Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet97/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   93   94   95   96   97   98   99   100   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

“Aýsenem – Garyp” 
Bölümde waka Şamahşirwan (Gadymy şäher ady. Diýarbekirden 25 
kilometr gaýrada) şäherinde bolup geçýär. Garyp Diýarbekiriň (Akdepe 
etrabyndan 82 kilometr günbatar aşak gapdaldaky şäher we oňa tabynlykdaky 
ýerlere Diýarbekir ýurdy diýilýär) patyşasy Şaapbasyň yzarlamagyndan gaçyp, 
Şamahşirwan şäherine ugraýar. Ýolda ol Şamahşirwanyň il-ulusynyň soltany 
Äraly hana sataşýar. Äraly han Garyby özüniň “Älem” bagyndaky köşgünde 
ýerleşdirýär. 
Äraly hanyň birnäçe gyzy bolan. Aýsenem peri gyzlarynyň iň kiçisi.
Äraly han körpe gyzy üçin “Älem” bagynyň ýanynda “Gülşen” bagyny-da 
emele getirýär. Aýsenem peri 40 kenizi bilen şol köşkde ýaşaberýär. 
Aýsenem peri Garyba aşyk bolýar. Emma Garyp göwnemeýär. Äraly han 
soňra Köneürgençde köşk gurdurup, şol ýerde ýaşaýar. 
“Helalaý – Garyp” 
Bölümde waka Yzmykşir (Görogly etrabynyň günbatarynda ýerleşýär) 
şäherinde bolup geçýär.Garyp Şaapbasyň zulmundan gaçyp, Bagdat ýurduna 
(Yzmykşir we onuň tabynlygyndaky şäherler hem obalar) barýar. Ýurduň 
Yzmykşir diýen patyşasy bolupdyr. Onuň Helalaý peri diýen gyzy bar ekeni.Ol 
Garyby söýýär. Emma Garyp garşy bolýar.Diýeni bolmany üçin, Helalaý peri 
Garyby zyndana saldyrýar. Oňa her hili jezalar berilýär. Emma şonda-da, Garyp 
lebzinden dänmeýär we Helalaý periniň aýdanyna boýun bolmaýar. 
“Aýperi” 
 
Waka Halapşirwan şäherinde(Was sebitindäki Diýarbekir şäherinden 25 
kilometr gaýrada) bolup geçýär. Dessanyň bu bölüminde beýan edilişine görä, 
garyp Şaapbasyň yzarlamasyndan gaçyp, Diýarbekir hem-de Şawezir(Gadymy 
şäher Diýarbekirden 57 kilometr günortada. Häzir bu ýer Şasenem galasy 
diýilip atlandyrylýar) şäherlerini terk edýär we Halapşirwan şäherine barýar. 
Atly diýen han Halapşirwanyň soltanydy. Onuň gyzyna Aýperi diýýärdiler. 
Garyp Halapşirwana gizlinlikde gelýar. Gijesine haýatlaryň düýbünde 
ýatyp-turup, gündizine şäherde ýüzi nikaply gezýär. Ol Atly soltanyň “Seýil” 
diýen bagyna barýar. Aýperi şol ýerde Garyby görýär we onuň bilen 
gürrüňleşýär. Olar gürrüňleşip durkalar, şemal turup, Garybyň ýüzündäki 
nikabyň bir tarapyny göterýär. Aýperi we onuň 40 kenizi Garybyň ýüzüni 
görüp, beýhuş bolup ýykylýar. 


158 
Garyp ol ýerden gaçyp, şäherde bir kempiriň öýünde bolýar. Kempir Atly 
soltanyň gözleginden goramak üçin Garybyň egnine sylha, başyna garyn 
geýdirýär, ýüzüne-de gara-gura çalýar. 
Şondan soň Garyby şäherde gördüm-bildim diýen bolmaýar. 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   93   94   95   96   97   98   99   100   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling