Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet103/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   99   100   101   102   103   104   105   106   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

“Nejep oglan” dessany
 
“Nejep oglan” yşky-durmuşy dessandyr. Onuň haçan dörändigi hakynda 
anyk maglumat ýok.Ýöne alymlaryň käbiriniň çaklamagyna görä, dessan X1V-
XV asyrlarda Töwriz şäheri Garagoýunlylaryň hem Akgoýunlylaryň paýtagty 
bolan döwründe döräpdir. 
Dessan bagşylaryň üsti bilen “Aşyk Elbent” ady bilen Azerbaýjana hem 
Özbegistana ýaýrapdyr.Türkmenleriň arasynda-da bagşy nusgalarynyň birnäçesi 
bar. Olarda sýužetleriň birmeňzeşräk bolmagyna garamazdan, her birinde dürli 
häsiýetdäki tapawudy görmek bolýar.”Nejep oglan” dessanynyň bize belli bolan 
bagşy nusgalarynyň arasynda möçber taýdan has ulusy, ideýa-ceperçilik taýdan 
has kämili Mämmedanna Sopyýewden ýazylyp alnan nusgadyr. Onuň toýda-
tomaşada iň köp aýdýany “Nejep oglan” dessany ekeni. 
Türkmen halky bagşy-sazanda mydama uly hormat goýupdyr. Halk 
arasyna giň ýaýran “Nejep oglan” dessanynda bagşy-sazanda diýen belent ada 
eýe bolmak üçin geçilen çylşyrymly ýol beýan edilýär. Dessanda ýaýbaňlanýan 
wakalaryň ählisi bagşylaryň durmuşy bilen baglanyşdyrylýar. Dessanyň 
ilkibaşyndan bagşy sözüne aýratyn ähmiýet berlip başlanýar. 
Gadym zamanlarda türkmen söwdagärleri kawkaz halklary bilen, aýratyn-
da azerbaýjanlar bilen has ýakyn söwda aragatnaşygyny edipdirler. Bu hakda 
“Nejep oglan”dessanynda:”Gadym eýýamda Ýemen ilinde (Mämmedannanyň 
bagşy nusgasynda “Ýemen ili”, Nury bagşy bilen Öre Käbäýewiňkide 
“Harazmin welaýaty”, Artyk bagşynyňkyda “Müsür ýurdy“ diýlip görkezilýär) 
Soltanesen diýen patyşa bar erdi. Onuň ýurduna Genje-Garabag diýen ýurtdan 
bir hatar kerwen gelýär. Kerwenler aljagyny alýar, satjagyny satýar. Ýurtlaryna 
gaýdarman bolup durkalar: “Patyşadan birugsat gaýtmalyň, rugsatly gaýdalyň” 
diýşip maslahat edýärler. 


171 
Patyşa olara rugsat berýär. Emma täjirler: “Bizde baran myhmany saz 
bilen, söhbet bilen atarýarlar, biz sizde ony görmedik” diýýärler. Patyşa Elbent 
diýen bagşysyny çagyrýar. Ol täjirlere aýdym aýdyp berýär.Elbent bagşy 
düýşünde Sona gelne aşyk bolşyny hem aýdym bilen beýan edýär. 
Sona gelin Genji-Garabagda patyşanyň weziriniň dul galan aýaly eken. 
Elbent bagşy kerwen bilen goşulyşyp şol ýerik ugraýar. Ol Genji-Garabaga 
baransoň, garry kempiriň kömegi bilen Sona gelni razy edip, ony ýedi aýlyk 
Nejep diýen oguljygy bilen öz ýurduna alyp gaýdýar. Nejep ýedi ýaşanda 
atalygy Elbent bilen sözi azaşýar. Onsoň, ol ýedi ýyllap Aşyk Aýdyň piriňkide 
bolup aýdym-saz öwrenip gelýär-de, Elbent bagşy bilen aýdym-sazda bäsleşip 
ýeňýär we Soltaneseniň baş bagşysy bolýar. 
Türkmen halky aýdym-sazyň gadyryny bilýär. Munuň şeýledigini 
dessanyň ençeme ýerinde görmek bolýar. Elbent bagşy Sona gelniň yzyndan 
gidende, ýolda bir öýe myhman bolmakçy bolýar. Öýdäki oturanlar:”Arkasynda 
dutary bolsa, märeke görüp ýören ýigitdir. Atyny tut, içeri girsin, çilim ber, çaý 
içsin” diýýärler. 
Elbendiň myhmançylyga baran öýünde bagşy barada gürrüň edilýär. 
Haçan-da, Elbent bagşy Genje-Garabagdaky weziriň dul galan aýaly Sonanyň 
owadanlygyny wasp edip aýdym aýdanda, muňa öýde oturan ýaş ýigitler aňka-
taňka bolşup geň galýarlar. Sebäbi şol ýigitler hem Sona gelne aşyk ekenler. 
Bagşy diňe bir aýdym aýdýan, edebi däbi saklaýan adam däl-de, eýsem, 
ol hemme taraplaýyn aň-düşünjeli, durmuşyň dürli meselesine jogap berip 
bilýän adam hasaplanylýar. Halkyň bagşa bolan garaýşy derňelýän şu dessanda 
şeýle ýagdaýy synlamak bolýar. 
Türkmen bagşylarynda ýaş nesle tälim bermek,öz sungatyny öwretmek, 
şägirt ýetişdirmek däp bolupdyr. Şu däp :Nejep oglan” dessanynda-da 
şöhlelendirilýär. Bu eserde tälim alyş meselesi- esasy meseleleriň biri 
hökmünde gozgalýar. 
Dessanda beýan edililişine görä, Aşyk Aýdyň pir köp şägirtleri ýetişdiren 
halypa bolupdyr. Eserde Elbendiň, Nowruzyň, Nejebiň hem bu beýik halypanyň 
şägirdi bolup, onuň berk synagyndan geçendigi görünýär. 
Bagşylar sungatyň köp taraply hyzmatyny ýerine ýetirýär. Irki döwürde, 
biziň häzirki günlerimizdäki ýaly, sungatyň dürli pudagy bolmandyr. Her bir 
bagşy dürli hünäri (bagşy, artist, şahyr, kompozitor) ýerine ýetiripdir. 
Dessanyň gahrymanlaryndan Aşyk Aýdyň pir,Elbent,Nejep, Nowruz dagy diňe 
bir bagşy bolman, eýsem şahyr hökmünde-de tanalýarlar. Aşyk Aýdyň pir 
Nejebi synagdan geçirende, ilkinji nobatda onuň ýatdan döretmek ukybyny göz 
öňünde tutýar. Nowruzam Nejebiň kämilligini synanda, şahyrçylyk ukybyna 
göz ýetirensoň, pata berýär. 
Bagşylaryň çeperçilik ussatlygyny ýüze çykarmakda özara bäsleşik, 
aýdyşyk meselesi uly rol oýnaýar. Dessanda aýdyşyk bagşynyň öz ussadynyň 
öňünde synagdan geçmegidir. Aşyk Aýdyň pir şägirdi Nejebe dürli 


172 
mazmundaky tapmaçalaryň üsti bilen sowal berýär. Nejep hem sowala pert-pert 
jogap gaýtarýar. Tapmaçaly sowal-jogaplar beýleki bagşylaryň arasynda-da 
guralypdyr. 
Dessanda ussat bagşylaryň öz şägirtlerine diňe aýdym-saz öwretmek bilen 
çäklenmän, olara ahlak terbiýesini-de berendigi aýan edilýär. Aşyk Aýdyň pir 
Nejebe pata bermezden ozal, oňa nesihat bilen ýüzlenýär: 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   99   100   101   102   103   104   105   106   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling