Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet72/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   68   69   70   71   72   73   74   75   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Birinji döwür: 20-nji ýyllaryň ahyryndan 1944-nji ýyla çenli. Şu 
döwürde türkmen alymlary A. Gulmuhammedow, A. Gürgenli :Gorkut ata” 
eposy bilen gyzyklanýar. Emma A.Gulmuhammedow buržuaz – milletçi 
hökmünde 20-nji ýyllaryň ahyrynda ýok edilýär, A. Gürgenli hem frontda wepat 
bolýar. 
Ikinji döwür: 1944- 1951-nji ýyllar aralygy. Bu döwürde milli 
metbugatda “Gorkut ata” hakynda alymlaryň öwgüli materiallary berilýär. 
“Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalynyň 1944-nji, 1945-nji we 
1946-njy ýyllaryndaky sanlarynda “Gorkut atanyň” gysgaldylan boýlary çap 
edilýär. Orta mekdepleriň okuw kitaplaryna eposdan bölekler girizilýär. 
Üçünji döwür: 1951-nji ýyldan 1989-njy ýyla çenli. 1951-nji ýylyň 2-nji 
iýulynda “Prawda” gazetinde “Edebiýatda ideologik ýoýuşlar” diýen sözbaşy 
bilen baş makala çap edilip, onda “Däde Gorkudyň kitaby” berk tankyt astyna 
alynýar.Kitap 
halk 
aňyny 
zäherleýji 
eser 
hökmünde 
häsiýetlendirilýär.”Prawdanyň “ baş makalasyndan soň, M. Kösäýew, B. 
Garryýew, O. Abdalow tarapyndan taýýarlanylan “Gorkut ata”kitabynyň ähli 
sany okyjylara ýetirilmän ýok edilýär. Eposy çapa taýýarlanlar berk 
jezalandyrylýar. “Gorkut ata” eposyny öwüp metbugatda çykyş eden A. 
Rahmanow, N. Esenmyradow dagy tankytlanylýar. 
Şu döwürde “Gorkut ata” eposy hakda metbugatda hiç hili material 
berilmedi. Bu dymyşlyk döwründe, “Gorkut ata” kitabynyň hatda Moskwada 
rus dilinde çykandygy hakyndaky habar hem gazetleriň hiç birinde çap 
edilmedi. 
Dördünji döwür: 1989-nji ýyldan häzirki wagta çenli. Ýurduň 
hökümetiniň edebi mirasy öwrenmek baradaky kararyndan soň, ozal esassyz 
gadagan edilen dessanlar bilen birlikde, “Gorkut atanyň kitabyny” hem neşire 
taýýarlamaga rugsat berildi. Netijede, epos 1990-njy ýylda çapdan çykdy.Ýurt 
Garaşsyz bolansoň,”Gorkut ata” eposy birnäçe gezek (1994-nji, 1997-nji, 1999-
njy, 2001-njy ýyllar) neşir edildi. 
Beýleki türkmen alymlary bilen birlikde, folklorçy Ata Rahmanowyň hem 
“Gorkut ata” eposy hakyndaky materiallary metbugatda çap edilýär. Ata 
Rahmanow daýy-egen Salar Gazan bilen Oraz gojanyň arasynda agzalalygyň 
döreýşine degişli maglumatlar esasynda halkyň “Gorkudyň gabry gazylgy’ 
hyýaly bölümini döredendigini ýazýar. Salar Gazan ejesiniň dogany Oraz begi 
öldürensoň, halk agyr yzany çekmeli bolýar. Şondan soň Gorkut nirä barsa-
da,”Gorkudyň gabry gazylgy” owazy eşidilip durulýar. Oguzlaryň agzy 


112 
alaransoň, Gorkut ata öz gabryny özi gazmaly bolýar. Bu bölüm eposyň 
Drezden nusgasynda ýok. 
Alymlaryň epos baradaky (H.Göroglynyň, A.Annanurowyň kitaplary) 
ylmy işleri çap bolýar. “Gorkut ata”eposynyň 1500 ýyllygyna bagyşlanylyp 
geçirilen halkara ylmy maslahatda dünýä alymlarynyň çykyşlary (“Gorkut ata” 
– 1500.-Aşgabat, 1999ý.) okyjylara ýetirildi. Mundan başga-da, epos
Türkiýede-de (“Gorkut ata”, - Ankara, 1999ý.) neşir edildi. 
Şeýlelikde, türkmen halkynyň ruhy hazynalarynyň biri bolan “Gorkut ata” 
eposyny öwrenmäge, halk köpçüligine elýeterli etmäge giň ýol açyldy.

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   68   69   70   71   72   73   74   75   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling