Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet47/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

- Yol. 
- Gamçyň name? 
- Ýylan. 
- Sanajyň agzyny name bilen açýarlar? 
- Bissimylla bilen. 
Sanajyň agzyny name bilen bogýarlar? 
Allahekber. 
- Daşa gurt düşse, name bilen aýyrmaly? 
- Düýäň şahy bilen. 
- Düýäňem bir şahy bolarmy? 


65 
Daşa-da bir gurt düşermi? 
Tüweleme, siz-ä ökde ekeniňiz, açyň
torbaňyzy, alyň paýyňyzy.
Ýaremezan bentleri sada dilde düzülýär. Bentleriň käbirinde çeperçilik 
serişdeleri ulanylyp, bent şygyr derejesine ýetirilýär. Türkmeniň milli tagamlary 
baradaky ýaremezan bendinde şeýle diýilýär: 
Sary çanak sarlaşar, 
Sargan beriň, baýlarym! 
Gury çanak gurlaşar, 
Gurt beriň, baýlarym! 
Şu sanawaçda çekimsiz sesler sazlaşyp gelip, bendiň çeperçiligini 
ýokarlandyrýar, ýat tutulmagyny ýeňilleşdirýär. Ýaremezan bentleri köplenç 
dört setirli şygyrlar bolup, 7-8 bogundan ybaratdyr. 
Ýaremezanlar halk döredijiliginiň gadymy žanrlarynyň biri. Alymlar XX 
asyryň ikinji ongünlüginden ýaremezan sanawaçlary bilen gyzyklanyp başlaýar. 
Gündogarşynaslar 
I.A.Belýäyew 
“Türkmenskiýe 
kolýadnyýe 
pesni. 
Etnografiçeskiý oçerk” (Ashabad,1915g.) kitabyny, O.I.Şaskaýa “Türkmenskiýe 
kolýadnyýe pesni i w swýäzi sbytom” (“Sowetskaýa etnografiýa”,1936g., 1-2) 
ylmy makalasyny ýazýar. 
Din bilen baglanyşykly bolandygy sebäpli ýaremezanlar geçen asyryň 
ortalaryndan ýurt Garaşsylygyna çenli öwrenilmedi. Häzirki wagtda 
ýaremezanlar öwrenilýär, ýokary okuw mekdeplerinde sapak hökmünde 
geçilýär. Ýaremezanlar barada türkmen alymlarynyň makalalary metbugatda 
çap 
edilýär. 
Alymlar 
G.Ylýasowanyň 
“Ak 
säherler 
doga 
okap”,G.Gummanowanyň “Tüýtätinmi, süýt hatyn!!,”O.Ekäýewiň “Oraza geldi 
ilime – doga geldi dilime”, E.Çaryýewanyň “Ýaremezandan soňky 
oýlanmalar”diýen makalalary metbugatda çap edildi. 
Türkmen geçmişde yslam dininiň ýaýramagyna, dünýä medeniýetine uly 
goşant goşan halk. Ýaremezan bentleri-de yslam dinini berk ornaşdyrmak 
maksady bilen döredilýär. Goşgy bentlerinde din hem dini ýörelgeler beýanyny 
tapýar. Ýaremezan bentleri Oraza aýynyň başynda aýdylýar. Orazanyň ähli 
musulmanlar üçin parzdygy ündelýär 
Oraza bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň käbiri öz gözbaşyny dini
kadalardan alyp gaýdýanam bolsa, olaryň köpüsi dunýewi häsiýetli,
ynsanperwer milli ýörelgelerimiz bolup durýar. Bu däp-dessurlar türkmeniň 
milli ruhuna laýyklykda asyrlarboýy kämilleşip, halkyň durmuşyna berk 
ornaşdy. 
Çagalar öýme-öý aýlanyp aýdýan bentlerinde dini häsiýetdäki öwüt-
nesihat hem, dünýewi, ynsanperwer ýörelgeler hem bar. Ýaremezan bentleriniň 
köpçülik bolnup ýerine ýetirilmegi – olaryň agzybirlikli hereketinden 
nyşandyr.Ýaremezançylara berlen zatlaryň özara deň paylaşylmagy – olaryň 


66 
arasynda adalatyň ilkinji ädimlerini ornaşdyrýar. Çagalaryň hersiniň bentleri 
oňat aýtjak bolup çalyşmagy-da, söze bolan söýgüni teswirleýär. 
Remezan aýynyň gelmegini buşlap aýdylýan bentler ýagşy arzuw-
niýetleri ýaýmakda,ahlak arassalygyny wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir. 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling