Işlän: Arzuw Ýegenmuradow Düýp sözleriň ýazuw düzgüni


Download 26.85 Kb.
bet2/5
Sana07.03.2023
Hajmi26.85 Kb.
#1247475
1   2   3   4   5
Bog'liq
Düýp sözleriň we goşulmalaryň ýazuw düzgüni

Ýassyk, tussag ýaly sözler hem bu kada girizilýär.
At bolup gelýän gyzzyrma, össürim, bassyrma ýaly sözleriň assimilleşdirilen formasy ýazylmaly.
Bular işlik bolup gelende assimilleşdirilmän, gyzdyrma, ösdürmek, basdyrmak ýaly ýazylýar.
7. Asyl sözleriň ortasynda ýanaşyp gelýän ld, nd sesleriniň assimilleşdirilmedik warianty ýazylýar.
Meselem: ballak däl-de baldak, ballyz däl-de baldyz, sallamly däl-de saldamly, künnük däl-de kündük, sannyk däl-de sandyk, ýannak däl-de ýandak, ennam däl-de endam.
8. Düýp sözleriň soňunda iki sany dymyk çekimsiziň ýa-da sonorly we dymyk çekimsiz sesleriň ýanaşyk gelmek häsieti bar. Şol çekimsiz sesleriň arasynda ysgynsyz dar çekimli ses eşidilýän ýaly bolsa-da olar ýazylmaýarlar.
Meselem: wp-howp; wç-möwç; gt-bagt, nagt, wagt; ýp-haýp, keýp; ýt-aýt,gaýt,süýt; lk-halk, mülk, silk; lp-gulp,zülp; lt-milt, çalt, elt, ýalt-ýult; np-synp; ns-jyns, üns; nç-gazanç, begenç, guwanç; ňk-süňk, aňk, taňk, çeňk; rz-arz, karz; rk-berk, şark, gerk, erk; rp-harp, sarp, zarp, gurp; rs-ders, sars,bars; rt-ýyrt, dört, murt, mert; rh-çarh, parh, nyrh; rç-harç, burç, berç, sarç; st-ast, kast, üst; ht-äht, jäht, şäht; şk-köşk, yşk; şp-keşp; şt-küşt, keşt.
9. Öňki bogny ýapyk, soňky bogny r sesi bilen başlanýan sözlerde r sesiniň öň ýanynda ysgynsyz dar çekimli eşidilse-de ýazylmaýar.
Meselem: topurak däl-de, toprak; gudurat däl-de gudrat; pytyramak däl-de pytramak; eşiret däl-de eşret; artykmajyrak däl-de artykmajrak; ganymadyrak däl-de ganymadrak; tiziräk däl-de tizräk.
10. Ses we şekil bildirýän sözleri -la,-le goşulanda, goşulma bilen ol sözleriň arasynda çala eşidilýän dar çekimli ses bar ýaly bolsa-da, ol ýazylmaýar.
Meselem: patylamak däl-de, patlamak; hykylamak däl-de, hyklamak; haşylamak däl-de, haşlamak; iňilemek däl-de, iňlemek.
11. Ilki bognunda dodak çekimlilerinden (o, ö, u, ü, ) biri gelen köp bogunly sözleriň ikinji bognundaky gysga aýdylýan dar çekimliler dodaklandyrylyp ýazylýar.
Meselem: ogul, ýorunja, uçgun, öküz, ümür, ýüzüm, ýumuş, ýumşuň, ýurduňyz, özüň, üzüm, kömür, düzüm, sözüň, ogluňyz, ördük, durduňyz, özümiz, ýoluňyz, rolunda.
12. Düýp sözlerde w sesinden öň we soň gelen gysga aýdylýan dar çekimliler dodaklandyrylyp ýazylýar.
Meselem: gawun, mawut, awunmak, hyjuw, ýazuw, awuly.
13.Türkmen sözlerinde söz soňundaky dar çekimliler dodaklandyrylman ýazylýar.
Meselem: ulu däl-de, uly; börü däl-de, böri; çürü däl-de, çüri; mawu däl-de, mawy; awu däl-de, awy.
Ýokarky ýaly sözleriň yzyna goşulma ýa-da söz goşulanda, gysga aýdylýan dar çekimliler sözüň ortasynda gelýärler we dodaklandyrylyp ýazylýarlar.
Meselem: uly-ulumsy, uky-ukuda, öwgi-öwgüli, öňki-öňküligine, dogry-dogrulap, dürli-dürlüsinden, awy-awuly, mawy-mawumtyl, otluçöp, toklutaý, porsuderman.
Eger-de ikinji bogundaky dar çekimliler uzyn aýdylýan bolsa, beýle sözlerde olar dodaklandyrylman ýazylmalydyr.
Meselem: uly-ulynyň, uky-ukymyz, öňki-öňkini, öwgi-öwgiňiz.
14. Goşma sözlerde dodak çekimlileri, umumy kada esasynda, sözüň üçünji we dördünji bogunlarynda hem ýazylýar.
Meselem: Oguldursun, Daşoguz, üçburçluk, ikatýok, mekgejöwen.
15. Ikinji bogunda u, ü sesleri bolan atlara familiýa ýasaýjy goşulmalar (-ow, -owa, ew, -ewa ) goşulanda u, ü sesleri uzynrak aýdylyp, y, i ýaly eşidilseler-de sözüň aslyny saklamak üçin u, ü harplary ýazylýar.
Meselem: Burun-Burunow, Torum-Torumow, Gowşut-Gowşudow, Mürrük-Mürrükow, Güjük-Güjükow.
16. Soňy zarply dymyk k, p, t, ç sesleri bilen gutarýan köp bogunly hem-de çekimlisi uzyn aýdylýan bir bogunly sözleriň yzyna çekimli ses ýa-da r sesi bilen başlanýan goşulmalar goşulanda söz soňundaky dymyk sesler degişli açyk g, b, d, j seslerine öwrülip ýazylýar.
Meselem: taýak-taýagy, orak-oragyň, ak- agrak, elek-elege, Gerek-Geregiň, Sadap-Sadaby, gap-gabyň, kitap-kitabymyz, tertip-tertibi, at-adyň, belent-belendräk, Meret-Merediň.
Bellik: Bu kadadan çykarylyp, tanap, tarap, ganat, edebiýat, hökümet, zähmet, minnet, niýet ýaly alynma sözleriň soňky p,t sesleri açyga öwrülmän aýdylýar, şeýle hem ýazylýar.
Meselem: tanap-tanapy, tarap-tarapy, ganat-ganaty, edebiýat-edebiýaty, minnet-minneti, zähmet-zähmetiň, hökümet-hökümeti.
17. Soňy zarply dymyk, k, t seslerine gutarýan köp bogunly hem-de çekimlisi uzyn aýdylýan bir bogunly sözlere ý harpy bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, ol sözleriň soňundaky dymyk sesler açyk g, d seslerine öwrülip ýazylýar.
Meselem: işlet-işledýär, okat-okadýar, it-idýär, howlyk-howlugýar, gijik-gijigýär, öjük-öjügýär.
18. Soňy k, p, t, ç seslerine gutarýan sözler çekimli ses bilen başlanýan sözleriň öňünden gelip, şolar bilen goşulyp ýazylanda, ýokarky dymyk sesler degişli açyk seslere öwrülip ýazylýar.
Meselem: nalaçedeýin däl, nalajedeýin; basapalyjy däl, basybalyjy; Akoraz däl Agoraz; Meretaly däl, Meredaly; agaçet däl, agajet.
19. Soňy k sesine gutarlýan atlara familiýa ýasaýjy -ow, -owa, -owna, -owiç goşulmalary goşulanda, k sesi g sesine öwrülmän ýazylýar.
Meselem: Sadyk-Sadykowiç-Sadykowna, Kömek-Kömekow-Kömekowiç, Ödek-Ödekow-Ödekowiç, Kertik-Kertikow-Kertikowiç.
20. Soňy dymyk p, t, ç seslerine gutarýan alynma sözleriň yzyna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar goşulsa-da, dymyk sesler açyga öwrülmeýär.
Meselem: teleskop-teleskopy, ştamp-ştampy, institut-instituta, wraç-wraçy.
Bellik: Peç sözi bu kadadan çykýar: peç - pejiň.
21. Soňy k sesi bilen gutarýan alynma sözleriň yzyna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, söz soňundaky dymyk k sesi, köplenç, açyga öwrülýär.
Meselem: kružok-kružogy, tehnik-tehnigi, akademik-akademigi.
22. Çekimlisi gysga aýdylýan bir bogunly sözleriň yzyna çekimli sese we r, ý seslerine başlanýan goşulmalar goşulanda, olaryň soňundaky dymyk sesler açyga öwrülmän ýazylýar.
Meselem: ek-eker, ekýär; aç-açar, açýar; at-atar, atýar; tap-tapar, tapýar; çet-çeträk, gep-gepi, iç-içi, kak-kaky.
Bellik: Et, git, aýt, gaýt, gurp, zarp, ýenç, sanç, harç, pent, gant, bent, yşk, köşk ýaly az-owlak sözler bu kadadan çykarylýar.
23. Kä dodaklandyrylyp, kä dodaklandyrylman, iki hili aýdylýan sözleriň dodaklandyrylyp ulanylýan warianty ýazylýar.
Meselem: hinji däl, hünji; mykdar däl, mukdar; Misir däl, Müsür; minmek däl, münmek.
Bellik: 1) mydam, ýilik ýaly sözler bu kadadan çykarylyp, dodaklandyrylman ýazylýar.
2) çirtmek, çürtmek, bitin, bütin ýaly sözleriň her biri aýry-aýry many aňlatmagyna görä, olaryň iki hili formasy hem ulanylýar.
Meselem: Bütin sözi hemme, ähli sözüniň manysynda ulanylyp, bitin sözi abat manysynda ulanylyşy kimin.
24. Söz ortasynda ýanaşyk gelýän lň-ňl, lg-gl, pr-rp sesleriniň çalşyrylyp ulanylyşy duş gelýär. Ýazuwda bularyň ilki warianty alynýar.
Meselem: ýaňlyş-däl, ýalňyş; yglamak däl, ylgamak; torpak däl, toprak.
25. Sözüň başynda kä açyk, kä dymyk aýdylýan çekimsiz sesleriň açyk görnüşi ýazylýar.
Meselem: tykyz däl, dykyz; tört däl, dört; kep däl, gep.
Bellik: Tänmek, dänmek, tikmek, dikmek, kyrk, gyrk ýaly sözleriň her biri aýry many aňlatmagyna görä, olaryň iki hili görnüşi-de ýazylýar.
Meselem: Kyrk sözi belli mukdar(kyrk adam), gyrk sözi gyrkylyk ýa gaýçy bilen bir zady kesmegi aňladýar.
26. Käbir düýp sözlerde çalşyrylyp ulanylýan g, w sesleriniň soňkusy ýazylýar.
Meselem: ýügürmek däl, ýüwürmek; dügme däl, düwme; ögürmek däl, öwürmek; dügün däl, düwün.
Bellik: Ugur, ýugur, jögi ýaly sözler bu kada girmeýärler.
27. Kä inçe, kä ýogyn çekimliler bilen iki hili aýdylýan sözleriň inçe wariantlary ýazylýar.
Meselem: adym däl, ädim; tyz däl, tiz; sym däl, sim; alam däl, älem.
Bellik: Watan, dyz, janawar, yz, ys sözleri bu kadadan çykarylýar.
28. Soňy ç sesine gutarýan sözlere d, j, l, s, ç sesleri bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, ç sesi ş sesine öwrülip geplense-de, ýazuwda öwrülmän ýazylýar.
Meselem: Aşdy däl, açdy; göşjek däl, göçjek; uşjak däl, uçjak; saşly däl, saçly; güýşli däl, güýçli; işsem däl, içsem; agaşçy däl, agaççy.
29. Iki sany açyk bogundan düzilen işliklere ý bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, olaryň soňundaky çekimliler düşürilip geplense-de, ýazuwda düşürilmän ýazylýarlar.
Meselem: otýar däl-de, otaýar; gorýar däl-de, goraýar; daşýar däl-de, daşaýar; bezýär däl-de, bezeýär; deňýär däl-de, deňeýär.
30. Soňky çekimlisi iki hili aýdylýan düýp işlikleriň giň çekimli bilen aýdylýan görnüşi ýazylýar.
Meselem: dagymak däl, dagamak; dokymak däl, dokamak; gatymak däl, gatamak; sarymak däl, saramak.
31. Ýazuwda hem sözüniň goşulma öwrülip ulanylyşyna-da ýol berilýär.
Messelem: Oraz, sen hem oka. Oraz, senem oka. Men hem alaýyn. Menem alaýyn.

Download 26.85 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling