Işlän: Arzuw Ýegenmuradow Düýp sözleriň ýazuw düzgüni
Goşulmalaryň ýazuw düzgüni
Download 26.85 Kb.
|
Düýp sözleriň we goşulmalaryň ýazuw düzgüni
- Bu sahifa navigatsiya:
- Ýasaýjy goşulmalar.
- b) dereje ýasaýjylar.
- ç) forma ýasaýjy goşulmalar.
- -ana, -baz, - ban, -wan, bet-, bi-, -dan, -dar, -jagaz, -zada, -zar, -keş, -kär(gär), -ment, -nama, nä-, -paraz, -pez, -poş, -saýyn, -stan, -hana, -hor…
Goşulmalaryň ýazuw düzgüni
Özbaşdak ulanylmaýan, özbaşdak many aňlatmaýan, sözlere goşulyp, goşulan sözlerinden täze, ýa-da öňküsine ýakyn manydaky söz hem-de forma ýasamaga, sözleri biri-biri bilen baglanyşdyrmaga hyzmat edýän söz böleklerine goşulma diýilýär. Türkmen dilinde goşulmalar ýerine ýetirýän hyzmaty taýyndan özara birnäçe toparlara bölünýär. 1. Ýasaýjy goşulmalar. 2. Üýtgediji goşulmalar. Ýasaýjy goşulmalar. Sözlere goşulyp,täze ýa-da öňki manysyna ýakyn manydaky sözleri ýasamaga hyzmat edýärler.Olar hem öz nobatynda birnäçe toparlara bölünýär. a) söz ýasaýjylar. Sözlere goşulyp, goşulan söz toparyndan täze söz toparyny ýa-da şol söz toparyndaky sözden ýasama sözi ýasamaga hyzmat edýän söz böleklerine söz ýasaýjy goşulmalar diýilýär. Meselem: iş-işçi, ýaz-ýazuw. b) dereje ýasaýjylar. Goşulan sözlerinden täze söz toparlaryny ýasaman, olaryň öňki manylaryna ýakyn sözler ýasamaga, goşulan sözlerinden aňlanylýan manylaryň belli bir görnüşini,bolşuny aňladýan sözler ýasamaga hyzmat edýän goşulmalara dereje ýasaýjy goşulmalar diýilýär. Meselem: Gyz-gyzjagaz,oglan-oglanjyk,ajy-ajymtyk, işle-işlet,ýaz-ýazdyr. Görüşimiz ýaly bulara sypat derejeleriniň,işlik derejeleriniň goşulmalary degişlidir. ç) forma ýasaýjy goşulmalar. Sözlere goşulyp,goşulan sözlerinden dürli formalar ýasamaga hyzmat edýän goşulmalara forma ýasaýjy goşulmalar diýilýär. Muňa işlik formalarynyň (buýruk, hökmanlyk, şert, arzuw, zaman, hyýal, ortak işlik) goşulmalary degişlidir. Meselem: Çaga-çagalar oka-okaýar,işlemeli, almakçy, okar, işle we ş. m. Türkmen dilinde ulanylýan ýasaýjy goşulmalar esasan dört hili görnüşde duş gelýärler. 1.Goşulan sözleriniň inçe-ýogynlygyna, dodaklanmak-dodaklanmaz-lygyna eýermän, bir görnüşde bolan ýasaýjy goşulmalar: -ana, -baz, - ban, -wan, bet-, bi-, -dan, -dar, -jagaz, -zada, -zar, -keş, -kär(gär), -ment, -nama, nä-, -paraz, -pez, -poş, -saýyn, -stan, -hana, -hor… Bulardan başga-da bir çekimsiz sesden ybarat -k, -l, -m, -n, -ç, -ş ýaly söz ýasaýjy goşulmalar inçe we ýogyn sözlere birmeňzeş goşulýarlar.Meselem: agla-aglak, dişle-dişlek,oýna-oýnam, dişle-dişlem, gynan-gynanç, begen-begenç. 2. Goşulan sözleriniň inçe-ýogynlygyna eýerip, iki hili görnüşde ulanylýan goşulmalar: -a, -e, -agan, -egen, -ak, -ek, -al, -el, -ala, -ele, -alga, -elge, -ar, -er, -aç, -eç, -arman, -ermen, -ba, -be, -gak, -gek, -gy, gi, -da, -de, -dajy, -deji, -daky, -däki, -dan, -den, -dar, -der, -dash, -deş, -dy, -di, -ja, -je, -jar, -jer, jak, -jek, -jaň. –jeň, -ýjy, -ýji, -ýyş, -ýiş, -ky, -ki, -la, -le, -laý, -leý. –laýyn, –leýin, -lak, -lek, -lap, -läp, -lar, -ler, -ly, -li. –lygyna, -ligine, -ma, -me. –mazlyk, -mezlik, -mak, -mek, -arman, -ermen, -ra,-re, -rak, -räk, -sy, -si, -ça, -çe, -y, -i, -çak, -çek… 3. Goşulan sözleriniň inçe-ýogynlygyna, dodaklanmak-dodaklan-mazlygyna eýerip, esasan dört hili görnüşde ulanylýan goşulmalar: -gyn, -gin, -gun, -gün, -gyr, –gir, -gur, -gür, -gyt, -git, -gut, -güt, -gyç, giç, -guç, -güç, -jyk, -jik, juk, -jük, -jyra, -jire, -jura, -jüre, -lyk, -lik, -luk, -lük. –ymtyk, -imtik. –umtyk, -ümtik, -ymtyl. –imtil, -umtyl, -ümtil, -myş, -miş, -muş.-müş, -ynjy, -inji, unjy, -ünji, –syz, -siz, -suz, -süz, -çyk, -çik, -çuk, -çük, -çyl, -çil, -çul, -çül, çylyk, -çilik, -çulyk, -çülik, -yjy, -iji, -ujy, -üji, -yt, -it, -ut, -üt, -yk. –ik, -uk, -ük. –yl, –il, -ul, -ül, -ylda, –ilde, -ulda, -ülde, -yldy, -ildi, -uldy, -üldi, -ym, -im, -um, -üm, -yrga, -irge, -urga, -ürge, -yrgan, -irgen, -urgan, -ürgen, -yn. –in, -un, -ün, -yndy, -indi, -undy, -ündi, -yş, -iş, -uş, -üş… 4. Goşulýan sözleriniň inçe-ýogynlyk we dodaklanmaklyk häsiýetine eýerip, iki hili görnüşde ulanylýan goşulmalar. Beýle goşulmalar nähili söze goşulsalar-da, olaryň çekimli sesleri dodak çekimli seslerinden bolýarlar: -wuk, -wük, -uw, -üw, -sow, -söw. Download 26.85 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling