Hojamyrat Goçmyradow


“Görogly” eposynda däp-dessurlar


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet91/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   87   88   89   90   91   92   93   94   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

“Görogly” eposynda däp-dessurlar. 
Eserde ulanylan çeperçilik serişdeleri 
“Görogly” eposy türkmeniň milli häsiýetine, däp-dessuryna baý eserdir. 
Milli däp-dessurlar eposda ussatlyk bilen suratlandyrylýar. 
Eposda halk bilen maslahatlaşyp çaga at dakmak däbi “Göroglynyň 
döreýşi”şahasynda şeýle beýan edilýär: “Jygalybeg jar çekdirip, Çandybiliň ähli 
halkyny ýygnap, janly soýduryp, gaýnatma asdyryp, çanak-çanak nahar 
çekdirip, oturan agyr märekä maslahat saldy: 
-Aý, halaýyklar, men Adybegiň yzy binyşan galdy diýip, näumyt bolup, 
gynanyp ýördüm, bu gün bolsa Hudaýym maňa bu çagany Adybeg oglumdan 
nyşan berdi. Bu çaga türkmen ulus-iliniň gerçek goç ýigit ogly bolsun. Bu çaga 
siz at goýuň-diýdi.” 
Eseriň şu şahasynda türkmeniň myhmansöýerligi-de görkezilýär: 
…Hüňkär patyşanyň zulmundan gaçyp, Üçgümmez dagynda gizlenen 
Jygalybegiň ýekeje sygyrdan başga hiç zady ýokdy.Dag jülgesinde gezip ýören 
Görogly kyrk galandara duşýar.Olar taňry myhmany bolmak isleýär. Görogly 
galandarlaryň islegini atasyna aýdanda, Jygalybeg: 


142 
-Oglum, taňry myhmany gelip, işigimizden gaýdan ýeri ýokdur. Bar äkel, 
alajy bolar- diýenden soň, Görogly bu galandarlary öýlerine getirýär we ýekeje 
sygryny soýup, olara hyzmat edýär. 
Türkmen özüniň milli häsiýeti boýunça giň göwrümli, parasatly, sabyrly, 
watansöýüji, ruhubelent hem gaýduwsyzdyr. Kyn, çylşyrymly ýagdaýlardan baş 
alyp çykmagy başarýar. 
Eposda Jygalybegiň obrazy, onuň peýdaly maslahatlary türkmen 
ýaşulusynyň obrazyny ýadyňa salýar. Jygalybegiň Hüňkär tarapyndan kowga 
sezewar bolan pursadynda, onuň agtygyna (Görogla) berýän maslahatlary 
adamyň inçe duýgusyna täsir edýär. 
Telim “kowha-kowlugy”,”gaçha-gaçlygy” başdan geçiren Jygalybeg 
duşmanyň kowup gelýändigine garamazdan, özüni örän parahat alyp barýar. 
Ähli kynçylykdan parasatlylyk bilen baş alyp çykýar: “Aý, oglum, şeýle gaçha-
gaç, kowha-kow wagtynda hiç howsala düşmek gerek däldir, sowuk ganly 
bolup, ýüregiňi ýerinde saklamak gerekdir. Seniň münüp oturan malyň hem 
seniň bilen ýürekdeş ahyry. Haçan sen howsala düşüp, uýluklaryňy sandyradyp 
gowşadaňda, uýan tutuşyňy ýitireňde, ol janawerem seniň gorka düseniňi aňyp, 
toýnak kakyşyny ýitirýär. Sen özüňi ýitirme, oglum! 
Ýüregiňi ýerinde berk sakla, yzyňa köp garama. Malyňy gaty gyssama-da, 
arkaýynlyk bilen sür, oglum!”- diýip, agtygyna maslahat berýär. Kowgy edýän 
duşmanyň münen atlarynyň gylyk-häsiýeti, syr-sypaty bilen baglanyşykda, 
olardan gutulmagyň ýollaryny öwredýär. 
At-türkmeniň ýoldaşy. Aty söýmek türkmeniň däbi. “Ir tur-da ataňy gör, 
ataňdan soň atyňy” nakylyna uýsak, onda türkmen atyny atasynyň yzýanyndaky 
orunda goýýar ahyryn. Eposda Gyratyň obrazy okyjynyň ünsüni 
çekýär.Göroglynyň Gyraty ýel ýaly ýuwrük, guş kimin uçujy, pil dek güýçli, 
adam dek huşly, dost-duşmany saýgarmaga ukyply, aşyk-magşuk dek wepaly. 
Görogly Gyrat bilen alty aýlyk ýoly alty günde geçýär.Gyrat kämahal adam 
ornunda iş bitirýär. Öňünden geleni gapýar, yzyndan geleni depýär.
Göroglynyň başyna agyr iş düşende, gözünden ýaş dökýär. Öýdäkileri ýagdaý 
bilen habarly edýär. 
Türkmen aç-açanlygy, ygrarlygy, dogry pikiri däbine siňdirýär. Şunuň 
bilen birlikde, namartlygy, ýalançylygy-da ýigrenen halk. Türkmeniň şu däpleri 
“Görogly” eposynda açylyp görkezilýär . 
Göroglynyň bar ýerinde her kim öz pikirini, islegini çekinmän aýdýar. 
Kyrk ýigidiň arasyndaky edilmeli işler gorky esasynda ýola goýulmaýar. 
Hemme zat sylag, hormat esasynda, birek-birege hyzmatdaşlyk esasynda 
çözülýär. Ýaraňjaňlyk, gorkaklyk ýaly ýaramaz gylyk-häsiýetler ýazgarylýar. 
Mertlige, akyl-parasada uly hormat goýulýar. Toý-meýlis, saz-söhbet söýülýär. 
Görogly köpçüligi söýen adam. Eposda ýönekeý halk köpçüligi 
Göroglynyň ýakyn hossary edilip görkezilýär. Görogly hemme ýerde olara 
duýgudaşlyk bilen garaýar. Göroglynyň köpçülik tarapyndan söýülmeginiň, 


143 
hormat goýumagynyň düýp sebäbem şundadyr. Göroglynyň ýurduň namysy 
üçin janyny aýamazlygy, halka wepalylygy, gaýduwsyzlygy türkmeni 
guwandyrypdyr hem-de buýsandyrypdyr. 
Türkmen öz taryhynda goňşy halklar bilen dostlukda, agzybirlikde ýaşan 
halk. Onuň Öwez ogluna, Hasan ogluna, Taýmaz begine özge halklardan gelin 
alyp bermegi, Bezirgen, Mustapa kürt bilen dogan okaşmagy, Gürjüstanly 
Saňsar baba bilen ataly-ogul bolmagy… ýaly ençeme deliller munuň aýdyň 
subutnamasydyr. 
Türkmeniň baş däbi-watansöýüjilik. Watany goramakda ýarag ulanmagy 
başaran halk. Görogly hem ata-baba däbine eýerip, ok-ýaýdan başga-da, gylyç, 
naýza, şeşmir ýaly ýaraglardan peýdalanýar. Eposda top, tüpeň, sapança ýaly 
ýaraglaryň atlary-da tutulýar. Emma bu ýaraglar orta asyrlarda bolmandyr. 
Bular eposa has soňky döwürlerde girizilipdir. 
Eposda türkmeniň her bir meselede geňeşmek, maslahat bermek, nika 
gyýlanda iki tarapyň hem razylygyny almak, 40 gije-gündiz toý tutmak, aýal-
gyzlara hormat goýmak hem-de olaryň maslahatyny almak, ýalnyşyňa düşünip, 
toba etmek, gelin-gyzlary şaý- sepler bilen bezemek ýaly däp-dessurlar hem 
beýanyny tapýar. 
“Görogly” eposy gyzykly okalýan eser. Epos şowhunly çeper dili, 
adamlardaky gülküli häsiýetler bilen tapawutlanýar.”Göroglynyň ölümi” 
şahasyndan başgasynda Görogly we onuň ýigitleriniň şatlygyny, meýlisini, 
degişmelerini görmek bolýar. 
Eposyň dili çeper. Çeper dil, umuman çeperçilik serişdeleri wakany, 
gahrymanlaryň içki dünýäsindäki duýgyny açyp görkezmekde uly ähmiýete 
eýedir. Çeperçilik serişdeleri faktlaryň aňyrsyndaky manyny ýüze çykarmakda, 
aýry-aýry obrazlary döretmekde esasy çeşmedir. 
“Görogly” eposynda gülki, degişme kän ulanylýar. Ýöne olar esasan iki 
maksat üçin ulanylýar: 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   87   88   89   90   91   92   93   94   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling