Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet50/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   46   47   48   49   50   51   52   53   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Iki ýüpüň ujy dört, 
Iki guşuň gözi gört, 
Goýun ogly işşek, 


68 
Şuny bilmedik eşşek
Emma şunuň ýaly ýönekeý, gönümel düzülen matallaram birbada 
pikirlendirýär.
Matallar esasan zadyň (predmetiň) daş görnüşine hem-de ýerine ýetirýän 
hyzmatyna baglylykda düzülýär: 
Aňyrsy tiken,bärsi tiken,ortasy tiken. 
(Ýüň darak).
ýa-da 
Garaňky içerde bili bagly gul ýatyr. 
(Sübse). 
Bu matallar zadyň (predmetiň) daş görnüşine görä düzülendir.
 Oýan geçer gyr atym, 
 Bu ýan geçer gyr atym, 
 Aýagynda gyl tanap, 
 Süýräp geçer gyr atym.
(Ikbaş) 
Görnüşi ýaly,bu matalda zadyň (predmetiň) ýerine ýetirýän hyzmaty 
görkezilýär. 
Matallaryň temasy giň. Olaryň köpüsi daýhan durmuşy hakyndadyr. 
Türkmen öýi, esbaplary (uk, tärim, tüýnük, gamyş bagy) hakynda düzülenleri-
de az däl: 
Uzyn-uzyn uzanar, 
Her wagtda bir bezener.  
(Tärim) 
Tagan, ýanlyk, tamdyr, çyra, ýorgan-düşek hakynda düzülen matallar: 
 
Altyn-kümüş başynda, 
Hyrydary daşynda. 
(Çyra) 
Ekerançylyk hem 
maldarçylyk bilen baglanyşykly 
matallaram 
döredilipdir. Sebäbi geçmişde adamlaryň kesp-käri esasan ekerançylyk hem 
maldarçylyk bolupdyr: 
 
Ýere urdum paltany, 
Agzy gyzyl haltany, 
Ýerden bir oglan çykdy, 
Uly iliň soltany. 
(Bugdaý) 
Tagam bildirýän matallar: 
Düwdüm, guýa taşladym. 
(Börek).
Tebigat, predmet, hadysalar hakyndaky matallar:


69 
Daşy gan ýaly, 
Içi un ýaly, 
Oturşy Abdylla han ýaly. 
(Igde). 
ýa-da 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   46   47   48   49   50   51   52   53   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling