Hojamyrat Goçmyradow


“Görogly” eposy we onuň öwrenilişi


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet78/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   74   75   76   77   78   79   80   81   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

“Görogly” eposy we onuň öwrenilişi 
 
Türkmen geçmişde erkin, özbaşdak ýaşamagy arzuw eden halk.Ýurdyny 
daşary 
yurt 
duşmanlaryndan 
goramaga 
çalşypdyr. 
Gündogarşynas 
Ýe.E.Bertelsiň nygtaýşy ýaly,az sanly türkmen halky köp sanly feodal 
döwletleriň garşysyna göreşmeli bolupdyr.Şonuň üçin halk döredijilik 
eserlerini-de, edebiýatyny-da goranmaga utgaşdyrypdyr. Hekaýatlaryň esasynda 
köp sanly gahrymançylykly eposlar, dessanlar döräpdir. Halkyň döreden 
gahrymançylykly eserleriniň biri-de “Görogly” eposydyr.Eposyň esasy maksady 
halkyň erkin durmuş ugrunda alyp baran göreşini beýan etmekden ybaratdyr. 
Halk ata Watanyny daşary ýurt basybalyjylardan goramak üçin öz legendar 
gahrymanyny-Göroglusyny döredipdir. 
Görogly hakyndaky rowaýatlar, gürrünler, aýdymlar Merkezi Aziýa, 
Kawkaza,Ýakyn Gündogara ýaýrapdyr we her bir halkyň öz :Göroglusy” 
bolupdyr. 
Bagşylar, ozanlar, aýdyjylar – olaryň her biri öz ýaşan döwründe bu eposa 
özüniň ussatlyk aýratynlygy bilen goşant goşupdyr. 
Epos özbek, täjik, gazak, azerbaýjan, ermeni, gruzin halklarynyň arasynda 
has-da meşhurdyr. Ýöne eposyň nusgalarynyň-wariantlarynyň (wersiýalarynyň) 
arasynda bir umumy ýakynlyk, baglanyşyk bardyr. Ýakynlyk eposyň esasan-da 
ideýasynda has-da oňat duýulýar. 
Dürli halklaryň arasynda dowam edip gelýän “Görogly” eposynyň 
nusgalarynyň her haýsynyň özüne mahsus bolan aýratynlygy hem bar. Bu 
aýratynlyk köplenç eseriň gurluşyna, wakalaryň ýaýbaňlanyşyna degişlidir. Her 
bir eposyň nusgasy halkyň ýaşaýyş şerti, däp-dessury bilen baglanyşykda 
döreýär. Şonuň üçin her bir halkyň döreden :Göroglusy” şol halkyň öz 
“Göroglusydyr”, şol halkyň özboluşly edebi ýadygärligidir. 
Türkmen “Göroglusynyň” ilkinji neşirleri eposyň dörän döwürleri
hakynda gürrüň bermäge esas döredýär. Epos mundan birnäçe asyr öň ýüze 


123 
çykýar. Bagşylar, aýdyjylar asyrlarboýy edebi maglumatlary toplap, türkmen 
“Göroglusyny”döredipdir. Eposyň esasyny türkmen ertekileri, rowaýatlary, 
aýdymlary düzýär. Halk uzak ýyllaryň dowamynda erkinlik,asuda ýaşaýyş 
ugrunda göreş alyp barypdyr.”Görogly” eposy halkyň birnäçe asyryň 
dowamynda başdan geçiren wakasyny jemleýär. 
Halk döredijiliginiň beýleki birnäçe žanry ýaly, bu eposyň hem asyl 
nusgasyna gabat gelinmeýär. Halk öz “Göroglusyny” ýat tutup, nesilden-nesle 
geçirip gelipdir. 
Eposyň haçan dörändigi hakynda anyk maglumat tapdyrmaýar. Ýöne 
welin Göroglynyň hem-de onuň kyrk ýigidiniň hereketini göz öňünde tutsak, 
onda eposdaky käbir wakanyň has irki döwürde, yslam dininden hem ozal 
dörändigine göz ýetirmek bolýar. Eseriň gahrymanynyň hereketiniň din bilen 
känbir baglanyşygynyň bolmazlygy,şeraba üns berilmegi munuň aýdyň 
şaýadydyr. 
Eposyň käbir wakasynda bolsa Göroglynyň gylyjyny, ok-ýaýyny 
Yspyhandan getirişi hakynda gürrüň gidýär. Gürrüňi edilýän döwür XV1-XV11 
asyrlarda Eýranda sefewidleriň hökümdarlyk eden döwrüne gabat gelýär. 
Ýagny, şonda Şaapbasyň hökümdar bolan döwründe (1588-1628ý.ý.) paýtagt 
Yspyhan eken. Iň gowy ýaraglaram Yspyhanda ýasalypdyr. Şeýlelikde, XV1 
asyryň ahyrynda, XV11 asyryň birinji ýarymynda eposa käbir wakalar 
goşulypdyr diýen çaklama-da bar. 
Alymlar “Görogly” eposynyň döreýşini öwrenmek bilen eseriň baş 
gahrymanynyň aňyrsynda anyk taryhy şahsyň ýatandygyny,ol hakda ilki 
rowaýatlar düzülip, soňra şol rowaýatlar ösdürilip, baýlaşdyrylyp eposyň 
döredilendigini nygtaýarlar.Alymlar eposyň baş gahrymanynyň hereketinden 
taryhylygy gözleýarlar.Alym E.M. Meletinskiý “Gahrymançylykly eposyň 
döreýşi”(“Proishoždeniýe geroiçeskogo eposa”-Moskwa, 1963g.) diýen işinde 
halk döredijiliginiň kyssa eserlerine taryhy taýdan çemeleşme bilen baha 
bermegiň ýeke- täk ýoldygyny nygtaýar we gahrymançylykly eposy döreden 
hem onuň ösüşini kepillendiren şertleri anyklamagyň zerurdygyny 
ýazýar.Şunyň bilen birlikde, ol taryhy reallyklara eposy umumylaşdyrmagyň 
materialy hökmünde garaýar. 
Alymyň pikiriçe, anyk bir taryhy şahsyň hereketleri rowaýatlaryň 
döremegine sebäp bolýar. Wagtyň geçmegi bilen şol rowaýatlar 
çeperleşdirilýär, biri-birine sepleşdirilýär hem-de bitewileşdirilýär. Halk 
rowaýat gahrymanyna milli häsiýeti, özboluşlylygy siňdirýär.Ýigitleriň soňky 
döwürdäki görkezen batyrlygy-da rowaýat gahrymanynyň adyna berilýär. 
Şeýlelikde,umumylaşdyrylan epos gahrymany döreýär. “Görogly” eposy-da 
şeýle usulda döräpdir. 
Taryhy we edebi çeşmelerden Göroglyny gözlemekde ep-esli işler edildi. 
Jelaletdin Rumynyň (1207-1279ýý.) döredijiliginde Görogly ýatlanylýar. XV1 
asyryň başyndan XV11 asyryň başyna çenli, tas bir asyryň dowamynda günorta 


124 
Azerbaýjanda, Kiçi Aziýada, Yrakda bolup geçen jelalylar gozgalaňyna degişli 
materiallarda hem Göroglynyň adyna duş gelinýär. “Görogly” eposynyň sýužeti 
şol halk-azat edijilik hereketi esasynda emele gelenmiş diýen pikirem orta 
atylýar. Pikirler esaslandyrylmaga-da çalşylýar. Türk taryhçysy Öwlüýä 
Çelebiniň (XV111 asyr) “Syýahatlar kitabynda” “Jelaly” ady bilen belli bolan 
gozgalaňa ýolbaşçylyk edenleriň biriniň-de Göroglydygy nygtalýar. 
Alym Halyk Görogly soňky ýyllarda Türkiýäniň arhiwlerinden Jelaly 
Göroglysyna degişli materiallary toplaýar. Şol materiallarda Göroglynyň, 
Bezirgeniň, Öweziň, Safaryň (Saparyň), Ýusubyň atlary getirilýär. 
Alym B.Garryýew eposyň taryhy kökleriniň jelalylar Göroglysyna 
direýändigini nygtamak bilen, onuň ilkinji rowaýtlary-da şol döwürde döräpdir 
diýen netijä gelýär.Alymlar H.Görogly hem B.Mämmetýazow dagy hem şu 
pikiri goldaýar. 
Jelalylar hereketi diňe türkmen Göroglysyna esas bolman, eposyň 
Kawkaz nusgalarynyň taryhy sýužetiniň ýüze çykmagyna-da esas bolupdyr 
diýen netijä gelenlerem bar. Soňky ýyllarda tapylan gruzin hem-de rus 
elipbiýinde neşir edilen gruzin nusgasynda (Çlandze L.G. Gruzinskaýa wersiýa 
eposa “Kerogly”, Tbilisi, 1978g.) hem munuň şeýledigini tassyklamaga 
çalşylýar. Bu nusgada teke, ýomut, jelaly taýpalarynyň Rum welaýatynda 
ýaşandygy, Göroglynyň atasynyň gözüni Şaapbas patyşanyň oýdurandygy 
hakyndaky maglumatlara gabat gelinýär. 
“Görogly” eposynyň kawkaz, özbek, gazak nusgalarynda Göroglynyň 
türkmendigi hakynda degerli maglumatlar getirilýär. Özbek “Göroglysynda” 
Göroglynyň türkmenleriň teke, ýomut taýpalarynda dünýä inendigi nygtalýar. 
Eseriň gazak nusgasynda baş gahrymanyň Ürgenç şäherinde, Amyderýa 
boýlarynda, Hazar deňziniň töwereginde ýaşap geçendigi aýdylýar. Ol şol 
ýerlerde ýaşapdyr, daşary ýurtdan edilen çozuşlara gaýtawul beripdir. 
Balkan dagy, Etrek, Gürgen ýaly ýer-ýurt atlary eposda duş gelýär. 
“Arapdan ar alyş” şahasynda: 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   74   75   76   77   78   79   80   81   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling