Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet64/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   60   61   62   63   64   65   66   67   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Birinji maksat – gahryman adatdan daşary, tapmasy kyn talaplary berjaý 
edip, maksadyna ýetmek üçin periler, döwler, aždarhalar we beýleki güýçler 
bilen iş salyşýar.Hyýaly güýçler ynsany haýwana ýa daşa-da öwürýär. Hyýaly 
güýçler ony ýene-de direldýär. 
Ikinji maksat – il-gününi rehim-şepagaty bolmadyk şalaryň zulmundan, 
ýyrtyjy haýwanlardan dyndyrmak we halky rahat günde ýaşatmak. 
Şeýle maksatlar bilenem baş gahrymanlar hyýaly obrazlarda berilýär. 
Maksatlaram diňe hyýalybentlik arkaly ýerine ýetirmek mümkin. Sebäbi öz 
güýjüň bilen ýerine ýetirip bolmajak ýumuşlar buürulýar. 
Eger-de şol ýumuşlar baş gahryman tarapyndan berjaý edilmese, onda ýa 
öz janyny bermeli ýa-da söwer ýaryňy.Ýumşuň düýp maksady-dünýäde ýok 
ýumuşlary we bolmajak talaplary ýerine ýetirmegi buýrup, baş gahrymandan 
dynmak ýa-da onuň maşgalasyna eýe bolmakdyr. Şunuň ýaly ýagdaýda baş 
gahryman hemişe halk tarapyndan goldaw tapýar. Adatdan daşary kyn ýumuşlar 
halk hyýalbentligi arkaly ýeňlip geçilýär. Munuň özi halkyň adalatly adamlar 
hem-de şalar baradaky arzuwyny görkezýär. 
“Mämmetjan” (“Düýe Bahawetdiniň ogly”) ertekisini alyp göreliň. 
Ertekiden görnüşi ýaly, Mämmetjanyň aýaly örän owadan ekeni. Ýurduň 
patyşasy Mämmetjanyň aýalyny görüp, oňa “asyk”bolýar.Mämmetjany ýok 
etmegiň ugruna çykýar. Oňa örän kyn ýumuşlary buýrup başlaýar. 
Birinji sapar gymmat bahaly monjuk getirmegi buýurýar. Mämmetjan bu 
ýumşy döwüň eline düşen perizadyň kömegi bilen ýerine ýetirýär. Patyşa 
Mämmetjany ýene ýanyna çagyryp:”Şirpeleň süýdüni getir. Enem ýaranok” 
diýip ýumuş buýurýar. Mämmetjan bu ýumşy perizadyň we aýagyna agaç 
çümen garry gaplaňyň kömegi bilen ýerine ýetirýär.Patyşa Mämmetjany ýene 
ýanyna çagyryp: “Bir doga barmyş. Oňa seretseň, alma aglap, nur gülüp 
durmuş. Şony tapmaly” diýen. Ol bu ýumşy-da perileriň kömegi bilen berjaý 
edýär. Patyşa Mämmetjany ýene ýanyna çagyryp: “Maňa bir gala salyp ber, ol 
galaň gört gapysy bolsun: biri tomus, biri güýz, biri gyş, biri hem ýaz.Soňra sen 
meniň ölen atam-enemden habar alyp gel” diýip, iki sany ýumuş buýurýar. 
Periler tilsim bilen gala salyp berýärler. Emel bilen şanyň ölülerinden habar 
hem getirýär. Ahyrynda wyždansyz şa periler tarapyndan guralan duzaga 
düşýär: şa köp odun ýygnadyp, üstüne çykyp, ony hem otladyp, ene-atasyny 


89 
görmek üçin gitmekçi bolýar.Şeýlelikde, zalym şa we onuň nökerleri ot alyp 
ölýärler. 
Ertekiniň düýp manysy wyždansyz şanyň we onuň nökerleriniň adalatsyz 
hereketlerini görkezmekdir. Olaryň şahsy bähbitleri, şöhrat, at üçin her hili 
masgaraçylykly hereketleri paş edilýär. 
“Ýartygulak” ertekisinde hem hyýaly wakalar örän köp. Emma ertekiniň 
öwredijilik ähmiýeti uly. Onuň garyp adamlar bilen känbir işi ýok. Erteki diňe 
parahorlary masgaralaýar. 
Hyýaly ertekilerde baş gahrymanlaryň ornunda esasan wyždansyz 
adamlar, aždarhalar, döwler,jadygöýler,aşak gatlak wekilleri gatnaşýarlar. 
Ertekileriň köpüsinde diýen ýaly baş gahryman üçünji ýa-da iň kiçi oglan ýa 
gyz bolýar. Eger-de baş gahryman päli bozuk adamlardan bolsa, ol şahsy 
bähbit, şöhrat ugrunda hereket edýär. Olarda adatdan daşary islegler, 
arzuwlar,dünýäde ýok ýa tapmasy juda kyn zatlary edinjek bolmak häsiýeti 
güýçli bolýar. Eger-de ertekilerde hereket edýän baş gahrymanlar ýönekeý 
adamlar 
bolanda, 
olarda oslagsyz, durmuşdan üzňelikdäki arzuwlar 
bolmaýar.Şeýle ertekilerde öňe sürülýän esasy meseleler: päk söýgi,halkyň 
bähbidi, adalatsyzlygy ýeňip geçmek ugrundaky göreşdir. 
“Horezmin” ertekisininiň baş gahrymany iki sany ýetim oglan. Olar 
ýaşlykda ene-atadan mahrum bolýar.Ýetim oglanlar mergen bolup ýetişýär. Şol 
döwürde Horezm ýurdunyň ilatyna bir aždarha köp zyýan ýetirýän eken. Ol her 
gün bir gyzy ýok eder eken.Gezek nobaty şanyň gyzyna ýetýär. Gyzy 
aždarhanyň ýoluna çykaryp, ýylgyna daňyp gaýdýarlar. Aždarha gelmänkä, şol 
gyzyň üstünden ýetim oglanlaryň biri-Horezmin gelýär.Ol aždarhany öldürip, şa 
gyzyny ölümden halas edýär. Ol beýleki dogany bilen öldürilen aždarhanyň 
ýoldaşyny hem ýoklaýar. Olar başga bir patyşanyň gassabynyň gyzyny hem 
ölümden halas edýär. Iki dogan aždarhalaryň ýygnan emläklerine eýe bolup, 
garyp-gasarlara paýlaýar.Şeýlelikde, iki dogan halk üçin uly hyzmat edýär.
Käbir erteki beýan edilişi boýunça hyýaly häsiýetde bolsa-da, olarda 
adamkärçilik häsiýetleri terbiýelemek göz öňünde tutulýar. 
“Hudaýberdi gorkak we tilki” ertekisinde Hudaýberdiniň obrazyny göz 
öňünde tutmak bolar. Hudaýberdi gaty gorkak adam. Ol tilkiden hem gorkýar. 
Soňra ol birneme dogumlanýar.Ynanjaň döwleri göreşde ýykyp bilýän, batyr 
adam bolup ýetişýär. Hudaýberdi pälwan adyna eýe bolýar.Eserde dogumlylyk, 
ynanç teswirlenilýär. Adamyň garşysyna goýlan güýç näçe eýmenç bolsa-da,iň 
soňunda adam üstün çykýar.Adam paýhasynyň güýji öňe sürülýär. 
Ertekilerde döw adamlara zyýan hem ýetirýär, kömek hem berýär. 
Käwagt bolsa döw ynanjaň, akmak edilip görkezilýär. Ony geçi, horaz,eşek 
dagy hem gorkuzýýar. 
Aždarha adama zyýan ýetirýär. Ýöne welin adam oňa sähelçe ýagşylyk 
etse, ol ýagşylygy artygy bilen gaýtarýar. Ýyrtyjy haýwanlardan ýolbars, 


90 
gaplaň,şir ertekilere gatnaşýar. Olar adamlara kömek hem berýärler, zyýan hem 
ýetirýärler. 
“Akpamyk” has gadymy ertekileriň biri. Ertekide irki döwrüň galyndylary 
bar. Gadym wagtlarda perzentsizleri köne keçede oturtmak, ogly ýa-da ogul 
dogany bolmadyklary tore geçirmezlik ýaly dessurlaram bolupdyr. Eger şundan 
çen tutsak, onda “Akpamygyň” Gorkut ata eýýamynda, hatda ondanam has 
ozalky döwürde dörändigine göz ýetirmek kyn däl. Ertekiniň has 
gadymydygyny Akmaýanyň süýdüniň melhem hasaplanylan döwür bilenem 
düşündirmek bolar. 
Ýurt 
Garaşsyz 
bolansoň, 
hyýaly 
ertekiler 
boýunça 
(“Akpamyk”,”Hudaýberdi gorkak we tilki”, Böwenjik” we başgalar) teleradio
sahna oýunlary goýulýar. 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   60   61   62   63   64   65   66   67   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling