Gara Seýitliýew Saýlanan eserler


ADAM WE ADAMYŇ GÖZELLIGI


Download 4.16 Kb.
Pdf ko'rish
bet66/74
Sana08.11.2023
Hajmi4.16 Kb.
#1754342
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   ...   74
Bog'liq
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan

290
ADAM WE ADAMYŇ GÖZELLIGI
Ol ýaş enäň özem çagala entek,
Çagaň göwni ýaly onuň göwni päk.
Ogly hem oýnaýar saýrap «janýelek!..»
Özi hem oýnaýar saýrap «janýelek!..»
Oglanjyk perwana, ene kebelek,
Aýlanýarlar bir gulbagyň daşyna.
Gujagna dolanda ogly her gezek,
Göterip täç edýär ene başyna.
Akja oglan akja gollary bilen,
Akja enäň ak boýnuny guçanda,
Alabahar akja gülleri bilen,
Öpýär ene-ogly bagyň içinde.
Baharyň bagşysy bilbil hem oýnap,
Goşýar körpäň gülküsine gülküsin.
Göýä gün hem iň şat ynsany saýlap,
Şol enäň ýüzüne sepýär şöhlesin.
Çaganyň gülküsi, bilbiliň sazy,
Ýaş enäniň ýüregini joşdurýar.
Körpäni güldürýän enäniň näzi,
Şahyr däl ata-da goşgy goşdurýar.


291
Goşgudan, gazaldan örän gözeldi,
Ol enäniň ogla aşyk gözleri.
Goşgudan, gazaldan örän hezildi,
Eýjejik çaganyň delje sözleri.
Dünýäň gözi doýmaýardy olardan,
Her geçen ol çaga gülüp geçýärdi.
Çagaň ýüzi gözeldi gunçalardan,
Enäň özi dünýä ýalkym saçýardy.
Ýüregimde gaýtaladym bu sözi:
Ogul ýaşy uzak bolsun, ak gelin!
Seň öýüňe gelen gelniň-de ýüzi,
Özüň ýaly nurak bolsun, ak gelin!
Çowluklaň-da uruş görmesin gözi,
Dünýäň baky parlak bolsun, ak gelin!


292
ADAM WE ADAM HAKDA AÝDYM
Kanalçy dostumyň güýçli maşyny,
Gum bilen bir golça çykardy ýerden.
Alymlar golçaň-da bilýär ýaşyny,
Golça galan şol onunjy asyrdan.
Onunjy asyryň küýzesi bilen
Susagada dostum Jeýhunyň suwun,
Bir ýeňiş owazly hoş sesi bilen
Diýdi: ― men gutarýan kanaly bu gün!
Soňra ol golçany göterdi göge,
Göterdi-de, çekdi dostum başyna.
Göz gerekdi gahrymany görmäge,
Gül gerekdi dakmaga oň döşüne.
Ylhamly ýürekleň joşmasy üçiň
Gadymda şahyrlar meýlis guranda,
Dürdäne sözleriň çeşmesi üçin
Saky sylap, ýeňiş jamyn berende,
Şol ýeňen şahyryň göterşi ýaly,
Göterdi dost şerbet suwly golçany,
Içip ýeňiş jamyn gutarşy ýaly,
Gutardy dost şerbet suwly golçany,
Garagum ýeňilen bir aždar ýaly,
Ýazylypdy oň aýagnyň astynda.
Destinde bir ülkäň genji bar ýaly,


293
Görüň, ol gülüp dur depäň üstünde!
Bu gün goşa baýram, bu güp goşa ýaz,
Goşa baýram bilen gutlaň dostumy!
Ýürekden bagş edip oňa goşa saz,
Göterýän saglygna söýgi tostumy!
Ýigriminji asryň altyn golçasyn
Alkyş şerabyndan ýagşy dolduryp,
Aşgabadyň bar baglarnyň gunçasyn
Bagş edýärin, minnetdarlyk bildirip.
Jeýhuny getiren Jeýhun ýürekli,
Garagumy ýeňen gahryman, dostum,
Çykyp seň öňüňden duzly, çörekli,
Goşgy bilen guçýan jana-jan, dostum!
Adyň aýdym bolar, mähriban dostum!

Download 4.16 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   ...   74




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling