Hojamyrat Goçmyradow


Watan, il-gün baradaky nakyllar


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet56/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Watan, il-gün baradaky nakyllar. Bu meselede-de nakyllar az 
döredilmändir: “Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn”, “Ýaryndan 
aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä” we ş.m. 


75 
Halka hyzmat etmek, ulyny-kiçini hormatlamak hakyndaky nakyllar
“Dek gezen-dok gezer”, “Ýatan ýylanyň guýrugyny basma” we ş.m. 
Dost-ýar, ýoldaşlyga degişli nakyllar: “Hasaply dost uzak gider”, 
“Dost-dost, mamla rast” we ş.m. 
Adamkärçilik mertebesi hakyndaky nakyllar: “Ýigit sözi bir gerek”, 
“Ýagşy ýigit il aýbyn açmaz”, “Göwni açygyň-ýoly açyk”, “Akylly öwrener-
akmak öwreder” we ş.m. 
Maşgala degişli nakyllar; “Her kimiňki gözüne aý görner”, “Ýüpegi 
saklap bilmez ýüň eder, aýaly saklap bilmez güň eder” we ş.m 
Ata-ene, çaga hakyndaky nakyllar: “Ata-enäniň bahasy bolmaz, kümüş-
gyzylyň könesi”, “Birim bar-müňüm bar”, “Bal süýji, baldan bala süýji” we 
ş.m. 
Ýerlikli sözlemek, dogry söz hakyndaky nakyllar: “Biseresap gepleseň, 
dildir başyň belasy”, “Dil bela-diş gala” we ş.m. 
Ylym-bilim, goňşy-golam hakyndaky nakyllar: “Bir okana bar, bir-de 
dokana”, “Hünärli ýigit, miweli agaç”, “Ody gorjasaň-öçer, goňşyny gozgasaň-
göçer” we ş.m. 
Myhmanparazlyk hakyndaky nakyllar: “Gelen-döwlet”, “Myhman 
ataňdan uly” we ş.m. 
Bulardan başga-da, dostluk-agzybirlik, ahlakly, halal ýaşamak, söýmek-
söýülmek, hüşgärlik ýaly meselelere bagyşlanylyp hem nakyllar döredilipdir. 
Nakyllaryň dili çeper, sada hem düşnükli. Olar çüň manyly we ýeňil 
görnüşde döredilýär. Bir sözi aýyrmak ýa üstüne goşmak mümkin däl. 
Üýtgetseň manysyna täsir edýär. Halk içinde köp ulanylýany bir ýa iki setirli 
nakyllardyr. Iki setirli nakyllar özara kapyýalaşýar. Goşgy düzüliş kadasyna 
boýun egýär. Her setirinde hem aýdyň pikir bar. 
Iki setirli nakylda habaryň hyzmatynda (rolunda) gelýän söz birmeňzeş 
sözden bolup, soňky setiriň habary düşürilip aýdylýar:

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling