Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet57/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

 
Oduny ýygan biler, 
Maly sagan. 
Üç – dört, ondan hem köp setirli nakyllar-da bar. Üç bogundan on alty 
boguna çenli nakyllara duş gelmek bolýar. Olaryň käbirinde setirleriň bogun 
sany deň gelmeýär. Şeýle ýagdaýda bir çekimlisi sozulyp, beýlekisi gysga 
aýdylýar. Çekimli we çekimsiz sesler sazlaşyp gelýär. 
Nakyllarda çeper edebiýata has bolan serişdelerden – ulaltma, meňzetme, 
deňeşdirme, ýaňsylama ýaly çeperçilik serişdeleri ulanylýar. Olar nakyllaryň 
manylarynyň düşnükli, täsirli bolmagyna getirýär. 
Halk arasyna ýaýran nakyllar we atalar sözi X1 asyrdan ýazuwly 
edebiýata geçip başlaýar. Ýurt Garaşsyz bolansoň, alymlar tarapyndan Mahmyt 


76 
Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk”kitaby öwrenilýär. Kitapda ylmy derňew 
üçin dürli many toparlaryna degişli nakyllar we atalar sözi mysal getirilýär. 
Ylmy taýdan çuňňur öwrenilen işleriň biri-de Muhammet Alynyň (XV1 
asyr) 
“Oguznama”nakyllar 
ýygyndysyna 
(A.Baýmyradow, 
”Garagum”žurnaly,2005,-1)degişlidir.Bu ylmy iş nakyllaryň etimologiýasyny 
öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. 
X1X asyryň ahyrlarynda – XX asyryň başlarynda-da türkmen 
nakyllarydyr atalar sözi owrenilip başlanypdyr.Olar käbir ýygyndyda, 
kitaplarda 
berilýär.”Poslowisy 
tuzemnogo 
naseleniýa 
Turkestanskogo 
kraýa(Taşkent,1888g.)”diýen işde türki dilli halklaryň nakyllarynyň 492-si, 
M.S. Agabekowyň okuw kitabynda (Ashabad, 1904ý.) nakyllaryň 162-si 
berlipdir. 
Soňra nakyllary we atalar sözüni toplamak hem-de öwrenmek yzygiderli 
dowam etdirilýär. Olar birnäçe gezek (“Makallar we matallar”, 
Aşgabat,1925ý.(arap 
harpynda),”Türkmen 
nakyllary”,Aşgabat, 
1949ý.,”Türkmen nakyllary we atalar sözi”,Aşgabat,1961ý.,”Türkmen nakyllary 
we atalar sözi”, Aşgabat,1983ý.,”Türkmen nakyllary we atalar sözi”, 
Aşgabat,2005ý.) neşir edildi. 
Ýurt Garaşsyz bolansoň, türkmen nakyllarynyň ulanylyşy artdy,örüsi 
giňeldi.Yrakda,Eýranda, Stawropol ülkesinde ýaşaýan türkmenleriň nakyllary 
öwrenilip başlandy. Bu bolsa türkmen diliniň, nakyllaryň baýlaşmagyna 
ýardam berýär. 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling