Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet68/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   64   65   66   67   68   69   70   71   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

 
Türkmen eposlary
Epos gahrymançylykly halk rowaýatlary hem hekaýatlarydyr. Halk 
döredijiliginiň iň iri kyssa žanrydyr. 
Halk döredijiliginde epos diýlende, halkyň durmuşynyň belli bir 
döwründe uly taryhy ähmiýete eýe bolan wakany beýan edýän kyssa 
eserdir.Eposda halkyň gahrymançylygy,watançylygy,ynsanperwerlik gylyk –
häsiýeti giň ýaýrawda şöhlelendirilýär.Epos uzak möhletdäki wakalary öz içine 
alýar. Ol goýulýan hem çözülýän meseleleriň köplügi bilenem bellidir. 
Oguznamaçylyk däpleriniň çeper - taryhy kökleri gadymy bolup,halkyň 
taryhyna, medeniýetine, ruhyýetine, çeper gözleglerine esaslanypdyr.Şunuň 
bilen birlikde, türkmen medeniýeti, çeper söz sungaty oguznamazçylyk 
däplerine bölünipdir.Olarda halkyň taryhy,durmuşy,ahlagy, medeniýeti, däp-
dessury, gylyk-häsiýeti ruhy eýýamlara laýyklykda çeper beýan edilipdir. 
Oguznamaçylyk däbiniň ilkibaşynyň çeper döredijilikde emele 
gelendigini bellemek bilen, alym A. Baýmyradow şejere oguznamaçylygyna 
oguzyň taryhy, nesli baradaky we çeper eserleriň emele gelşi hakyndaky 
kyssalaryň degişlidigini nygtaýar. Gadymy geçmişde zehinli adamlar 
watançylyga, gahrymançylyga, halal zähmete, tämiz söýgä ýugrulan çeper 
gymmatlyklary döredip başlaýar. Şol gymmatlyklarda halkyň çyn taryhy, 


98 
sungaty, medeniýeti jemlenip, ata-babalarymyzyň çeper-jemgyýetçilik aňy, 
şahyrana ukyby çüň many-mazmunda beýan edilýär. Şu meselede türkmenleriň 
çeper-ruhy ahwalatyny, durmuşyny,ahlagyny hemme taraplaýyn açyp görkezýän 
dessanlara aýratyn orun degişlidir. Sebäbi, alym A. Baýmyradowyň nygtaýşy 
ýaly, türki halklaryň folklory çeper söz sungatynyň örän kämil nusgasyna 
öwrülen dessanlara baý bolup, hut şu aýratynlygy bilen ol dünýä folklorynda 
tapawutlanýar. 
Dessanlaryň, aýratyn-da gahrymançylykly dessanlaryň emele gelşi, ösüşi 
halkyň taryhy hem-de gahrymançylykly durmuşy, edermenlik, mertlik, 
watançylyk 
baradaky 
arzuw 
– 
islegleri, 
duýgy-düşünjeleri 
bilen 
baglanyşyklydyr, taryh bilen çeper ruhy pikirlenişiň sazlaşygy esasynda dörän 
özboluşly söz sungatydyr. Çeper gymmatlyklaryň taryhy kökleri gadym 
geçmişe siňip gidýär, ata-babalarymyz gadymky durmuşy ahlagy, edim-
gylymlary gahrymançylykly toslamalarda (miflerde) we efsanalarda saklanyp 
galypdyr. Gadymy hekaýatlaryň esasynda emele gelen “Oguznamada”,”Gorkut 
atada” oguz türkmenleriniň köp asyrlyk durmuşy, ahlagy, gylyk-häsiýeti çeper 
beýan edilipdir. 
Türkmen dessanlarynyň ilkinji nusgalary türki halklarda ýaňy 
dessançylyk däbi emele gelip başlan döwründe kemala gelipdir. “Gorkut ata” 
Keýumersdir Tumarlydan soňky, Görogludan öňki zaman taryhyny, çeper 
hadysalaryny özünde jemläpdir. “Gorkut atadan” öňki zamandaky halk 
edermenligi Keýumersde, Şirakda, Tumarlyda jemlenipdir. Emma olaryň 
edermenligi, ýagşylyk ugrundaky hereketleri mifiki dünýäden, mifiki 
gahrymançylykdan saplanyp bilmändir. Sebäbi şol döwrüň adamlarynyň 
aňynyň, düşüňjesiniň özenini mifiki dünýä emele getiripdir.Şoňa görä-de 
oguzlaryň gadymky ata-babalary ýagşylyk bilen ýamanlygyň, haýyr bilen şeriň, 
namart bilen merdiň aratapawudyny diňe güýç bilen saýgaryp bolýandygyna, 
ynsan güýjüniň, gaýratynyň rüstemdigini diňe hyýaly, gudratly hereketler 
arkaly ykrar edip bolýandygyna ynanypdyr. 
Adamzadyň soňky ösüşinde çeper pikirleniş kem-kemden berkeýär hem-
de 
emele 
gelşiň 
çeper 
çözgüdi 
ruhy 
gymmatlygyň 
akabasyna 
goşulýar.Adamzadyň soňky ösüşi toslamalardan, howaýy hyýaldan azda-kände 
daşlaşyp ugraýar.Şeýlelikde, ynsanyň hakyky güýjüne, mähir-muhabbetine 
sarpa goýlup başlanýar. Şonuň netijesinde Tumarly, Şirak watanyny, 
halkyny,neslini halas etmek üçin edermenlik, mertlik görkezýär. 
Oguz döwründe bu edermen şahslaryň görkezen edermenligi, 
watançylygy has-da pugtalanypdyr, öňki nesilleriň edebi we taryhy däpleri, 
şeýle hem mifiki edermenlikleri indi anyk hadysalara, anyk şahslara bagly 
bolupdyr.Harby hereketleriň ýaýbaňlanmagy,uly hem güýçli döwletleriň emele 
gelmegi ynsanyň kämilleşmegine,çeper ruhy gözlegleriň berkemegine, 
baýlaşmagyna getiripdir.Berkarar edilen uly döwletiň çeper jemgyýetçilik aňy 
oguz türkmenleriniň ruhy gymmatlygyny özünde jemlemek bilen çäklenmän, 


99 
döwletiň hökümi ýöreýän ýerlerindäki halklaryň-da folklory we edebi 
döredijiligi biri-birine ýakynlaşypdyr, umumylaşypdyr, şunuň esasynda-da 
bitewi edebi gymmatlyk emele gelipdir. Gahrymançylykly hekaýatlaryň we 
rowaýatlaryň birleşip, bitewi bir esere öwrülmegi hem şol döwürde ýüze 
çykypdyr. Alym A. Baýmyradow soňra halk döredijiliginiň Oguz han 
eýýamynyň çeper –taryhy köklerini yzarlamak bilen, bu döwürde türkmen halk
döredijiliginiň gutarnykly galyplaşandygyny, halky eserleriň oguz we gypjak 
halk döredijiligine bölünendigini ýazýar. Gorkut, Görogly eýýamlarynda 
eposlar, dessanlar ýaly uly göwrümli kyssa eserleri emele gelýär. 
Oguzlar dünýä ylmynyň ünsüni özüne çekýän köptaraplaýyn meselä 
öwrülipdir. Oguz eserleri berk taryhy kökleri bilen tapawutlanýar. Ol eserler 
diňe bir folklor ýadygärligi bolman,diliň,taryhyň,syýasatyň,harby tälimleriň 
hem ýadygärligidir. 
Gündogar halklarynyň köpüsine mahsus bolşy ýaly, türki halklar hem öz 
taryhy geçmişini agzeki ýol bilen nesilden-nesle geçirip gelipdir. Hat-ýazuw 
peýda bolansoň, ony halkyň wekilleriniň özleşdirmegi bilen kitap görnüşindäki 
ýazuwly çeşmeler-“Oguznamalar” emele gelipdir. “Oguznama” kitaby hem irki 
döwürlerde ýazuwly çeşmelerde berkidilipdir.Emma ýazuw serişdeleriniň 
ygtybarsyzlygy (deriniň gatamagy bilen ýüzüne ýazylan hatyň pytramagy) we 
irki döwürdäki hatyň ýeterlik özleşdirilmändigi sebäpli, şol çeşmeler bize gelip 
ýetmändir.Üstesine-de, araplar otparazlyk ruhy bilen ýazylan eserleri ýok 
edipdir. Şeýlelikde, “Oguznamanyň” ilkinji bitewi nusgasyny-da gola salmak 
başartmandyr. Arap we uýgur ýazuwyndaky türki kitaplaryň her halda orta 
asyrlara degişlileri saklanyp galypdyr. 
Türkmen halky “Oguznama” eposy bilen dünýä edebiýatynyň 
baýlaşmagyna önjeýli goşant goşdy.Türkmen halkynyň gelip çykyşy,onuň erkin 
durmuş, azat ýaşaýyş, asuda güzeran ugrundaky alyp baran göreşlerini beýan 
edýän bu eseriň köki has gadymy döwürlere aralaşýar.Oguz hanyň dünýä 
gelmegi we onuň dagynyk tire-taýpalary birleşdirip, oguz döwletini 
esaslandyrmagy bilen baglanyşykly rowaýatlardyr efsanalar türkmen halkynyň 
arasynda dil hem ýazuw üsti bilen giňden ýaýrapdyr. 
Geçmişde halk döredijiliginiň oguznama görnüşi öz gerimini giňeldipdir. 
Ol indi diňe bir Oguz hanyň döreýşi,taryhy söweşleri,nesilleri baradaky 
rowaýatlar däl, eýsem Oguz handan soňra dörän oguz-türkmenleriniň 
ýaşaýyşlaryny, durmuşlaryny, olaryň han-beglerini, parasat- pähimlerini hem 
suratlandyrýar. 
Şeýle eserleriň biri hem indi 1500 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen 
halkynyň ruhy çeşmesine öwrülen paýhas çuňlugynyň we pikir çugdamlygynyň 
aýnasy bolan “Oguznamalaryň” ajaýyp nusgalarynyň biri, türkmen halkyna 
gadym wagtlardan bäri mälim bolan “Gorkut ata” eposydyr. Bu eserde türkmen 
halkynyň geçmiş taryhy,durmuşy, onuň azatlyk, erkinlik, parahat durmuş, 
özbaşdak döwlet gurmak ugrundaky hereketi görkezilýär. 


100 
“Gorkut ata” eposy dürli çeşmelerde dürli hili atlandyrylýar. Orta 
Aziýada onuň “Gorkut ata” ady has ýörgünlidir.Drezden nusgasynda eposa 
“Kitaby dädem Gorkut ala lisany taýfany oguzan” (Gorkut atanyň kitaby oguz 
taýpalarynyň dillerinde) diýlipdir. 
“Kitaby dädem Gorkut”(“Kniga moýego deda Korkuta”, Moskwa, 1962g.) 
kitabynda eposyň Drezden golýazmasynyň 12 şahasynyň W.W.Bartold 
tarapyndan rus diline terjimesi, bu kitap barada W.W.Bartoldyň, A.Ýu. 
Ýakubowskiniň hem-de W.M. Žirmunskiniň makalalary ýerleşdirilipdir. 
Kitapda W.W.Bartoldyň “Türk eposy we Kawkaz” diýen makalasynda bu 
epos orta asyr türkmen eposy diýlip atlandyrylýar.Awtor eposy düzýän gadymy 
oguzlar baradaky rowaýatlaryň Türkmenistanda hem Kiçi Aziýada mälim 
bolandygyny, onuň kitap görnüşine getirilen döwrüni XV asyryň başlaryna 
degişli hasaplaýandygyny nygtaýar. 
A.Ýu. Ýakubowskiniň kitapda ýerlişdirilen “Kitaby Gorkut”we onuň irki 
orta asyrlarda türkmen jemgyýetiniň taryhyny öwrenmekde ähmiýeti” diýen 
makalasynda Gorkudyň obrazynyň döreýşi örän irki döwürlere degişli edilýär. 
Awtor eposyň aýry-aýry şahalarynyň has irki döwürde, oguzlar entek Kawkaza 
gelmänkäler Orta Aziýada döräpdir diýen netijä gelýär. 
W.M.Žirmunskiniň kitapda ýerleşdirilen “Oguz gahrymançylyk eposy we 
“Gorkudyň kitaby” diýen uly göwrümli makalasynda eposyň öwrenilişinden 
başlap, ondaky wakalaryň ýaýbaňlanýan taryhy döwrüne, hatda eposyň aýry-
aýry şahalarynyň mazmunyna degişli köp meseleleriň üstünde giňişleýin durlup 
geçilýär. Bu awtor hem oguz gahrymançylyk eposynyň mazmunynyň ilkibaşda 
Orta Aziýda döräp, soňra Seljuklar imperiýasy döwründe Günbatara- 
Azerbaýjana, Zakawkazýä we Kiçi Aziýa ýaýrapdyr diýen netijäni çykarýar. 
Gündogarda gutarnykly düýbi tutulan bu epos Günbatarda gutarnykly 
forma gelen oguz epiki däpleriň jemidir.“Gorkut ata” eposy halklar arasynda 
dostlukly gatnaşyklary ündeýär.Dostluk-doganlyk adamzat jemgyýetiniň 
hemme döwründe-de bahasyna ýetip bolmajak ahmiýete eýedir. 
“Görogly” eposynyň bize gelip ýeten ýazgylary XV111 asyryň birinji 
ýarymyna degişlidir. Emma eposyň has irki döwürlere degişli ýazgylarynyň 
hem bar bolan bolmagy mümkin diýlip çaklanylýar. “Görogly” toplumyndaky 
eserleriň biziň döwrümize gelip ýeten ilkinji ýazgylarynyň biri 1721-nji ýylda 
Töwrizde ermeni elipbiýinde Ylýas Muşegýan tarapyndan amala aşyrylýar. Ol 
şol döwürde Töwrizde we Töwriz sebitlerinde türki dillerinde aýdylýan 
aýdymlary toplap, olaryň golýazma ýygyndysyny taýýarlapdyr. Şol golýazmada 
Koroglynyň (Göroglynyň) ady bilen şygyrlar, aýdymlar ýerleşdirilipdir. 
X1X asyrda Görogly hakyndaky rowaýatlar, aýdymlar gruzin halkynyň 
arasyna-da ýaýrapdyr. XX asyryň başlarynda “Görogly” eposynyň köp ýazgysy 
azerbaýjan bagşylaryndan (aşuglaryndan) ýazylyp alynýar. 


101 
Ýokarda getirilen mysallar “Görogly” eposynyň Zakawkazýä giňden 
ýaýrandygyna we halk köpçüligi tarapyndan oňat garşylanandygyna şäýatlyk 
edýär. 
Eposyň köp şahasy Özbegistanda ýazylyp alynýar. Göçürilen wagty X1X 
asyra degişli bolan “Görogly” golýazmasy göwrümi taýyndan tapawutlanýar. 
Arap elipbiýindäki bu golýazmada türkmen dessanlarynyň dili we stili 
doly saklanylýar.Golýazmadaky eser türkmen eposynyň aýry-aýry bölümlerine 
has ýakyndyr. 
Görogly hakyndaky eserler türkmenlerde, özbeklerde, täjiklerde, 
garagalpaklarda, gazaklarda, şeýle hem Zakawkazýede dürli aýdyjylaryň 
dillerinde dürlüçe ýaňlanýar.Olaryň hemmesinde-de Görogly we onuň 
egindeşleri ýurt goraýan,adalat üçin göreşýän watançy ýigitler hökmünde 
hereket edýärler. 
Türkmen milliligi alamatlandyrýan ruhy gymmatlyklara baý halk. 
Watansöýüjilik, gahrymançylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, 
ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly asylly häsiýetler halk döredijilik 
eserlerine-eposlardyr 
dessanlara siňdirilipdir. Bu milli aýratynlyklar 
“Oguznama”,”Gorkut ata”,”Görogly” ýaly eposlarda örboýuna galýar. 
Eposlarda halkymyzyň örän gadymy we orta asyrlardaky ynançlary, däp-
dessurlary, durmuş ýagdaýlary şöhlelendirilýär. Olar Watan, toprak üçin alnyp 
barlan göreşleriň, geljek hakdaky arzuw-islegleriň aýnasy hökmünde uly 
ähmiýete eýedir. Gahrymançylykly bu eposlar türkmeniň milli guwanjyna 
öwrülipdir. 
Epos daşky görnüsi boýunça dessanlara çalymdaş. Dessanlarda bolşy 
ýaly, eposlarda-da kyssa bilen şygyr gezekleşip gelýär.Onuň kyssa bölegi 
wakalary görkezip, sýužetini ösdürýär. Şygyrlar gahrymanlaryň içki dünýäsini 
açyp görkezýär,başga hadysalara,adamlara gatnaşygy-da çeper dilde ýüze 
çykarýar. 
Daşky meňzeşikleriň bardygyna garamazdan, eposlaryň dessanlardan 
tapawutly aýratynlygy-da bar: 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   64   65   66   67   68   69   70   71   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling