Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet99/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   95   96   97   98   99   100   101   102   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

“Uzuk gyz”(“Uz peri”) 
Bölümdäki waka Uzboýuň (Sarygamyşdan Hazar deňzine çenli uzalyp 
gidýän köne derýanyň akan ýeri) kenarynda hem-de Diýarbekir şäherinde bolup 
geçýär.Atsyz soltan Uzboýuň kenaryndaky il-ulusa soltanlyk edýär. Onuň Uzuk 
diýen gyzy bolan. Uzuk kemala gelensoň, Atly soltan Uzboýuň kenarynda 
soltanlyk eden ýerlerini gyzyna bagyşlaýar-da, özi başga şäherde köşk gurduryp 
ýaşaberýär. 
Uzuk Uzboýuň kenaryndaky köşgünde bolýar. Günlerde bir güň Uzuk gyz 
erkek lybasyna girip, özüniň kyrk kenizi bilen awa-şikara çykýar. Aw awlap 
ýörkä,Garyba gabat gelýär. Uzuk gyz Garyby tanamaýar. Garyp nama aýdyp: 
“Men aşyk, adyma hem Garyp diýýärler. Sasenem atly bir gyz meniň ýarymdyr. 
Oňa beren wadam ýene ýedi günden dolýar. Şondan bärde barmasam, Şawelet 
Şasenemi alýar” diýýär. 
Uzuk gyz adamlary ýygnap, Garyba saz çaldyrýar, dessan aýtdyrýar. Ol 
şondan soň Garyby ýola salýar. 
Dessanyň şu nusgasynyň ýedi bölümindäki wakalara esasy 
gahrymanlardan Garyp, Şasenem, Akja, Şaapbas dagy gatnaşýar. Şeýlelikde, 
bölümler mazmun taýdan özara birleşýär we bitewi bir uly dessany emele 
getirýär. 
“Şasenem – Garyp” dessanynda obrazlar 
ulgamy 
Dessanyň many-mazmun ugry hereket edýän esasy gahrymanlaryň üsti 
bilen kesgitlenilýär. Eserde gahrymanlar iki topara bölünýär. Bir tarapdan
Garyp we Şasenem, Hasan wezir we onuň aýaly Abadan, Gülnahal (Akja), 
Ezberhoja we olara ýakyn adamlar hereket edýärler. Ikinji tarapdan, Şaapbas we 
onuň hyzmatkärleri hereket edýärler. 
Dessanyň baş gahrymanlarynyň biri Garypdyr.Ol salyhatly, 
mylaýym, öz söýgülisine berlen adam. Maşgalasyny söýýär we onuň 
mertebesini hemişe belent tutýar. 
Garyp ugurtapyjy, bir sözli. Onuň obrazynda ýokary ahlak sypatlary 
jemlenilipdir. Onda ýönekeý türkmen ýigidiniň häsiýeti görünýär. Garyp zalym 
Şaapbasyň berýän jebir-sütemini egni bilen çekmeli bolýar. Şaapbas ata-baba 
däbini unudyp, Garyby adagly gyzyna öýlenmekden mahrum edýär. 
Garyp zähmetsöýer adam. Ol ejesi we aýal dogany bilen şäherden çykyp, 
başga bir ýere baran gününden zähmet bilen meşgullanýar, Ilkibaşda alty 
ýyllap çopançylyk edýär. Söýgi hyjuwy ony bu kärden aýyrýar.Soň-soňlar ol 


160 
çem gelen işde işleýär. Bir görseň bagbanyň kömekçisi, bir görseňem 
degirmençiniň,atbakaryň kömekçisi. Garyp hiç wagt baýlyga, häkimlige 
kowalaşmaýar. Ol çyn aşyk, diňe söýgülisi Şaseneme gowuşmadyň arzuwynda 
bolup gezýär. 
Hasan wezir-Garybyň atasy. Ol dogruçyl hem hakykatçy adam. Muňa 
Hasan weziriň öz maşgalasyna, ylaýta-da ogluna bolan garaýşy şaýatlyk edýär
Ölüminiň öňüsyrasynda, ol ogluny ýanyna çagyryp: “Eý, oglum, men bu 
dünýäden gidýärin.”Atam meni öýlendirmedi” diýip, menden närazy bolmagyl. 
Seni patyşamyzyň gyzyna adaglap, ondan ähtnama alandyryn. Men ölsem-de, 
patyşa saňa gyzyny berer, özüne giýew hem wezir ediner. Sen hiç gam 
çekmegil”-diýýär. 
Diýmek, Şaapbasyň weziri Hasan ölmezinden öň, oglunyň geljekki 
ykbaly barada aladalanypdyr. Şeýle atalyk alada ýönekeý adam üçin mahsus 
zatdyr. 
Saapbasyň hut öz gyzy Şaseneme bolan garaýşyny göz öňüne getirsek, 
onda düýbünden başgaça ýagdaýy görýäris. Sasenem köp ýyllap söýgüniň 
hasratyny çekýär. Emma muňa Şaapbasyň birjik-de rehimi inmeýär. 
Şasenemiň obrazynda türkmen gyzlaryna mahsus bolan durnuklylyk, 
sypaýylyk, wepadarlyk, geljege umytlylyk ýaly sypatlar bar. Ol iň agyr 
ýagdaýlardanam baş alyp çykýar. Onuň obrazynda şeýle häsiýetleriň 
bolmagynyň terbiýeçilik ähmiýeti uly. 
Şasenem hemmetarapdan Garyba mynasyp. Garyba bolan söýgüsi ony 
ruhlandyrýar. Öz söýgülisine degişli meselelerde, ol gorkman, batyrgaýlyk 
bilen çykyş edýär. Hatda, atasynyň gazaby-da ony gorkuzyp bilmeýär. Ol 
Garyby birnäçe gezek öz köşgünde gizläp, ony ölümden halas edýär. Öz 
ykbalyny özi çözýär. 
Şasenem Garybyň hatyrasy üçin öz janyny we namysyny howp astynda-da 
goýýar. Ol köşgüni taşlap, Garyp bilen daglara, çöllere gidýär. Şasenemiň 
adamkärçilikli aragatnaşygy beýleki adamlar bilenem şeýle. 
Ýöne welin Şasenem patyşanyň gyzy bolsa-da, erksiz hem kemsidilen ejiz 
maşgaladyr. Ata-enesi oňa hukuksyz adam ýaly garaýar. Atasy oňa owadan 
köşk salyp berýär. Emma köşkde Garyby-da, beýleki adamlary-da kabul etmek 
Şaseneme gadagan edilýär. 
Dogry, kämahal Şasenemde ýaýdaňjaňlyk, gowşaklyk ýaly häsiýetlerem 
görünýär. Şasenem goşun serkerdesi Şawelete zorluk bilen durmuşa çykaryljak 
bolnanda, onuň garşylygy örän gowşak gelýär. 
Dessanda Gülnahalyň (Akjanyň) obrazy-da özüne çekijidir. Gülnahal 
hökümdar toparlar tarapyndan ata-enesinden,söýgülisinden aýra salnan, zor 
bilen haremhanalara getirilen gelin-gyzlaryň biridir. Şeýle gelin-gyzlaryň 
täleýini görkezýän obrazdyr. Ol Ezberhojany söýýär. Gülnahalda söýgä,dosta 
wepadarlyk, tutanýerlilik, salyhatlylyk, batyrgaýlyk, ugurtapyjylyk ýaly gowy 
gylyk-häsiýetler bar. 


161 
“Şasenem-Garypda” Garybyň ejesi Abadanyň obrazynyň üsti bilen şa 
zulmuna sezewar bolan,kemsidilen aýallaryň keç ykbaly görkezilýär. Dessanda 
Babanyýaz harazmanyň, Garybyň eneligi bolan kempir, goja bagban, çopan-
çoluklar we başgalar halk wekilleri hökmünde suratlandyrylýar. Olar aşyk-
magşuklara duýgudaşlyk bildirýärler. Emma Ezberhojanyň obrazynda welin şol 
döwrüň söwdagärlerine mahsus bolan položitel hem otrisatel sypatlar beýan 
edilýär. 
Şaapbas we onuň hyzmatkärleri özleriniň wagtyny şady-horramlyk, aw 
awlamak bilen geçirýärler. Il-halk hakynda hiç hili alada etmeýärler. Olaryň 
arasynda esasy orny Şaapbasyň özi eýeleýär. Onda gylyk-häsiýetleriň ähli 
otrisatel taraplary jemlenilýär. Ol haka, nähaka bakman, diňe özüniň 
peýdasyny, keýp-sapasyny, şan-şöhratyny bilýän, ähdiýalan,zalym şalaryň 
wekili. 
Şaapbasyň häsiýeti gowşak. Hereketinde hiç hili özbaşdaklyk ýok. Onuň 
ýönekeý meseleleri-de özbaşdak çözmäge ukyby bolmaýr.Şaapbas özüniň däl-
de, başgalaryň pikiri bilen hereket edýär. 
Şaapbas sözünden, ähtinden dänmegi hiç zatça görmeýär. Muny dessanyň 
başynda has-da aýdyň görmek bolýar. Onuň: “Şalara gedaýlar bilen garyndaş 
bolmak bolmaz” diýip, aýdan sözi öz weziri bilen eden ähtini bozmagyna, öňki 
dostlugyny ýatdan çykarmagyna sebäp bolýar. Ol ýaramaz häsiýetli Taýmazyň 
teklibi bilen Ezberhojanyň aýaly Gülnahaly(Akjany) ogurlamak ýaly bet işe 
gatnaşýar. Emma Akjanyň erkini özüne tabyn edip bilmeýär. 
Şaapbasyň bozuk pällidigini subut edýan ýene-de bir mysala ýüzlenip 
göreliň. Günlerde bir gün aw awlap ýörkä, ol halys ýadap, Mansur baýyň 
howzunyň başynda saklanýar. Sol ýerde Mansur baýyň gyzyna birden gözi 
düşüp, oňa aşyk bolýar. Şeýle hem Şaapbas başga bir wagt aw-şikarda gezip 
ýörkä, bir daglyk ýerde öz gyzy Şaseneme gözi düşýär we onuň görk-görmegine 
haýran galyp, özünden gidip ýykylýar. 
Dessanda Şawelediň obrazynyň üsti bilen ýaraňjanlyk ýaly ýaramaz 
gylyk-häsiýetler paş edilýär. Ol ýaraňjanlyk bilen wezipä, ýokary derejä 
ymtylýan adamlaryň hilinden. Onuň ähli hereketi “Zöhre-Tahyr” dessanyndaky 
Garaçomaga çalymdaş. 
Dessanda Babahan şatyryň ikiýüzlülik, kezzaplyk, aldawçylyk, 
ahlaksyzlyk, hilegärlik ýaly sypatlary görkezilýär. Onuň obrazynyň üsti bilen 
ýaramaz gylyk- häsiýetli adamlar paş edilýär. 
Dessanda ertekiçilik däpleri oňat duýulýar. Şunuň bilen birlikde, eserde 
gahrymanlaryň obrazlarynyň birülňülik (standart) häsiýetde berlendigini-de 
bellemegimiz gerek. 
Ýöne welin dessanda gahrymanlaryň obrazlarynyň üsti bilen wakalar 
köplenç dogruçyl görkezilýär. Bu bolsa dessanyň halkylyk, millilik gymmatyny 
artdyrýar. 


162 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   95   96   97   98   99   100   101   102   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling