dökme, taşlama sen ak nany, Hormatla, ýalkymly Günüň ýalkymyndan päk nany, Hormatla, halkyň derinden dörän önen hak nany, Hormatla, dünýäde barja däne ekýän ynsany. »Ýere urdum paltany, agzy gyzyl haltany, Ýerden bir oglan çykdy, uly iliň soltany«. Bar illeriň soltanydyr ak bugdaýyň ak nany, Bu soltana beýik hormat — ynsanyýetiň permany. Ak çörek, gara çörek, mele çörek çörekdir. Hemmesi deň mukaddes, hemmesi deň gerekdir. Hemmesine deň hormat, deň hem sarpa gerekdir, Şu sarpany tutmadygyň ýüregi bet ýürekdir. Söwer oglum, Akmyrat, seniň ýüregiň päkdir, Sen hiç wagt çöregiň owuntygnam dökmersiň. Biziň beýik döwlete çörek gaýgysy ýokdyr, Şonda-da sen hiç mahal nana kemter bakmarsyň. 285 Bir döwüm nan! Bir döwüm nan! Bu sözüň maňzyna men Bir döwüm nana zarlara duşanymda düşündim. Päkistanly aç çagalar şindem gitmýär gözümden, Olaryň ýürek odundan hem ot alyp ýandym. Ozaldan ynsan üçin bir döwüm nandan belent, Bir döwüm nandan mukaddes seždegär ýok dünýäde. Nana — jan, nana — wyždan diýseň-de bolmaz galat, Bir döwüm nandan mukaddes medetkär ýok dünýäde. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling