Hojamyrat Goçmyradow


Birinjiden, Görogly bilen kyrk ýigidiň özara şowhunlylygyny, ýoldaşlyk  degişmesini görkezmek üçin.  Ikinjiden


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet92/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   88   89   90   91   92   93   94   95   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Birinjiden, Görogly bilen kyrk ýigidiň özara şowhunlylygyny, ýoldaşlyk 
degişmesini görkezmek üçin. 
Ikinjiden, şalaryň, han-begleriň bolgusyz sypatlarynyň, masgaraçylykly 
taraplarynyň üstünden gülmek üçin. 
“Görogly” eposynda aýry-aýry gahrymanlar dil aýratynlyklary taýyndan
tapawutlanýar. Emma Göroglynyň dili welin hemme taraplaýyn ösdürilen. Ol 
adamlaryň hersiniň häsiýetine görä söz tapýar. Towly gepleşýän ýerlerem bar. 
Görogly gepe-söze ökdeligi bilen päli bozuk adamlara-da göz görkezýär. 
Azgynlary pälinden gaýtarýar. Pälinden gaýdan adama-da adamkärçilikli jogap 
berýär. 
“Görogly”eposynyň gahrymanlary, esasan-da Görogly gahar- gazabyň, 
ýaňsa-degişmäniň nirede ulanylmalydygyny bilýär. “Tagsyr”, “patyşahym”, 
“ur-öldür” ýaly sözleri ulanyp, özüni olara ýakyn adam ýaly görkezýär. Onuň 
käbir ýaňsylamasynda bolsa kakdyrylyp aýdylýan gülki bar. Hüňkär patyşa 


144 
ondan düýrme gylyjyny, Leke patyşanyň gyzy Gülruhy soranda, Görogly: 
“Päheý, dileg diýeniň şümi” diýip ýaňsylaýar. 
Zeýnel kempir (Hüňkäriňki), Zulman kempir (Nişapurdan)- bularyň 
ikisem Göroglynyň ýurduna iberilen içaly. Olaryň gepleýişleri-de, 
haýýarlyklary-da biri-birinden tapawutly. Kempirleriň gepleýişleri (dil 
aýratynlygy) 
häsiýetlerini 
açýar, 
ahlak 
aýratynlygyny 
görkezýär. 
Häsiýetlerindäki ýaramaz gylyklar gepleýiş dillerinde hem görünýär. 
Çeperçilik serişdelerinden suratlandyrmalaryň ulanylýan ýerlerem az däl. 
Olar esasanam tebigaty, adam keşplerini suratlandyrmakda ulanylýar. Eposda 
ulaltma, kiçeltme, meňzetme, deňeşdirme ýaly çeperçilik serişdelerem ýerlikli 
peýdalanylýar. 80 goýnuň derisinden içmegiň, 40 goýnuň derisinden-de telpegiň 
bolmagy ulaltmadyr. 
Göroglynyň Agaýunusy almaga gidende, perizadyň ýolunda ýatan 
ajdarhany gylyjy bilen bir uranda iki bölüp taşlamagy, alty aýlyk ýoly alty 
günde geçmegi-de hyýaly ulaltmadyr. Eposda şunuň ýaly ulaltmalaryň 
getirilýän ýerleri başga-da köp. Wakany gyzykly beýan etmekde ulaltmalaryň 
peýdasy uly. 
“Agzy dagyň gowagy”, “Murty kürräň guýrugy” ýaly deňeşdirmeleriň 
ulanylmagy ýa-da burnuň susaga, gözüň guýa, kellesiniň tamdyra meňzedilmegi 
göwrüminiň ululygyny, äpetdigini, eýmençdigini görkezmekde peýdaly. 
Eposda adamyň daşky sypaty barada getirilýän käbir deňeşdirmedir 
meňzetme onuň içki dünýäsini açýan serişde hökmünde ulanylýar. Eseriň 
“Kempir” şahasynda şeýle diýilýär: …Görogly kempiriň daşky sypatyny görüp 
tisgindi. Asyl tisginmezçe-de däldi: onuň agzy opurylan ojak kimin,burnuna 
etip ýatan eňegi kürek kimin, saçlary çaman gyr baýtalyň ýaly kimin, gözleri 
bulançak suw kimin, alkymynyň aşagyndaky damarlary dadyranyň köki kimin, 
ýüzüniň ýygyrtlary demirçiniň körügi kimin bolup, iki eplenip ýatan kempir 
düýşüňde görünse ýüregiňi ýarjakdy. 
Aýal-gyzlaryň syratyny, owadanlygyny suratlandyrmakda ertekiçilik 
däbi-de ulanylýar. Aýal-gyzlaryň ýüzleriniň aý ýaly, alkymlarynyň aşagynyň 
kyrkçilläniň gary ýaly edilip görkezilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 
Eposda “Gazma düşersiň, ýakma bişersiň”, “Il oňlasa atyňy soý”, “Müň 
gaýgy bir iş bitirmez”,”Azaşan yzyny tapsa ýagşy” ýaly nakyllardyr atalar 
sözem getirilýär. Çeperçilik serişdeleriniň ulanylmagynyň eposyň gyzykly 
okalmagyna ýetirýän täsiri uly. 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   88   89   90   91   92   93   94   95   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling