Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet39/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

 
 
 
Näme berseň, nagt ber, 
 
 
 
Abraý ber, at ber, 
 
 
 
Şan ber, şöhrat ber 


52 
 
 
 
Hor etme, zar etme, 
 
 
 
Namarda giriftar etme. 
 
 
 
 
 
Ämin! 
Naharyň, her iýmitiň töwüri bar. Nahar iýlendäki töwür:
Bissimillahi rahman-rahym, 
Tagamyň hakyna, belaň depine, 
Goýma namardyň gepine, 
Eltsin rysgalyň köpüne, 
Bereket bersin, 
Hereket bersin, 
Kast edenler pes bolsun, 
Külli belalar dep bolsun, 
Gazananyň ýaşy uzyn bolsun, 
Çeşmesine bereket! 
 
 
Ämin!
Gawun-garpyz iýlendäki töwür: 
Şirin – nabat, 
Mezit azat, 
Pygamber, Hudaýa salawat, 
Ekene, dikene, 
Babadaýhana nagt barsyn, 
 
 
Ämin! 
Tagam iýlip bolnansoň, galdyrylýan töwürlerde ýagşy dilegler edilýär. 
Şol dilegleriň Allatagalanyň dergähinde kabul boljakdygyna umyt baglanylýar.
Ýurt Garaşsyz bolansoň, dini baýramçylyklar dikeldilip, dini ynançlara 
ýol berildi. Baýramçylyklarda okalýan aýat-töwürlerde, namazlarda alkyş-
dilegler edilýär. Ýagşy dilegler bilen ynsan terbiýesi kämilleşdirilýär, ýaramaz 
gylyklardan saplanylýar.
Alkyş-dilegleriň ynsan terbiýesindäki hyzmaty göz öňünde tutulyp, olar
toplanylýar hem öwrenilýär. Şu maksat bilen alym S.Güjükowyň “Alkyşlar-
dilegler sözlügi” (Aşgabat,1997ý.) diýen kitaby çap edildi. 
Agylar (matam) 
Agylar (matam) – halk döredijiliginiň iň gadymy žanrlarynyň biri. Agy- 
ölüm-ýitimde gynanç bildirilip edilýän sesdir, ýas ýerinde başly-barat aýdylýan 
bentdir. 
Gadym zamanlarda biziň ata-babalarymyz Güne hudaý hökmünde garap, 
oňa çokunypdyr. Gün ýaşanda “Hudaý gitdi” diýip aglaşypdyr. Agy ýas 
tutmakdyr. Ýas sözi As (günüň ýaşmagy) sözi bilen baglanyşykly döräpdir. 


53 
Adam aradan çykanda aglamak dessury şol döwürden başlanýar. Ýas 
tutulanda gara geýnilipdir. Gara geýinmek Günüň ýaşmagy, tümlük bilen 
baglanyşdyrylýar. 
Agylar ýuwaş-ýuwaşdan halk döredijilik eserlerine-de aralaşýar. Gadymy 
Oguz dessany “Alp Är Tungada” gahrymanyň ölümini eşidip, halkyň ýaka 
ýyrtandygy, uly ahy-nala çekip, gözýaşynyň gurap galandygy aýdylýar. “Gorkut 
ata”eposynda Banu Çeçegiň başga birine berilýändigi üçin kyrk ýigidiň 
hemmesiniň bögüre-bögüre aglaşandygy, zarlyk kylandygy teswirlenilýär. 
“Görogly” eposynyň “Bezirgen” şahasynda Aýsoltanyň nalasy ýürekleri 
sarsdyryjy agylaryň biridir. 
X1 asyr alymy M. Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” (Türki dilleriň 
diwany”) eserinde hem agy bentlerine duş gelmek bolýar. Diwandaky bentleriň 
birnäçesinde adamlaryň ýaka ýyrtyp aglaýyşlary, böri ýaly uwlaýşlary, 
sygyryşyp ses edişleri hakda ýatlanylýar. Bentlerde merhumyň ile eden 
ýagşylyklary agzalýar. Çüňki merhumy diňe ýagşylykda ýatlamak türki 
halklaryň ählisine-de häsiýetlidir. 
Agylar ölüm-ýitim bilen baglanyşykly ýörite bellenilýän günlerde (ölen 
güni, üçi, ýedisi,kyrky) merhumyň ýakyn hossarlary, esasan-da aýallar 
tarapyndan aýdylýar. 
Agylaryň halk döredijiliginiň beýleki žanrlaryndan tapawudy sanawaç 
şekilinde aýdylýanlygydyr, ähli ýere ýaýrawynyň deňligidir, merhumyň kimdigi 
bilen baglylykda, käbiri dürli mazmuna eýe bolaýmasa, az-kem sözleri 
üýtgedilen, köplenç şol bir meňzeş bentlerden ybaratdygydyr. Olaryň ýene-de 
esasy tapawudy mazmunynda ýüze çykýar. Agylaryň ýüze çykyşy ýas, ölüm-
ýitim bilen baglanyşykly bolup, bir aýal tarapyndan ýerine ýetirilmän, ýasy 
tutulýan adamyň dogan – garyndaşlarynyň, hossarlarynyň aýal topary 
(ejesi,enesi,aýaly, aýal dogany, gelnejesi we ş.m.) tarapyndan aydylýar. Halk 
döredijiliginiň agylar žanry – diňe aýallar şygyrýetidir. Agylaryň “agy”, 
“ses”,”ses etmek” diýlip atlandyrylýan ýerlerem bar. 
Agylaryň temasy köplenç maşgala çäginden daşlaşmaýar. Ýasy tutulýan 
adamyň özüniň, maşgalasynyň başyndan geçiren wakalaryna çenli maglumat 
berilýär. Ýasda aýdylýan agy bentlerinde çarwaçylyk, ekerançylyk, 
gahrymançylyk, durmuş ýagdaýy bilen baglanyşykly setirler bar. 
Agylarda kim hakynda aýdylýandygyna garap, şol adamyň daş görnüşi, 
gylyk-häsiýeti, dirikä bitiren işleri, edermenligi, maşgala durmuşyna degişli 
ýagdaýy bentlerde sanalýar. Eger agy garyp adama bagyşlanan bolsa, onuň kyn 
gününden zeýrenilýär. 
Erkek adam barada aýdylýan agylarda onuň maşgalasynyň eýesiz-
hossarsyz galandygy barada gynançly setirler bar: 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling