Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet98/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   94   95   96   97   98   99   100   101   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

“Baýsenem – Garyp” 
Dessanyň şu nusgasynyň “Baýsenem-Garyp” bölümindäki waka-da 
Halapşirwanda bolýar.Garyp, kempir bilen maslahatlaşyp Babanyýaz harazçyda 
talaban durýar. Gündizine harazda işleýär, gijesine Babanyýaz harazçynyň 
öýünde bolýar.Ol öňküsi ýaly, kellesine garyn geýip, ýüzüne gara-gura çalyp, 
gizlenip ýaşaýar. 
Şäherde ýaşaýan Gully diýen adam Babanyýaz harazçy bilen dostdy. Bir 
gün Gully aýaly Jahan, gyzy Baýsenem dagy bilen Babanyýaz harazçylara 
gezmäge gelýär. Gully, haçan-da,öýüne gaýtjak bolanda, gyzy Baýsenem: 
“Gumry enemiň ýanynda boljak” diýip, Babanyýaz harazçylarda galýar. 
Garyp harazdan gelensoň, kellesindäki garny sypyryp, gara-guralary-da 
ýuwup aýyrýar-da, otagyna girip oturýar. Ol dynç alyp otyrka, oňa birdenkä 
Baýsenemiň gözi düşýär-de, özünden gidip ýykylýar. 
Şu wakadan soň, Garyp Babanyýaz harazçynyň öýünden gitmeli bolýar. 
 
“Handan gyz” 
 
Bölümdäki waka Maňgyşlakda (türkmenleriň gadymyýetde Gazagystanda 
ýaşan ýeri.) başlanyp, Halapşirwanda hem gutarýar. Maňgyşlykda Oraş atly 
garyp adamyň Handan diýen owadan gyzy bolan. Oraş Gozgan baýa talaban 
durýar. Gozgan baý özüniň Çoran atly kemakyl ogluna Handan gyzy alyp 
bermekçi bolýar. 
Handan gyz göwnemeýär we hile guramaly bolýar. Ol Gozgan baýlara: 
“Men razy, ýöne toýa taýýarlyk üçin kyrk gün puryja beriň” diýip aýtdyrýar. 
Şondan soň Oraş garybyň maşgalasy özara maslahat geçirýär. Maslahatda 
Handan gyz kakasyna, ejesine: “Siz Balkan dagyna tarap gidersiňiz . Men 
bolsam, Halapşirwana tarap giderin. Eger Gozgan baý biziň gaçanymyzy bilip, 
siziň yzyňyzdan ýetse, meni tapmasyn. Siz oňa –gyzymyz biri bilen gaçypdyr – 
diýip aýdarsyňyz” diýýär. 
Handan gyzyň bu aýdanyna kakasy, ejesi razy bolýar.Şeýlelikde, bir gije 
hiç kime duýdurman, gara öýlerini durşy bilen goýup, Oraş maşgalasy bilen 
Balkan dagyna tarap, Handan gyzyň ýeke özi erkek lybasynda Halapşirwana 
tarap gaçýar. Ol şol ýerde Şasenemiň gözlegine çykýar. 


159 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   94   95   96   97   98   99   100   101   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling