Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet55/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Ene hakyndaky nakyllar:”Enesini gör-de, gyzyny al, gyrasyny gör-de 
bizini”,”Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz”,”Eneden nesihat alan gyz 
keýwany bolar”we ş.m. 
Gelinlik gözlenendäki nakyllar: ”Enesizi gelin edinme,atasyzy giýew”, 
”Gyzyny öwenden gaç,ýeňňesi öweni alyp gaç” we ş.m. 
 Ýeňňe bilen baldyzyň gatnaşygy hakyndaky nakyllar: “Gelene 
baldyz,gidene ýeňňe”we ş.m
Gelin - gyz hakyndaky nakyllar: “Göle düşdüm, ýola düşdüm”,”Gyz 
gapysy şa gapysy, müňi geler, biri alar”,”Gelniň aýagy, çopanyň taýagy”,”Gelni 
gelin edýän düşen ýeri” we ş.m. 
Gelin-gaýyn gatnaşygy hakyndaky nakyllar:”Gaýyn-gelin gapakly 
gazan”,”Gaýyn atam ganarym,dolup durar dulumda,gaýyn enem gazanym-
getirip goýar ýanymda”,”Gelinde dil ýok, gaýynda ynsap” we ş.m. 
Nakyllaryň temasy esasan şu aşakdakylardan ybarat: 
Zähmet hakyndaky nakyllar. Zähmet her taraplaýyn suratlandyrylýar. 
Ýaşamak, güzeran dolandyrmak üçin zähmet çekmeli. Kişi zähmetine göz 
gyzdyrmaly däl. Öz zähmetiň rehnedini görmeli. Şeýle ruhda nakyllaram 
döredilipdir: “Işlemedik-dişlemez”, “Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany 
gaýnamaz”, “Galan işe gar ýagar”, “Ýaltanan ýal tapmaz” we ş.m. 
Ekerançylyk, daýhançylyk hakyndaky nakyllar. Şu temadan döredilen 
nakyllar köp däl. Onuň esasy sebäbi suw ýetmezçiligidir. Şonuň üçin halk irki 
döwürlerde maldarçylyk (çarwadarçylyk) bilen meşgullanýar. Halk oturymlaşyp 
başlansoň, ekerançylyga degişli nakyllar döräp ugraýar. Ýer, suw meselesi 
nakyllarda-da yz galdyrýar: “Ak ner çökmese, boz maýa gaýmaz”, “Ekin ekseň 
bugdaý ek, mal baksaň goýun bak” we ş.m. 
Çarwadarçylyk bilen baglanyşykly nakyllar. Bu meselede nakyllar az 
döredilmändir: “Malym-janym”, “Goýunly baý – goýy baý”, “Düýeli baý-
dünýäli baý” we ş.m. 
Bedew baradaky nakyllar. Bedew diňe iş maly däl, Watany goramakda
toý-tomaşalarda, at çapmakda-da ulanylypdyr. Şuňa laýyklykda nakyllaram 
döredilipdir: “Är ganaty – at”, “Atym bar, ne gamym bar”, “Ertir tur – ataňy 
gör, ataňdan soň - atyňy” we ş.m. 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling