Mekdebiň usuly maslahatynda seredildi
Çişleriň ösüşi we umumy häsiýetleri
Download 0.54 Mb. Pdf ko'rish
|
Eminowa G~Onkologiýa-2019`TDLU
Çişleriň ösüşi we umumy häsiýetleri.
Täze döreme hadysasynyň her bir häsiýetine aýratynlykda garanyňda olaryň birinji üçüsi, ýagny, öýjükleriň we dokumalaryň üznüksiz ösmegi, bu ösüşiň awtonomlygy we şol hadysanyň ojagynda öýjükleriň köpelmegi biri-biri bilen baglanyşykly hadysalar bolup, şu aşakdaky hadysalar bilen häsiýetlendirilýär. Hadysalaryň başy öýjükleriň sanynyň köpelmegi, öýjükleriň bölünmekleriniň tizleşmeginiň netijesi bolmak bilen dokumalaryň göwrüminiň ulalmagyna getirýär. Bu ýagdaýyň kadada, ýagny fiziologik hadysalarda hem duş 7 gelmegi mümkin. Mysal üçin, haýsy hem bolsa bir dokuma zeper ýetmegi netijesinde ýaralansa, ýyrtylsa ýa-da döwülse, proliferatiw hadysalaryň netijesinde dokumalaryň zeperi bitmek bilen bolýar. Bu proliferatiw hadysalar bilen täze döreme proliferatiw hadysalarynyň arasyndaky tapawut şu aşakdakydan ybaratdyr, ýagny proliferatiw hadysalary dokumanyň zeper ýeten ýeri doly suratda bitenden soň togtaýarlar. Bu ýagdaýa organizmiň ugrukdyryjy mehanizmleri kömek edýärler. Emma täze döreme kesellerinde proliferatiw hadysalar organizmiň ugrukdyryjy mehanizmne boýun egmän, üznüksiz dowam edip gidýärler, bu bolsa onuň dörän ýerindäki dokumanyň üznüksiz ösmegine sebäp bolýar. Bu ýagdaýa täze döreme keseliniň awtonomlygy diýilýär. Mundan başga-da howply täze döreme dokumalaryna töweregindäki dokumalara we agzalara ösüp girmek häsiýeti mahsusdyr. Metastaz diýlip täze döremeleriň janly öýjükleriniň organizmiň bir ýerinden başga ýerine geçiprilip, şol öýjükleriň täze baran ýerinde ýaşap, köpelip ösmegine aýdylýar. Download 0.54 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling