Hojamyrat Goçmyradow


Kijijik Taňrydan gar ýagar


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet49/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Kijijik Taňrydan gar ýagar. 


67 
(Elek). 
Bu matal asmana,göge gudrat hökmünde garalýan döwründe emele 
gelipdir.
Matallar halk döredijiliginiň beýleki žanrlaryndan tapawutlylykda, onda 
meňzedilýän zadyň (predmetiň) aňladyljak bolunýan zada (mana) çalym 
etmegidir. Meňzedilýän zatlar biri-birinden daş hem bolsalar, biri beýlekini göz 
öňüne getirýän, ýa bolmasa hakyda getirmäge mümkinçilik berýän bolmalydyr. 
Bu zatlar matallar üçin esasy häsiýetlerdir.
Halk döredijiliginiň bu žanrynda meňzetmeler, deňeşdirmeler, metaforalar 
köp ulanylýar. Aýdylýan zat (predmet) aňladyljak bolunýan zada,ýagny gizlin 
saklanylýan zada (predmete) oňat meňzedilýär: 
Agyr halym kaka bilmen
Ownuk daşyn döke bilmen. 
(Asman we ýyldyzlar).
Bu ýerde asman hala,ýyldyzlar hem daşa meňzedilýär.Meňzedilýän zatlar 
mazmun taýyndan biri-birinden daş hem bolsalar,belli bir jähetde olaryň özara 
meňzeşligi-de bar. Oňat oýlanyp otursaň,jogabyny aňsat tapyp bolýar. 
Emma käbir matalda meňzeşlik örän az duýulýar: 
Gaýradan gelýän al peri, 
Gulaklary sal peri. 
Gaýnar onuň garagy, 
Demirdendir ýüregi. 
(Möjek).
Şeýle matallaryň jogabyny birbada tapaýmak kyn düşýär. Şonuň üçin 
jogabyny tapmak kyn düşen matallarda “Janlymy-jansyz”, “Öýdeçimi-düzdeçi”, 
“Iýmelimi-iýmesiz” diýen ýaly sowal-jogaplar ulanylýar. Şunuň ýaly sowallar 
arkaly matalda gizlin saklanylan zada (predmete) golaýlaşmak mümkin. 
Matalyň manysyny oýlap tapmak üçin zadyň (predemetiň) käbir sypaty, daş 
görnüşi, bitirýän işi, edýän hyzmaty-da duýdurylýar, salgy berilýär.
Matalyň jogabyny tapyp bilmedik adamdan: “şäher ber”, “ýurt ber” 
diýlip, ýurt we şäher “alynýar”. Utulan adam: “şäher berdim” ýa-da “ýurt 
berdim”, “pylan şäher seniňki” ýa-da “pylan ýurt seniňki” diýip, tä razy 
bolýança, şäher, ýurt “bermeli” bolýar. Mataly aýdýan adam ýurt, 
şäher “alyp” razy bolansoň, matalyň jogabyny aýdýar. Kim köp ýurt ýa şäher 
“alsa”, şol adam matal aýtmakda ýeňiji hasaplanylýar. Ýurt ýa şäher almak 
düzgüni soňky wagtlarda ýüze çykypdyr. Has irki wagtlarda matalyň jogabyny 
bilip, ýeniş gazanana baýrak hem berler ekeni. 
Göçme manyda däl-de,gönümel aýdylýän matallara-da duş gelmek bolýar: 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling