Hojamyrat Goçmyradow


Köýnegiň nähili, çyraň peltesi ýaly


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet36/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   32   33   34   35   36   37   38   39   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Köýnegiň nähili, çyraň peltesi ýaly. 
Aýagyňdaky ädigiň nähili, kündeli ýaly. 
Ýomaklarda dürli meňzetmeler, ýaňsylamalar getirilýär. Emma onuň üçin 
adamyň daş-görnüşiniň, gylyk-häsiýetiniň, gepleýşiniň, işleýşiniň ýomaklarda 
görkezilişi ýaly bolmagy hökman däldir 
Ýomaklar iki adamyň söz bäsleşigini geçirmekde, çeper eserlerde 
meňzetme hökmünde ulanmakda oňaýlydyr Ýomaklar dili baýlaşdyrýar, pikiriň 
täsirli bolmagyna ýardam berýär. Ýaş ýetginjekde dilewarlygy, ugurtapyjylyk 
ukyby taplaýar. 
Ýomaklary toplap, olary öwrenmegiň ähmiýeti uly. Ýomaklaryň ýörite 
ýygyndysy “Ýomaklar we degişmeler’ ady bilen 1964-nji ýylda neşir edildi. 
 
Alkyş-dilegler 
Halk döredijiligi – adamzat ahlagynyň iň ýokary nusgalaryny özünde 
jemleýän tükeniksiz ruhy baýlykdyr. Halky eserleriň üsti bilen däp-dessurlar, 
adamkärçilik sypatlary şu döwre ýetirildi. Emma ýurt Garaşsyzlygyna çenli din 
bilen baglanyşykly halky eserler öwrenilmedi. Şeýle eserleriň biri hem alkyş – 
dilegler, doga – töwürlerdir. 
Alkyş – biriniň eden ýagşylygy üçin aýdylýan söz. Ýagşylyk üçin alkyş 
okalýar, alkyşlanylýar. Alkyşlamak hususy ýa-da il bähbitli häsiýetde bolýar. 
Dileg – adamyň isleg-arzuwydyr. Dileg diňe gowy hem-de ýagşy 
häsiýetde bolýar. Türkmenler milli häsiýetine görä, ýaman dileg etmeýär. 
Alkyş-dilegler ruhubelentligiň çeşmesidir. Olar adamlary ýagşylyga, 
haýyr işler bilen meşgullanmaga, ýaramaz endiklerden saplanmaga çagyrýar. 
Alkyş-dilegler adam ömrüniň uzalmagyna, tutumly işiniň şowly bolmagyna, 
ruhubelent ýaşamagyna täsirini ýetirýar. 
Alkyş-dilegler, doga-töwürler halky eserleriň iň gadymy görnüşleriniň 
biridir. Olar adamlar ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanyp başlan 
döwürlerinde ýüze çykypdyr. Ekin ekende, awa gidende biri-birine gowy 
dilegleri edipdir. 
Awa ugrap barýan awça: “Awuň ganly bolsun” diýlipdir. Ol hem “Awum 
janly” diýip, tüpeňini gazanyň içine aýlapdyr. Bu onuň “Awum şowly bolsun” 
diýip, yrym etdigi ekeni. 
Ekin ekip başlanlarynda, “Tohumyň müňlesin”, hasyl alanlarynda, 
“Harmanyňa bereket” diýen ýaly ýagşy niýetler edilipdir. Dileg edilýänler hem 
öz gezeginde “Ömrüňe bereket”, “Aýdanyň gelsin”, “Taňryýalkasyn, hern-ä 
şeýle bolsun-da” diýip jogap beripdir. 
Alkyş-dilegleriň irki sadaja görnüşleri orta asyrlaryň gadymy 
şäherjiklerinden tapylan gap-gaçlaryň ýüzünde-de gabat gelýär. 


50 
Şol gap-gaçlarda: “Şu gapda nahar iýeniň işdäsi açyk bolsun”, “Bereketli 
bolsun”, “Şu gabyň eýesi uzak ýaşasyn” diýen ýaly dilegler ýazylypdyr. 
Soňky döwürdäki alkyş-dilegler timarlanyp kämilleşýär. Aň-düşünje 
ösdügiçe, kämil halky eserler döreýär. 
“Ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň hak bolsun”, “Alnyňy hak açsyn”, 
“Alnyňyzdan ak gün dogsun”, “Alla beren umydyň üzülmesin”, “Taňryň ýakan 
çyragy öçmesin” diýen ýaly dilegler döredilýär. 
Alkyş-dilegler soňabaka şygyr setirlerinde-de gabat gelýär: 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   32   33   34   35   36   37   38   39   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling