Hojamyrat Goçmyradow


“Gorkut ata” eposynda obrazlar ulgamy


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet76/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   72   73   74   75   76   77   78   79   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

“Gorkut ata” eposynda obrazlar ulgamy 
“Gorkut ata” eposynyň baş gahrymany Gorkut atadyr. Ol Gara Hojanyň 
ogly, baýat taýpasyndan. Gorkut ata paýhasly, akyldar, halkyň ýakyn 
maslahatçysy, keramatly adam. Toý-tomaşalarda gopuzyny çalyp, aýdym 
aýdyp, adamlara ak pata beripdir. 
Eposda Gorkut ata oguznama (aýdym) düzýän, ak sakally,öwüt beriji, il 
hormatyna mynasyp adam hökmünde-de häsiýetlendirilýär. Gorkut atany ýaşuly 
hökmünde sylaýyşlary, hemme meselede maslahat salyp, öňe tutuşlary türkmen 
häsiýetine mahsusdyr. 
Gorkut ata umumy oguz ýaşulusy-gojasy,atasy hem ozanydyr. Sebäbi 
eposyň süňňünden onuň häsiýeti, oguz durmuşy eriş-argaç bolup geçýär. Ol 
hemişe ýagşylygy ündeýän,çykgynsyz ýagdaýdan çykalga tapyp bilýän il 
ýaşlusynyň obrazydyr. 
Gorkut atanyň sözi oguz ilinde ýörgünli. Onuň sözi ula-da, kiçä-de, 
erkege-aýala-da, dosta, hatda duşmana-da täsir edýär. 
Gorkut ata – şahyr, bagşy, aýdan zady bolýan, öňdengörüji keramatly 
adam. Şunuň bilen birlikde, ol örän pespälli, ýönekeý. Mydama halkyň 
arasynda.Ýurt agzybirligini saklaýar. Daşoguz-içoguz beglerini ýaraşdyrýar. 
Halk bähbidini ileri tutýar. 
Gorkut ata Muhammet pygamberiň döwürdeşi hasaplanylýar. Ol 
ilkinjileriň biri bolup yslam dinini kabul edýär. Mekge-Medinä gidip, haç 
parzyny bitirýär. 
Ol eposyň boýlarynyň hemmesinde wakalara doly gatnaşman,soňunda 
görünýär. Waka Gorkut atanyň sözi bilen jemlenilýär. 


119 
Eposa başdanaýak gatnaşýan Gorkut atanyň obrazyndaky häsiýetleri 
jemläp, şu aşakdaky netijeleri çykarmak bolýar: 
1. Gorkut ata – taryhy şahs. Ol oguz türkmenleriniň baýat tiresinden. Gara 
Hojanyň ogly. Ol Merwde ýaşan hem işlän. Gorkut ata öz döwründe Ynal, 
Ýaby, Düýeli kaýy, Salyr Gazan ýaly patyşalaryň weziri bolupdyr. Ol 195, 
käbir maglumata görä hem 295 ýaşaýar. 
2. Gorkut ata - akyl-paýhasy bilen tapawutlanýan, aýdan zady bolýan 
keramatly hem hormatly adam. Halk il-günüň maslahatçysy bolan Gorkut ata 
ýoly bilen ýöreýär. 
3. Ol oguz iliniň serhedini goraýan ýigitlere ak pata berýär. Daşoguz – 
içoguz begleriniň agzybirligini saklaýar, halk bähbidini ileri tutýar. 
4. Gorkut ata - din wekili. Ol ilkinjileriň biri bolup, yslam dinini kabul 
edýär. 
5. Gorkut ata - uçursyz dilewar hem ugurtapyjy. Halk hajatyny bitirýär. 
Sawçylyga gidýär, oguz iliniň ilçisi bolup Depegözüň ýanyna ugraýar. 
Gahrymançylyk, gaýduwsyzlyk görkezen ýetginjege at dakýar. 
6. Gorkut ata – pelsepeçi. Onuň wesýetleri halka ruhy lezzet berýär, 
dogry ýola salýar. Bagşy – ozan hökmünde her boýdaky wakany jemleýär. 
Eposda esasy gahrymanlaryň biri-de Salyr Gazandyr. Onuň serkerde 
hökmünde iş tutuşy hem türkmen häsiýetine mahsusdyr. Salyr Gazan batyr, 
akylly, pähimli, paýhasly serkerde, belent adamkärçilikli, pespäl adam 
hökmünde öňe çykýar. Şonuň üçinem ol urug-tire arslany, batyr ýigitleriň 
serkerdesi hasaplanýar. Ol hiç haçan degmedige degmeýär. Gaçany kowmaýar. 
Iman diläni öldürmeýär. Bu häsiýet “Görogly” eposynda Göroglynyň obrazyny 
ýadyňa salýar. Eposda Salyr Gazan we onuň ýigitleri Watanyň,il-halkyň ar-
namysy üçin aýaga galýar. 
Eserde Salyr Gazanyň ogly Orazyň hakyky perzentlik borjuny, duýgusyny 
görmek bolýar. Ene-ata, ar-namys Oraz üçin has hem mukaddes. Munuň özi 
onuň gahrymançylygynyň hem gaýduwsyzlygynyň baş maksadydygyny 
aňladýar. 
Eposda “Salyr Gazanyň öýuniň talanylmagy” boýunda Garaja çopanyň öz 
hojaýyna wepalylygy, ýagny Salyr Gazanyň malyny bermejek bolup, duşmana 
gaýtawul berşi, Salyr Gazan duşmanyň üstüne gidende, ony daňyp, galdyryp 
gitse-de, yzyndan gidişi, “Nahar-çaýyňa seretjek welin senden galjak däl” 
diýeninde, türkmeniň garadangaýtmaz ýigidi göz öňünde janlanýar. Salyr 
Gazanyň obrazynda onuň özüne göwnüýetijiligi, öz güýjüne buýsanjy 
görkezilýär. Ol lebzi bilen tanalýar. 
“Gorkut ata” eposynda Segregiň obrazy aýratyn üns bererlikdir.Onuň ene-
atasyna bolan hormaty ýokary. Ol gadymy ata-babalarymyzyň dessuryna eýerip, 
ýaşululara, dana gojalara hormat we sarpa goýýar. Eposda beýan edilişi ýaly,ol 
dogany ukudan turansoň, tanamazlykdan onuň bilen söweşjek bolýar. Ýöne 


120 
görse, onuň elinde Gorkut atanyň sazy bar. Ine, onsoň Segrek Gorkut atanyň 
sazynyň hormatyna öz doganyna degmeýär. 
Eposda Baýbüräniň ogly Bamsynyň (“Baýbüre ogly Bamsy Beýrek’ 
boýunda) obrazynda hem edepliligiň we adamkärçiligiň iň oňat sypatlaryny 
görmek bolýar. Ol edebini saklap bilýän adam, onuň obrazynda edepli 
hereketler köp. 
Eposda öz asyllylygy, medeniýeti, akyly, edebi bilen tapawutlanýan 
adamlaryň biri-de Hantörelidir. Ululara hormat goýmak, aýdylan zady 
wagtynda ýerine ýetirmek,beren sözünde tapylmak Hantöreliniň esasy 
häsiýetleridir. Hantöreli kakasyndan eşidenini hökman ýerine ýetiräýmeli diýip 
düşünýär.”Bolmasa meniň üçin namys bolar” diýip aýdýar. Ol pälwansypat, 
daýaw, güýçli bolsa-da, öwünjeň däl. Hantöreliniň buga (öküz) bilen 
söweşende hem: “Akyl adamzada berlendir, munuň öňünden sowlaýyn, näme 
hünärim bolsa, arkasyndan görkezeýin” diýip, pähimli hereket etmegi hem 
düşünjeliligiň nyşanydyr. 
Eposda Derse hanyň obrazy-da täsirli berlipdir. “Bugaç han Derse han 
oglunyň boýuny beýan eder” boýunyň başlanyşy perzentsizlik meselesi bilen 
baglanyşyklydyr. Baýyndyr han toý edende, perzentsiz bolany üçin Derse han 
gara öýde oturdylýar we öňüne gara goýnuň ýahnasy goýulýar. 
Derse han toýdan öýkeläp gaýdýar we aýalynyň ýanyna gelýär. Ol 
perzensizlik barada söz açmazdan ozal, aýalyna hoşamaý sözler bilen 
ýüzlenýär: 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   72   73   74   75   76   77   78   79   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling