Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet100/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   96   97   98   99   100   101   102   103   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

“Saỳatly-Hemra” dessany 
Türkmen dessanlarynda köpaỳallylyk meselesine seỳrek duş gelinỳär. 
Emma “Saỳatly-Hemra” dessanynda welin gahryman ozal öỳlenendigine 
garamazdan, aỳalynyň üstüne ikinji bir aỳaly alỳar. 
Dessan Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriň Kawkazda, Eýranyň 
günbatarynda höküm süren döwürlerindäki wakalara esaslanylyp döredilipdir. 
Dessanyň gahrymanlary - türkmenler. Eserdäki beỳan edilỳän däp-
dessurlar, tebigy hadysalar, gahrymanlaryň häsiỳetindäki aỳratynlyklar gös-göni 
türkmenlere degişli. Ýöne welin käbir kowumdaş halklarda hem (azerbaỳjan, 
özbek) dessanyň nusgalary bar. Şeỳle bolsa-da, eser türkmenleriň arasynda 
kemala gelýär. Dessan bir wagtlar Kawkaz territoriỳasynda ỳaşan seljuk 
türkmenleriniň rowaỳatlary esasynda ỳüze çykypdyr. 
“Saýatly-Hemra” dessanynyň kompozision gurluşy ýönekeý bolup, onda 
wakalar gyzykly edilip görkezilýär. Dessanda esasan söýgi, mertlik, namartlyk 
meselesi gozgalýar. Dessan yslam dininden soňra döräpdir. Şonuň üçinem onda 
köpaỳallylyk meselesi açyk görkezilýar. 
Dessanyň esasy sỳužeti perzent diläp, Allatagala ỳalbarmakdan, çaganyň 
dünỳä inmeginden, ony terbiỳeläp ỳetişdirmekden, iň soňunda öỳleniş toỳunyň 
tutulmagyndan, öỳlenen ỳigidiň başga bir şa gyzyna gaỳybana aşyk 
bolmagyndan ybarat. 
Aỳally gahrymanyň, ỳagny Hemranyň başga bir şazada-Saỳathana 
gaỳybana aşyk bolmagy, gyzyň yzyndan gitmegi, ol ỳerde onuň bilen bolmagy, 
soňra Hemranyň Saỳathany alyp, yzyna gaỳtmagy we ilkinji aỳaly Selbinyỳaz 
bilen duşuşmagy, işiň şowly tamamlanmagy - esasy tema syrykdyrylan ikinji 
sýužetdir. Şu iki sany sỳužete ỳene-de birnäçe wakalar goşulỳar. Şol wakalaryň 
hem düỳbünden özbaşdak häsiỳetleri bar. Ýöne welin şol wakalar dessanyň 
mazmunyny has-da çuňlaşdyrỳar. 
Geliň, dessana goşmaça girizilen wakalaryň käbirine – berzeňňiler 
tarapyndan gahrymanlaryň ỳesir alynmagy baradaky waka garap göreliň. 
Dessandaky bu wakadan mälim bolşy ỳaly, gahrymanlar Gyzylalma şäherinden 
Häzirbeýjana (Azerbaýjana) öwrülip gelỳärkäler, berzeňňileriň eline ỳesir 
düşỳär. Olar Hemrany iỳmekligi, Saỳathany bolsa öz ygtyỳarlaryna alyp, 
hyzmatkär edinmegi ỳüreklerine düwỳärler. Emma jellat Hemranyň tanşy, 
ỳagny Selbinyỳazyň Hemranyň yzyndan iberen adamsy bolup çykỳar. Onuň ady 
Nyýazdy. Ol hem Hemranyň yzyndan barỳarka, ỳolda berzeňňileriň eline ỳesir 
düşỳär. Berzeňňiler onuň ỳoldaşlaryny iỳip, diňe özüni jellat hökmünde 
galdyrỳarlar. Nyýaz bu sapar berzeňňilere ỳüzlenip: “Muny bakmasak, bu örän 
hor eken” diỳip, Hemrany ölümden halas edỳär. Soňra Saỳathanyň kömegi bilen 
berzeňňileriň kyrkysam öldürilỳär we gahrymanlar Häzirbeýjana tarap ỳola 
rowana bolỳarlar. 


163 
Dessana goşmaça girizilen bu wakadan görnüşi ỳaly, Saỳathanyň 
dogumlylygy, kyn ỳagdaỳlardaky ugurtapyjylygy görkezilỳär. 
Dessan halk arasynda örän ỳörgünli. Ondaky goşgularyň köpüsi halk 
aỳdymlaryna öwrüldi. Dessanda sazyň güỳjüne uly ähmiỳet berilỳär. Onda 
ynsan we tebigat gözelligi-de wasp edilỳär. 
Indi 
dessandaky 
obrazlar 
ulgamyna garap geçeliň. Türkmen 
dessanlarynyň ählisinde-de gelin-gyzlar barada aỳdylỳar. Emma “Saỳatly-
Hemrada” welin gelin-gyzlaryň obrazyna aỳratyn orun berilỳär. 
Selbinyỳazyň obrazy. Selbinyỳaz Aşyk Mahmydyň ýekeje gyzy. Ol 
mylaỳym, görmegeỳ, öz söỳgüsine wepaly gyz. Hemra ilkinji aỳaly Selbinyỳazy 
goỳup, başga bir şa gyzynyň yzyndan gidỳär. Selbinyỳaz gara geỳnip, 
Hemranyň yzyndan ugraỳar we ony ỳolundan gaỳtarmaga çalyşỳar. 
Selbinyỳazyň gözỳaşy, ỳalbarmasy Hemra hiç hili täsir etmeỳär. 
Dessanda Selbinyỳazyň kemsidilýändigi görkezilse-de, onuň wepalylygy, 
çydamlylygy, adamkärçiligi has belentde durýar. Selbinyỳaz Hemrany 
Gyzylalma şäherine gitmekden saklap bilmän, yzyna gaýdýar. Ýolda Hemranyň 
atasy Aşyk Ahmet öňünden çykanda, Selbinyýaz zar-zar aglap, Hemradan 
aýrylanyny beýan edende, şeýle diýýär: 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   96   97   98   99   100   101   102   103   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling