Mekdebiň usuly maslahatynda seredildi


Onkologik näsaglarda keseli anyklamak


Download 0.54 Mb.
Pdf ko'rish
bet7/34
Sana02.09.2023
Hajmi0.54 Mb.
#1672200
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   34
Bog'liq
Eminowa G~Onkologiýa-2019`TDLU

Onkologik näsaglarda keseli anyklamak
Onkologik kesellileriň barlag işleri näsagyň anamnezini 
ýygnamakdan başlanýar. Howply täze döreme keseli bilen 
kesellän näsaglaryň anamnezi ýygnalanda, şol keselliniň 
ýaşaýan ýerinde howply täze döremeleriň epidemiologiýasy, 
keselliniň ýerine ýetirýän işi, işi bilen bagly bolan zyýanly 
faktorlar, keselliniň ýaşaýyş şertleri, onuň zyýanly endikleri göz 
öňünde tutulmalydyr, sebäbi ol keseller köplenç halatda, eger-
de şol keselleriň öňünde başga bir kesel bolmasa, onda keselli 


11 
öz keseli barada hiç bir maglumat berip bilmeýär. Mundan 
başgada täze döreme keseli bilen kesellän näsaga obýektiw 
barlag geçirilýär, bu barlagda şu aşakdaky sindromlara üns 
bermelidir. 
1. ―Goşmaça dokuma sindromy‖- bu organizmde mikroskopyň 
astynda görüp bolmagy mümkin bolan çişden, ösüp giden 
uly çişleri öz içine alýar. 
2. Agzalaryň funksiýasynyň bozulmak sindromy. 
3. Patologik suwuklyklaryň bölünip çykmagy (nem, iriň, gan). 
4. Kompressiýa (gysylmak) sindromy. 
5. Obturasiýa 
(böwetlemek) 
sindromy. 
(gyzylödekde, 
aşgazanda, içegelerde) 
6. Destruksiýa (zaýalanmak) sindromy. (ysgynsyzlyk, işdäsiniň 
kesilmegi, bedeniň gyzgynlygy yokarlanýar.) 
7. Intoksikasiýa (zäherlenmek) sindromy. 
Häzirki zaman ýöriteleşdirilen barlag usullary
1. Rentgen barlag. 
2. Endoskopik barlag. 
3. Morfologik barlag. 
4. Radioizotop barlag. 
5. Ultrases barlag. 
6. Labaratoriýa barlag. 
Rentgen barlagynda- agzalaryň ölçegleriniň, görnüşiniň, 
ýerleşýän ýeriniň üýtgemegi, içi boş agzalaryň diwarlarynyň 
galyňlygynyň, peristaltikasynyň üýtgemegini anyklap bolýar. 
Endoskopik barlagda- ýörite apparatlaryň kömegi bilen içi 
boş içki agzalaryň nemli bardasyny hem-de adam bedeniniň 
tebigy boşluklaryny görmek bolýar. Bu usulda diňe bir içki 
agzalara seretmek bilen çäklenmän, morfologik barlaglar üçin 
material almaga hem kömek edýär. 


12 

Download 0.54 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   34




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling