Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet37/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Şaman ot, 
Boldum şat. 
Parlap üstüňden bökdüm, 
Zarlap günämi dökdüm, 
Sygyndym saňa zarlap, 
Goýmagyn meni harlap, 
Uzak ýaşat ýaşymy, 
Ýetir rysgal-aşymy. 
Alkyş-dilegleriň köpüsi ýurdumyza yslam dini aralaşansoň döräpdir. 
Keramatly Gurhanyň her bir süresinde diýen ýaly Allatagalanyň adyna dilegler 
bar. Halk süreleri, aýatlary doga-töwürde okap gelýär. 
Beýik Biribardan dileg edenlerinde, öz alkyş-dilegleriniň Allatagala 
tarapyndan kabul ediljekdigine umyt bildirilýär. Sebäbi “Ýagşy niýetli, pes pälli 
adamlaryň, agzy dogaly, arassa, halal adamlaryň dilegleri gudratly Taňrynyň 
dergähinde kabul bolarmyş” diýen ynam-ynanç ýaşap gelýär. 
Türkmeniň alkyş-dilegleri halk döredijilik eserlerine-de siňdirilýär. 
“Gorkut ata” eposynda her boýuň yzynda Gorkut ata çagyrylýar. Ol öz iliniň 
edermen ýigitlerine alkyş-dileg edýär. Şol alkyş-dilegler häzirki döwürde hem 
ähmiýetini ýitirenok: 
Ýom bereýin, hanym, ýerli gara daglaryň ýykylmasyn,
kölegeli agaçlaryň kesilmesin, görkli akar suwuň 
guramasyn, ganatlaryň ujy gyrylmasyn
Bu dilegleriň näsaga em-ýom eden ýaly peýdasy uly bolupdyr. 
“Gorkut ata” eposynyň “Dirse han ogly Bugaç han boýny beýan eder” 
diýen boýunda Dirse hanyň aýalynyň maslahaty bilen açlary doýrandygy, 
ýalaňaja don berendigi, borçlulary bergi borjundan gutarandygy, nahardan soň 
el göterilendigi, hajat dilenendigi, onsoň bir agzy dogalynyň dilegi bilen 
Allatagalanyň bir ogul berendigi aýdylýar. Eposda şeýle mysallar başga-da köp. 
Halk arasynda “Ýagmyr bilen ýer gögär, alkyş bilen är gögär” diýen 
pähim bar. “Gargyş alan baýnamaz” diýen ynanç hem halkyň aňyna berk 
ornaşypdyr. 
“Görogly” eposynda, dessanlarda bolşy ýaly, klassyk şahyrlayň 
eserlerinde-de alkyş-dileglere gabat gelmek bolýar. 
Magtymguly Pyragy: 


51 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling