Hojamyrat Goçmyradow


“Oguznama”eposynda Oguz hanyň obrazy


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet70/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   66   67   68   69   70   71   72   73   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

“Oguznama”eposynda Oguz hanyň obrazy 
Halkymyzyň Oguz handan gaýdýan taryhy ýoly uly şöhratlardan doly. 
“Oguznama” eposynda Oguz han hakdaky dürli maglumatlar, teswirlemeler öz 
beýanyny tapýar. Ol öz döwründe türkmeniň adyny arşa göterip bilen taryhy 


105 
şahsdyr. Oguz han öz eýýamyny Altyn eýýama öwrüp, yurt, sebit derejesinde 
däl-de, dünýä derejesinde pikirlenip,dünýäniň döwletlerini, halklaryny öz 
derejesine göterip, öz ýoluny, öz dinini- ýörelgesini döreden beýik şahsdyr. 
Oguz hanyň guran döwletleriniň şan-şöhraty äleme ýaň salypdyr. Onuň 
döwleti edara edişi, bu ýolda adalatlylygy saklaýşy, her bir meseläni pähim-
parasat bilen çözüşi, goňşulary bilen umumy dil tapyp, döwleti parahatçylykda 
saklaýşy Oguz hanyň Allanyň nazar salan adamsydygyna şaýatlyk edýär. Ol öz 
halkynyň milli buýsanjyna, milli beýikligine üns beripdir. 
Oguz hanyň milli dil, ene toprak, ata Watan, maşgala terbiýesi babatda 
aýdan pähimleri häzirki günlerde-de halkymyza görelde we nusga mekdebi 
bolup hyzmat edýär. 
Oguz hanyň 24 agtygyndan 24 taýpa emele gelýär, şolaryň her biri 
aýratyn at we lakam alýar. Dünýäde ýaşaýan ähli türkmenler Oguz hanyň şol 
ýigrimi dört şahasyndan gelip çykypdyr. 
Oguz han halkyň milli pygamberi hasaplanýar we täze milli ynanjy 
döredýär. Oguz hanyň dini göktaňrylyk bolup, Hudaýy – Gök, ýagny asman 
Taňrysydyr. Ol täze ynanç, dünýägarayş esasynda jemgyýeti özgerdýär. Täze 
jemgyýetçilik ahlagyny döredýär. 
Oguz han döwleti gurup, ony gowşatmazlygyň aladasyny edýär. Ýurdy 
adalatly dolandyrmak üçin çylşyrymly meseläni çözmeli bolýar. Ol şeýle 
ýagdaýda gara güýjüne daýanman, akyl-paýhasa daýanyp, adamlary hoş söz 
bilen ýola salýar. 
Oguz han raýatlarynyň haýyşyny bitirýär, haýyr bilen şeriň ahyryna 
garap, maksadyna ýetýär. Halkyň ýüzüne dogry garap, islendik meseläni 
adalatly çözýär. Adyllyk ýoly ýorelge edinip, hiç kime kast etmändir. Ol “Öz 
raýatyna zulum eden, öz gabryny özi gazar” diýen pähime eýerýär.Şeýlelikde, 
bütin halkyny öz derejesine çenli ýokary göterýär. 
Oguz han taryhy gürrüňleri gowy görüpdir. Ol pygamberleriň, 
patyşalaryň, emirleriň,olaryň öwlatlarynyň ata-babalarynyň taryhy bilen 
gyzyklanýar. Geçmişi öwrenen şahsyýet dogry pikiri beýan etmegi-de başarýar. 
Umuman, “Oguznama” eposyndan mälim bolşy ýaly, Oguz han pähim-
parasada ýugrulan adam bolupdyr. Ol ähli meseläni paýhas eleginden geçirip 
çözýar. 
“Oguznamada” Oguz hanyň öz halky üçin alyp baran ýeňişli işleri,nesline 
miras galdyran pendi-nesihatlary, wesýetleri şygyrlara siňip, edebi däbe 
öwrülipdir. Oguz hanyň döwlet ähmiýetli bitiren işleri, pähim-paýhasa ýugrulan 
dana oý-pikirleri soňky nesilleriň edebiýatyna siňipdir we türkmeniň geçmiş 
edebiýatynda oguznamaçylyk däbi rowaçlanyp, ýüzýyllyklardan ýüzýyllyklara 
gadam basypdyr. Oguznamaçylyk däbinde, ilkinji nobatda, türkmeniň 
watansöýüjiligi öňe çykarylypdyr. 
Türkmeniň watansöýüjilik häsiýeti hem Oguz handan galan milli 
häsiýetimizdir. Ol kowumlaryna öz dogduk ata Watanyny gözüň göreji deýin 


106 
goramagy, onuň mukaddesdigini düşündirip,ol mukaddeslige hiç bir babatda 
şek ýetirmeli däldigini wesýet edýär.Ata Watana söýgüsini beýan edýän 
tymsallar hem Oguz hanyň örän parasatly bolandygyna güwä geçýän 
hakykatdyr. 
Tymsaldan mälim bolşuna görä,Oguz han duşmanlaryndan üstün çykyp, 
han bolup,ilini daşyna jemläp, ýaşap başlaýar. Emma gapdalyndaky köp 
hudaýly kapyr şa Oguz hanyň dinini üýtgedeninden gorkup, urşup, 
birhudaýlylygy ýok etjek bolýar. Oguz han: “Sabyr düýbi sap altyn”diýip, öz 
ýigitlerine sabyrly bolmagy wesýet edýär. 
Duşman ilçi ugradyp, ýurdyň saýlama atyny bermegi sorapdyr. Oguz 
hanyň serkerdeleri: 
-Duşman yrsaraýar, urşalyň, emma saýlama bedewi bermäliň. At biziň 
garyndaşymyzdyr – diýşipdirler. Emma Oguz han: 
-Zeleliň kiçisi barka, ulysyna ýapyşmaň! Bardy-geldi duşmandan asgyn 
düşsek, ähli atlar duşmanyňky bolar! Berip göýberiň bir aty-diýipdir. 
Saýlama aty alyp giden ilçi has şum habar bilen dolanyp gelýär. Bu gezek 
duşman ýurduň iň saýlama gözelini soraýar. Serkerdeler ýene uruşmagy teklip 
edýärler. Emma Oguz han: 
-Uruş bolsa, men-men diýen ýigitler söweşde öler, bardy-geldi 
duşmandan ýeňläýsek, gelin-gyzlar duşmana ýesir bolar. Zyýanyň kiçisi barka, 
ulusyna ýapyşmaň – diýipdir. 
Saýlama oguz gözelini alyp giden ilçi has şum habar bilen gelýär.Ol ýer 
soraýar. Urşuň gutulgysyzdygyna düşünip, şunça wagtlap ýurdy urşa taýýarlap 
ýetişen Oguz han; 
-Ser bereris, ýer bermeris! – diýipdir. 
Urşupdyr, päli azan duşmany kül-peýekun hem edipdir. 
Tymsaldan görnüşi ýaly,Oguz han pähim-paýhasy, parasatlylygy, 
galyberse-de, ugurtapyjylygy bilen tapawutlanyp ata Watany duşmandan 
goramagy başarypdyr. 
Oguz han halkymyzyň milli däp-dessuryny, ata- baba ýol-ýörelgelerini, 
agzybirligini, ruhubelentligini, sadalygyny, geçirimliligini, ynsanperwerligini 
we beýleki ajaýyp sypatlarymyzy gorap saklamalydygyny wesýet edýär. 
Türkmeniň şol ajaýyp sypatlary Oguz han, onuň bagtyýar nesilleri tarapyndan 
goralyp gelnipdir we biziň şu günlerimize ýetirilipdir. Türkmen ýer ýüzünde 
Oguz hanyň galdyryp giden ýol-ýörelgeleri bilen tanalypdyr. 
Halallyk, halal zähmet bilen gün- güzeran görmek türkmen halkyny 
beýgeldýär. Halklar Oguz hanyň kowmuny halal kowumlar hökmünde tanaýar. 
Onuň halal zähmet hakdaky wesýeti nesilleriň ýaşaýşynyň baş şygaryna 
öwrülýär. Haramlyk Oguz han döwründen başlap nusgawy şahyrlarymyz 
tarapyndan we häzirki Beýik Galkynyş eýýamynda hem berk ýazgarylýar. Oguz 
hanyň halal zähmet we topragy söýmek baradaky aýdan gymmatly sözleriniň 
käbirini mysal getireliň: Ýer üstünde jepa çeken (zähmet çeken) goýnunda rahat 


107 
ýatar; Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr; Zer alma, ýer al; Suw atadyr, ýer-ene we 
ş.m. 
Ene dili goramak, söýmek we oňa buýsanmak türkmeniň Oguz handan 
gelýän taryhy-milli däbidir. Oguz hanyň dil hakdaky aýdan dana sözleri çeper 
edebiýata degişli bolsa, “Oguznamadaky”çeper beýan etme adam häsiýetini 
aňladýar.Iň gadymy teoriýalarda-da dile, söze, häsiýete Oguz hanyňky ýaly 
şeýle giňişleýin çemeleşilen ýeri ýokdur. Oguz hanyň dil barada aýdan 
parasatly sözleriniň käbirini mysal hökmünde getireliň: Ýürekde näme bolsa, dil 
şony diýer; Dil bolmasa, il bolmaz; Dil baýlygy – il baýlygy, Söz ýürekden 
çyksa, güýçli; Adamyň akyllysy dil öwrener; Köp dil bilen,köp biler; Dilim bar, 
dünýäm bar we ş.m. 
Oguzlaryň dünýä beren gymmatlygy Oguz hanyň öz düzen elipbiýidir. 
Emma gynansak-da, ol elipbiýi bize gelip ýetmändir. Bu barada XV111 asyr 
şahyry Şeýdaýy şeýle maglumat berýär: 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   66   67   68   69   70   71   72   73   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling