Gara Seýitliýew Saýlanan eserler
Download 4.16 Kb. Pdf ko'rish
|
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan
- Bu sahifa navigatsiya:
- ADAM WE NADAN
286
ADAM WE WYSAL Aşyklaryň pasly — bahar gelende, Bahar güllerini ýygar, Aýperi. Aý asmana galyp howalananda, Meniň aýym bolup dogar, Aýperi. Aýyň alkymynda aýymy toplap, Aýdymny aýdamda aýdymdan saýlap, Bir gulaç saçlarny boýnuma aýlap, Müň dürli näz bilen bogar, Aýperi. Diýmejekdim, ýene diýdimözüme: «Men seni bermenem dünýäň ýazyna. Alla-da yşk etse ynsan gyzyna. Sen diýip aglardy, meger, Aýperi.» Eşit indi eşdilmedik dessany, Iki bolar iki gözüň gurbany, Biri adam awlar, biri Allany, Apatdyr gözleriň söwer, Aýperi. 287 ADAM WE HIJRAN Öýme ýaglyk bilen orap başyňy, Wadaly wagtda çykdyň, Aýperi. Ürkek maral ýaly garap daşyňy Şahyryň ýüregni ýakdyň, Aýperi. Ak maralym düşünmedim näziňe, Gorka-gorka bakyşlaryň näzmidi? Bu sowaly özüň berseň özüňe, Öňki-öňki ýakyşlaryň azmydy? Bagtly gijede görlen düýş ýaly, Göründiň-de, gözden uçduň-da gitdiň, Bagt açylyp, bagt gelen mahaly, Özüň öz bagtyňdan gaçdyň-da gitdiň. Gitdiň ýene wada berip şahyra, Wadada wepaly maral, Aýperi. Ýüregiň oduny urup şahyra, Uçduň hyýal ýaly maral, Aýperi. Göýä gara bulda batan aý ýaly, Garaňkyda gaýyp bolduň gözümden. Başlanman matama batan toý ýaly, Hijranyň bir ýygyrt atdy ýüzümden. 288 Durlanan aý ýaly durkaň ýalbyrap, Didaryňdan doýmadym men, doýmadym. Uzak gije seniň yşkyňda saýrap, Daň atanny duýmadym men, duýmadym. Ak maralym, ak gollaryň ataşy Asla-asla aýrylmaýar elimden. Heý, şeýle-de ýakmak bormy ýoldaşy, Senden başga söz çykmaýar dilimden... ADAM WE NADAN Geň! Elbetde, geň! Emma bu bir hakykat. Hemmä belli hakykat. Birnäçe ýyl mundan öň Ýüregi buzdan-da doň, Daşy jäjek, içi möjek Başga bahana tapman Galstukly bir nadan Gyz dogurýaň diýdi-de, kowdy öz dildaryny. 289 Bar Aşgabat eşitdi ol enäniň zaryny. Gumry-guşuň ynjanda balalarnyň baryny Elýetmez bir pudaga alyp çykyşy ýaly, Balalarny bagryna basyp çykdy aýaly. Çykdy ynjan öýünden, Ol gün nämeler geçen kowlan gelniň küýünden. Bir onuň özi bilýär, bir-de onuň ýüregi, Gaý gününde gumry gelniň göwresiniň diregi, Gözleriniň guwanjy — gözel gyzlary boldy. Iki gyz bir enäni howpuň elinden aldy. Şahyr dostum, bir görsediň sen ol şemşat gyzlary, Şol şemşatlaň biriniň oýnap duran gözleri Oýna gelen enesiniň gözlerine gülüp dur. Mert enäniň tarypyna eşdilmedik sözleri Tap-tap diýip, şahyr göwnüň ganatyna galyp dur. Il guwanjy — iki gyzyň enesi merdan gelin, Ýaşaýan döwrümiziň adyndan alkyş saňa! Galstukly ol nadanyň baky lal etdiň dilin, Şonuň üçin barymyzyň adyndan alkyş saňa! |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling