Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet51/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   47   48   49   50   51   52   53   54   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Kiçisi ulalmaz, 
Ulusy kiçelmez. 
(Daş). 
Bu matallarda halkyň maddy we ruhy ýaşaýşynyň dürli tarapy 
görkezilýär. 
Matallar halk döredijiliginiň gadymy žanrlarynyň biri: 
Garry mama sanajyny kakýar. 
(Gögüň gürlemegi).
Bu matal has irki döwürde, gadymy düşünjä uýlup döredilipdir.Yslam 
dininden ozal, otparazlyk döwründe asmana, ýere, oda ýalňyz hossar hökmün de 
garalypdyr.Ýagny, garry mama – hudaý ýerde bolýan ýaramaz hadysalara, 
agzalalyklara gaharlanyp sanajyny (palasyny) kakýar diýlen düşünjä eýerilipdir.
Matallaryň birnäçesi döwrüň üýtgemegi bilen ýitip gidipdir. Zamana 
laýyklykda ykdysady, ýaşaýyş şertlere uýgunlaşan täze matallar döräpdir: 
“Boldy-gitdi gümmürdi, uly ile habar berdi”(radio),”Jany aýakda, köňli elde, 
kuwwaty howada”. (welosiped). 
Emma döwrüň täsir edip bilmeýän, durnukly matallaram bar. Olar esasan 
ynsanyň beden agzalary, tebigy hadysalardyr: 
“Gel diýsem gelmez, gelme diýsem geler”(dodak),”Kyrk gysyrak bir 
çeşmeden suw içer” (kirpik),”Mundan urdum gylyjy, arapda şaňlar 
ujy”(ýyldyrym),” “Agyl doly akja guzy, ertir tursam ýokja guzy”(ýyldyz),” 
‘Oýup aldym, ýeri ýok”(suw).Bu matallar synlamak arkaly döredilipdir. 
Alym G.Gurbanow matallary şu aşakdaky ýaly görnüşlere bölüpdir: 
1. Predmet matallary (ýa-da obýekt hakyndaky matallar). Olar 
matallaryň gadymy hem giň ýaýran görnüşidir.Predmet mataly halkyň 
zähmet tejribesi bilen tanyşdyrýar.Eger ol esasy bir obýekti 
alsa,ýönekeý matala degişli bolýar: 
Uly agzy bikär, 
Kiçi agzy hyzmatkär
Egrisi el oýkar 
(Kündük). 
Eger matal köp obýekti öz içine alsa, çylşyrymly matal hasaplanylýar:
Atasy aýry gara, 
Enesi ýumry gara, 
Gyzy gyzyl injik, 


70 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   47   48   49   50   51   52   53   54   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling