Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet23/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   19   20   21   22   23   24   25   26   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Jigim jan-a ýaşynda, 
Ýaşyl tahýa başynda. 
Gümmürdeşer ak öýi, 
Agalarynyň duşunda. 
Hüwdüläýin jigimi, 
Hüwwä, jigim, hüwwä-hüw. 
Ýakymly aýdylýan hüwdüniň we sallançagyň yrgyldysynyň täsiri astynda 
çaga rahatlanýar we uka gidýär. 
Mamasy, enesi agtygyny hüwdülände özleriniň çowluk-ýuwluklaryna-da 
ýetmeklerini arzuw edýärler: 
Allaý, oglum, ataýyn, 


34 
Ogluň oglna ýeteýin. 
Sen gül bolup ýetişseň, 
Men saýaňda ýataýyn. 
Hüwdi, balam, huwwa-huw, 
Hüwdülesin enesi. 
Çaganyň ejesiniň hüwdüsinde hem özboluşlylyk duýulýar: 
Allaý-allaý, janym sen, 
 
 
 
Köýnek biçsem, ýanym sen, 
 
 
 
Toýda tumar bagym sen, 
 
 
 
Günde gülüstanym sen. 
Hüwdüleriň ikinji topary çaganyň ýaş aýratynlygy bilen 
baglanyşyklydyr. Bu topardaky hüwdi bentleri çagany güýmemek maksady 
bilen aýdylýar. Hüwdi bentleri çagalaryň dürli hereketinde, dil açyp ugran, 
durak-durak wagtynda, ele alnyp, hopba edilip göterilýän döwründe 
aýdylýar.Bentlerde köplenç çagalarda päklige, arassalyga, zähmete bolan 
meýilleri ösdürmek bilen baglanyşykly arzuwlar edilýär. Halk arasynda 
hüwdüleriň bu toparyna çaga söýgüsi hem diýilýär: 
Dagdan dişli daragym, 
Arkadagym, geregim. 
Şu balamy söýmesem, 
Çatlap barýar ýüregim. 
Hüwdüleriň mazmunyndan olaryň gyza ýa-da oglana degişlidigi derrew 
aýan bolýar. Oglanlaryň edermen, batyr, mergen, gerçek ýigit bolup ýetişmegi 
arzuw edilýär. Gyzlaryň eliniň işli, çeper, bagtly bolmagy islenilýär: 
Meniň jigim gül ýaly, 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   19   20   21   22   23   24   25   26   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling