Hojamyrat Goçmyradow


“Gorkut ata” eposynda watançylyk


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet73/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   69   70   71   72   73   74   75   76   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

“Gorkut ata” eposynda watançylyk, 
gahrymançylyk meselesi 
Başlangyjyny gadym döwürlerden alyp gaýdýan “Gorkut ata” eposynyň 
esasy öňe sürýän ideýalarynyň biri watançylyk, gahrymançylyk meselesidir. 
Şeýle meseläniň derwaýys ýüze çykmagyna şol döwrüň jemgyýetçilik 
gurluşynyň täsiri bolupdyr. Sebäbi şol döwürde türkmen durmuşynda günde-
günaşa bolýan talaňçylykly çozuşlar, çapawulçylykly hereketler az bolmandyr. 
Eposdan görnüşi ýaly, iň zerur hem esasy ahlak ýörelgeleriniň biri-
gahrymançylyk hasaplanylýar. Gahrymançylyk görkezip, taýpada, ilde saýlanan 
urşuja sylag-hormat edilip, bitiren işine mynasyp at, dereje berilýär.Duşman 
bilen bolan söweşde gahrymançylyk görkezmek her bir oguzyň esasy maksady 
bolýar. Şonuň üçinem “Gorkut ata” eposynyň boýlarynyň hemmesinde 
gahrymançylyk, watançylyk ideýalary öňe sürülýär. 
Gahrymançylyk bilen baglanyşykly iňňän zerur wezipeleriň biri-de 
watançylykdyr. Oguz türkmenleriniň gahrymançylygy bilen watançylygyny 
biri- birinden aýyrmak mümkin däl. Olar biri-biriniň üstüni doldurýan 
ýörelgelerdir. 
Oguz türkmenleri Watany goramaklyga, onuň kuwwatyny artdyrmaklyga 
peýda berip biljek işlere gahrymançylyk diýip düşünýärler. Şonuň üçin hem 
Watany kese ýerli basybalyjylardan goramakda görkezilýän gahrymançylykly 
hereket “Gorkut ata” eposynda aýratyn orny eýeleýär. 
Watançylyk duýgusy eposda “Watan” diýen düşünje bilen berk 
baglanyşyklydyr. Bu düşünje halkyň ahlagynyň esasy bölegi bolan watançylyk 
duýgusyny açyp görkezýän alamatdyr. Türkmen oguzlary “Watan” diýlende, 
ilki bilen oguz taýpa-tireleriniň ýaşaýan ýerlerine düşüňýärler. 
Taýpa-tireleriň birleşip bir halk hökmünde hereket etmegi hem “Gorkut 
ata” eposynyň ündeýän esasy ideýalarynyň biridir.Munuň özi watançylyk 
ýörelgesiniň aýrylmaz bölegi, sarsmaz sütünidir. Eserde gürüň berilýän 
wakalaryň bolup geçen döwründe oguz taýpa-tireleri ýuwaş-ýuwaşdan birleşip 


113 
başlaýar.Bu bolsa şol döwürde merkezleşdirilen döwlet gurmaga tarap ädilen 
ilkinji ädimdir. 
“Gorkut ata” eposynda gahrymançylykly hereketler Salyr Gazanyň, ogly 
Orazyň, onuň ýigitleriniň, Burla hatynyň, Banu Çeçegiň, Baýandyr hanyň, 
Derse hanyň we beýlekileriň obrazlarynda jemlenilýär. Olar Watany, il-ulusyň 
ar-namysyny goramaga mydama taýýar bolup durýarlar. 
Eposda duşmana gaýtawul bermek meselesinde baş gahrymanlaryň ýeke 
özi öňe çykýar. Ymgyr giden goşunyň garşysyna çykyp, barlyşyksyz göreşýär. 
Sebäbi halk öz söýgüli gahrymanynyň ýeke özüni uly goşunyň garşysyna 
goýmak bilen, onuň mertligini, batyrlygyny, söweş tilsimlerinden oňat baş 
çykaryp bilýändigini görkezmek isleýär. 
Oguz ili gahrymançylyga, batyrgaýlyga, mertlige oglanlary ýaşlykdan 
taýýarlaýar. Olaryň öňlerinde dürli hili emeli kynçylyklar döredilýär. 
Kynçylyklary çagalaryň özleri ýeňip geçmeli bolýar. 
Oglanyň söweşe ýaşlykdan taýýarlanyşy eposyň “Gazan begiň ogly Oraz 
begiň tussag bolmagy” boýunda şeýle suratlandyrylýar: 
…Gazan beg keýp çekip otyr. Ogly Oraz garşysynda ýaýa söýenip dur. 
Sag ýanynda dogany Gara Gün, sol ýanynda daýysy Oraz otyr. Salyr Gazan 
sagyna bakyp loh-loh güldi, soluna bakyp söýündi. Garşysyna bakanda oguljygy 
Orazy gördi. Elini çarpyp, aglady. Ogly Oraz bu işi halamady. Ol kakasyna 
ýakyn süýşdi-de, dyzyna çöküp, şeýle diýdi: “Pikirimi aňla, sözümi diňle, agam 
Gazan, Sagyňa bakdyň loh-loh güldüň, Soluňa bakdyň ýagşy söýündiň, Garşyňa 
bakdyň meni gördüň, agladyň, Sebäp nedir, diýgil maňa!” 
Gazan beg gyzardy, oglunyň ýüzüne bakyp sözledi: “Seni görüp agladym. 
16 ýaşadyň, emma ýaý çekmediň, ok atmadyň, baş kesmediň, gan dökmediň, at -
abraý gazanmadyň.” Oraz diýdi: “Aý, agam Gazan, Düýeçe ulaldyň, köşekçe 
akylyň ýok, Depeçe beýgeldiň, daryça beýniň ýok, Hünäri ogul atadan 
öwrenermi, Ýa ata oguldan öwrenermi?” 
Gazan beg el çarpyp, loh-loh güldi-de: “Aý begler, Oraz örän dogry 
aýtdy” diýdi. Ol ogly Orazy ýanyna alyp, oňa özüniň ok atan, gylyç bilen baş 
kesen ýerlerini görkezmäge gitdi. 
Gazan beg ogluna tälim berip ýörkä, tötänden bularyň üstüne duşman 
leşgeri dökülýär. Söweşde Gazan begiň örän güýçlüdigi we gaýduwsyzdygy 
görkezilýär we ýigidiň gahrymançylyk görkezmegi üçin ýaşlykdan hünär 
öwrenmeginiň zerurdygy nygtalýar. 
“Gorkut ata”eposynda çopanlaryň edermenligi-de oňat beýan edilýär. 
Olaryň obrazlary sada, daýaw, örän güýçli sypatda berilýär. “Salyr Gazanyň 
öýüniň talanylmagy” boýundan mälim bolşuna görä, Gazan beg awa çykanda, 
onuň duşmany Şükli Melek çozup, Gazanyň ejesini, ogly Orazy, aýaly Burla 
hatyny ýesir alýar. 
Duşman munuň bilen oňman, 600 atlysy bilen Salyr Gazanyň goýun 
sürüsiniň üstüne-de çozýar. Garaja çopan özüniň inileri- Gabangüýji hem 


114 
Demirgüýji ýanyna alyp, äpet sapany bilen duşmanyň garşysyna çykýar. Çopan 
duşman bilen bolan söweşde sapana uly daşlardan başga, geçi, goýun salybam 
atýar. Gaýduwsyzlyk bilen söweşýän mert çopan hiç bir zatdan heder etmeýär. 
Hatda, ol duşman atlylarynyň: “Sen bize boýun bolsaň, ýurdumyzda saňa beglik 
bereris” diýen sözlerine:”Boş sözlemäň, itler! Itim bilen bir ýalakda 
ýuwundymy içenler! Atyňy mazamlama, ala geçimçe görmerin. Başyňyzdaky 
tugulgaňyzy mazamlamaň, başymdaky börügimçe görmez men, altmyş tutam 
gönderiňi öwme, gyzyl degenegimçe görmez men. Gylyjyňy ne öwer sen, egri 
başly taýagymça görmez men, biliňdäki togsan okuň ne öwer sen, ala golly 
sapanymça gözüme görünmez” diýip, mertlerçe jogap berýär. 
Garaja çopan Salyr Gazanyň malyny duşmana bermejek bolup, berk 
söweşýär, iki dogany heläk bolsa-da, aman dilemeýär. Gaýduwsyzlyk bilen 
göreşýän mert çopandan duşman gaçýar. 
Eposda Garaja çopanyň duşmana garşy mert durşuny görkezmekde edebi 
eserlerdäki ýaly ulaltma ýaly çeperçilik serişdesi hem ulanylýar. Munuň özi 
tötänden däl. Sebäbi “Gorkut ata” hem taryhy wakalar esasyndaky çeper 
eserdir. 
“Gorkut ata” eposynda ýigitler bilen deň hatarda, aýal-gyzlaryň-da 
gahrymançylygy berilýär. Eserde Burla hatyn, Banu Çiçek, Seljan hatyn 
edermenligiň nusgasyny görkezýär. Olar eposda batyrgaý, atarman, çaparman, 
zerur bolanda erkek kişiniň ornuny tutup bilýän, il-gününi söýýän aýal-gyzlaryň 
sypatynda hereket edýär. 
Eposda aýal-gyzlaryň at debsäp, ýarag ulanmakda ussatlyk görkezişi 
taryplanylýar.”Gaňly goja ogly Hantöpeli” boýunda aýal-gyzlaryň gujurlylygy 
hem harby taýýarlyk derejesi anyk wakalaryň üsti bilen ýüze çykarylýar. 
Eposyň “Salyr Gazanyň öýüniň talanylmagy” boýunda Burla hatynyň 
obrazynyň üsti bilen duşmana gaýtawul bermekde aýal edermenligi, mertligi, 
wepalylygy, çydamlylygy doly açylyp görkezilýär. Burla hatyn duşmanyň eline 
ýesir düşende bolup geçýän waka uçursyz aýylganç. Emma Burla hatyn 
duşmanyň süreninde öz namysyny goramagy başarýar we zenan 
gahrymançylygyny görkezýär. 
Eposyň baş ideýasy gahrymançylykdyr. Watana, il-güne söýgi, ýoldaşyňa 
wepalylyk, mertlik, uruş hünärini türgen bilmek ýaly durmuşyň talap edýän 
ýagdaýlary örän ýiti goýulýar. 
“Gorkut ata” eposynda watançylyk, gahrymançylyk meselesinde her bir 
oglan-gyzda batyrgaýlygy,gaýduwsyzlygy, ar-namyslylygy, erki hem ruhy güýji 
terbbiýelemek ideýasy öňe sürulýär. 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   69   70   71   72   73   74   75   76   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling