Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet60/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   56   57   58   59   60   61   62   63   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

3.Ertekilere gatnaşýan gahrymanlaryň kesp-kärleri-de (tikinçi, biçimçi, 
awçy, kilwan, çopan, molla, daýhan, ussa, sazanda we ş.m.) köplenç birmeňzeş. 
4.Ertekilerde ýagşy niýeti ündemek maksady bilen,ýagşylyk mydama 
ýamanlygy ýeňýär.Ýagşy niýetli adam maksat- myradyna ýetýär, kyrk gije 
gündizläp toý tutýar. 
5.Eseriň gahrymany döwüň garşysyna göreşende hilegärligi ulanýar we 
üstün çykýar. 
6.Ertekiler 
çeperçilik taýdan has kämil bolup, olarda halk 
aňlatmalary,matallar, nakyllar, çeper sözler, söz
oýnatmalary,”syrly”sözleşikler ussatlyk bilen ulanylýar. 
Türkmen ertekileriniň gadymy döwürlerden bäri taryhy ykballary esasan 
birmeňzeş bolan türki, şol sanda beýleki halklaryň-da halk döredijilik mirasy 
bilen ýakynlygynyň bardygyny nygtasak, onda folklor eserleriniň serhediniň 
bolmandygyna, gaýtam özara baýlaşandygyna göz ýetirmek bolýar. 
Ertekiler özara baýlaşmak häsiýetine eýedir. “Totynyň hekaýalary”, “Dört 
derwüş”, “Müň bir gije” arap halk ertekilerindäki gürrüň berilýän wakalara 
meňzeş ýagdaýlar, şolardaky gahrymanlar türkmen ertekilerinde-de duş gelýär. 
Bu bolsa türkmeniň baran ýerine özüniň ruhy gymmatlyklaryny, medeniýetini 
alyp gidendigine şaýatlyk edýär. 
Beýleki halklaryň ertekileriniň käbiriniň gözbaşynda türkmen ertekilerem 
durupdyr. “Müň bir gije” arap ertekiler toplumynda gürrüň berilýän wakalarda 
(“Zerrin damak”, “Tylla telpek”, “Totyguş we kerwenbaşynyň ogly” ertekileri) 
arap ýurtlarynyň ady tutulman, gadymy oguz ýurtlarynyň (Genji Garabag, 
Astrabat, Çandybil we ş.m), oguz gahrymanlarynyň atlary tutulýar, oguz däpleri 
agzalýar. 
Ýöne welin türkmen ertekileriniň beýleki halklaryň ertekileri bilen 
ýakynlygy birtaraplaýyndyr. Sebäbi her bir halkyň gelip çykyşy, özboluşlylygy, 
durmuş şerti, gylyk-häsiýeti, galyberse-de däp-dessury taýyndan tapawutly 
aýratynlygy bar. Tapawutly aýratynlyklar halk ertekilerine-de siňdirilipdir. 


79 
Ertekilerde halk wekilleriniň dostlugy, agzybirlik meselesi, ýagşy-ýamanlyk, 
mertlik, ugurtapyjylyk, başarjaňlyk, batyrlyk-gorkaklyk, söýgi-yşk, ynsan güýjüni, 
pähim-paýhasyny, mertebesini beýgeltmek ýaly temalar gozgalýar. Garyplaryň, 
talabanlaryň, çopan-çoluklaryň, daýhanlaryň, hünärmenleriň, mert ýigitleriň, arly-
namysly, elleri çeper aýal-gyzlaryň obrazlary görkezilýär. Olaryň batyrlyk, 
zähmetsöýerlik, söýgä wepalylyk, dogry sözlülik, sadalyk ýaly asylly gylyk-
häsiýetleri ertekilerde suratlandyrylýar. Şonuň bilen birlikde, zalymlyk, rehimsizlik, 
mugthorluk, ýalançylyk, mekirlik, aldawçylyk, gorkaklyk, nebsewürlik ýaly ýaramaz 
häsiýetler paş edilýär. 
Ertekiler adamlary özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Türkmen halk 
döredijiliginiň bitewi, gyzykly we çuň manyly žanrlarynyň biri bolan ertekileri 
öwrenmekde bitirilen işler az däl. Ertekileriň baý nusgalaryny ýygnamak we halka 
ýetirmek ilkibaşdan ýola goýuldy. 
Türkmen ertekileriniň bitewi toplumy ilkinji gezek 1936-njy ýylda Moskwada 
çap edildi. Ol ertekiler G.I.Karpow hem N.F.Lebedew tarapyndan düzülen 
“Tworçestwo narodow Turkmenistana” diýen ýygyndyda ýerleşdirildi. Şol ertekileriň 
arasynda “Bagt bilen akylyň jedeli”, “Eneň uny tükenendir” ýaly terbiýeçilik 
taýyndan ähmiýetli hem-de gülküli häsiýete eýe bolan ertekiler bar. Ondan ozal 
A.N.Samoýlowiç 1910-njy ýylda türkmen ertekileriniň üç sanysyny rus diline geçirip, 
Kaufmanyň ýygyndysynda (Sb. Kaufmana: Turkmeniýa. T. 1. Izdatelstwo AN SSSR 
– L. 1929g.) çap etdirýär. Stawropol ülkesinde göçürip alan “Kyrk ýalan”ertekisi hem 
1914-nji ýylda “Žiwaýa starina” žurnalynda çap edildi. 
Türkmen ertekileri ilkinji gezek özbaşdak ýygyndy hökmünde 1926 –njy ýylda 
A.S.Alyýew tarapyndan çapa taýýarlanyp, neşir edilýär. 1937-nji ýylda ertekiler “Bir 
bar ekeni…”ady bilen edebiýatçy Ahundow-Gürgenli tarapyndan çapa taýýarlanylýar. 
Türkmen ertekilerine degişli edilen tekstologik işleriň biri hem K.Osmanow 
tarapyndan 1940-njy ýylda çapa taýýarlanylan ertekilerdir. Ol “Çagalar üçin 
ertekiler” ady bilen çykýar. 
Ýazyjy, folklorçy A Gowşudow hem-de M.A. Sakali 1940 –njy ýylda türkmen 
ertekilerini ýygnap halka hödürleýär.Bu ýygyndyda ertekileriň üç görnüşinden hem 
nusgalar girizilýär. 
XX asyryň 30-njy hem 40-njy ýyllarynda türkmen folkloryny,esasan-da 
ertekileri ilat arasyndan toplamakda we Golýazmalar institutyna tabşyrmakda 
Mämmet 
Gadamow,Muhammet 
Ataşow,Cary 
Garabekow 
dagy 
aýratyn 
tapawutlanypdyr. Olaryň toplan ertekileri öwrenilip,soňra neşire taýýarlanylypdyr.
Çagalar üçin ertekileriň saldamly ýygyndysy 1955-nji ýylda çap edilýär. 
Ýygyndy 
dilçi 
alymlar 
B.Çaryýarow 
bilen 
G.Ataýew 
tarapyndan 
taýýarlanylýar.Soňra dürli ýyllarda “Türkmen halk ertekileri” ady bilen üç tomlyk 
ýygyndy çap edilýär. Olaryň birinji tomy haýwanlar hakyndaky ertekiler1978-nji 
ýylda, ikinji tomy hyýaly(jadyly) ertekiler 1979- njy ýylda, üçinji tomy durmuşy 
ertekiler hem 1980 – nji ýylda neşir edilýär. Ýygyndy edebiýatçy alymlar 
Ş.Halmuhammedow, M. Çaryýew, Ýa. Nurlyýew tarapyndan çapa taýýarlanylýar.
Soňra 
“Hutdy-Humar”hem-de 
“Şamar”(1981) 
atly 
ertekiler 
ýygyndysy 
çykýar.Ýygyndyny folklorçy alym Ş.Halmuhammedow toplady hem-de çapa 
taýýarlady.”Şamar” ady bilen çap edilen ýygynda durmuşy, haýwanlar hakyndaky we 


80 
hyýaly ertekilerden nusgalar girizilýär. Alym B.Weliýew tarapyndan çapa 
taýýarlanylan “Türkmen halk ertekileri’ 1986 –njy ýylda neşir edilýär.Ýurt Garaşsyz 
bolansoň, türkmen ertekileri toplanylyp hem-de öwrenilip bütewilikde 2006 –njy 
ýylda çapdan çykarylýar. 
M.A.Sakali türkmen halk döredijiligi boýunça köp işleri bitiren alym.Onuň 
“Türkmen çeper folklory” diýen makalasy halk döredijiligini öwreniş ylmyna uly 
goşantdyr. M.A. Sakali türkmen halk ertekilerini düýpli öwrenýär, rus diline 
geçirýär,neşire taýýarlaýar. Ol birentek tekstologik işleriň daşyndan halk 
döredijiliginiň düýpli meseleleri bilen baglanyşykly makalalary, “Türkmen erteki 
eposy” diýen gymmatly ylmy işi hem ýazdy. Bu ylmy iş folklor eserlerini, ylaýta-da 
ertekileri öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. 
Alym M.A.Sakali ilkinji bolup, türkmen ertekileri bilen Ýewropa halklarynyň 
ertekileriniň arabaglanyşygy hakynda giňişleýin ylmy pikiri ýöretdi. Alym 1 946-njy 
ýyla çenli 1450 sany türkmen ertekisiniň ýazylyp alnandygyny belleýär. Şol aryň 780-
siniň özbaşdak sýužeti bolupdyr. 
Ertekileriň kompozisiýa gurluşynda-da aýratynlyklar bar. Olar köplenç kyssa 
görnüşinde 
düzülip, 
käbirinde 
gysgajyk 
goşgy 
ulanylýar. 
Ertekilerdäki 
söhbetdeşlikler, nakyllar, hekaýa içinde hekaýa getirmek ýaly edebi däpler olaryň 
mazmunyna, kompozisiýasyna, çeperçiligine oňat täsir edýär. 
Türkmen halky söhbetdeşini akyl synagyndan geçirmekde “söz oýnatmagyň” 
hötdesinden gelen halk. Halk paýhasy ertekileriň süňňüne siňip, milli däpleri 
ösdüripdir. Türkmeniň akyl-paýhasyny aňlatmakda gizlin manydaky sowal-jogaplarda 
–“syrly sözleşiklerde” (matallarda) halk durmuşy şöhlelendirilýär. 
Ýaşuly adamlara geňeş salmak, sarpa goýmak, ejizi goldamak, merdi sylamak, 
ýaramaz gylyk-häsiýetleri paş etmek däbi ertekileriň üsti bilen ýaýradylypdyr. 
Ertekilerde durnukly sanlar (üç, ýedi, dokuz, kyrk) üýtgewsiz ulanylyp 
gelinýär. Olar diňe mukdar sany görkezmän, eýsem meňzeş wakanyň 
dowamlylygyny, üç gezek gaýtalanýan ýagdaýy (meselem: “Üç doganyň talaban 
durşy” ertekisi we beýlekiler) hem suratlandyrýar. Käbir ertekide bolsa üçlüklerde iki 
ugurdaşlyk bilen bir çaprazlygy (meselem: “Üç ýoldaş” ertekisi) görkezilýär. 
Ertekidäki üç gahrymanyň kiçisiniň ugur tapyjy, akylly edilip görkezilmegi türkmen 
halkynda körpesini has-da sylamak däbini ösdürýär. 
Ertekilerde durnukly üçlük san bilen birlikde, ýedi, kyrk sanlary-da köplügi, 
ýagşy-ýamany aňladýar. Bu sanlar mukaddes hasaplanylyp, türkmen halkynyň 
durmuşyna pugta ornaşypdyr. Ertekilerde ruhy baýlyk (hat-sowat, dutar, küşt 
öwrenmek we beýlekiler) öňe sürülýär. Türkmeniň her bir ýagdaýda akyl -paýhas 
bilen kynçylykdan üstün çykmak däbi teswirlenilýär. 
Türkmen ertekilerini wagyz etmekde, gyzykly edip aýdyp bermekde ýa zyjy Ata 
Gowşudowyň ejesi Ogulgerek ejäniň hyzmaty uly bolupdyr. Onuň erteki aýdyp 
berşine ertekileri öwreniji alym M.A. Sakali hem ýokary baha beripdir. Ogulgerek 
ejäniň uşsat ertekiçiligi tanymal ýazyjy Ata Gowşudowyň döredijiligine-de täsirini 
ýetiripdir. 
Ertekileri okamak, öwrenmek bilen ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyllaryň 
dowamynda toplan baý tejribesine, akyl-paýhasyna, isleg-arzuwyna göz 


81 
ýetirýäris. Adamlaryň tebigat bilen arabaglanyşygyny, gaýry duşmanlara garşy 
alyp baran göreşini şöhlelendirişini, taryhy öwredijiligini synlaýarys. 
Ýurt Garaşsyz bolansoň, ertekileriň öwrenilişine, halk köpçüligine 
ýetirilişine hemmetaraplaýyn çemeleşilip başlandy. Türkmen ertekileri esasynda 
sahna oýunlary, teleradio oýunlary goýulýar.Olar folklor çykyşlarynda 
peýdalanylýar. Ertekiler boýunça ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär. 
Türkmen ertekileri häsiýeti, mazmuny taýyndan üç topara – durmuşy, 
haýwanlar hakyndaky, hyýaly ertekilere bölünýär. 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   56   57   58   59   60   61   62   63   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling