23
Aşgazanyň täze döremeleri.
Aşgazan örtüji we birleşdiriji dokumalardan gurlandygy
sebäpli, onda ol dokumalardan döräp biljek howply we howpsyz
täze döremeleriň emme görnüşiniň ýüze çykmagy mümkindir.
Şol täze döremeleriň iň köp gabat gelýäni aşgazan
ragy bolup
durýar.
Aşgazanyň rak keseliniň döredip biläýjek ýagdalar
I.Adamyň iýmitlenişi
1.Iýmitlenişiň režimini bozmak
2.Gowurylan iýmitleri köp iýmek
3.Ajy, turşy we duzly zatlary köp iýmek
4.Himiki usullar bilen konserwirlenen önümleri köp iýmek
5.Gowrulan däneleri (gowurga, patrak, nohut) köp iýmek.
6.Alkogolly içgileri köp içmek.
7.Çilim çekmek.
8.Agyzda çüýrik dişleriň bolmagy.
II.Tebigy ýagdaýlar.
Daş-töwerekde,
suwda, howada, iýmit önümlerinde
magniýniň, sinkiň. misiň we kobaltyň ýetmezçiligi.
III.Aşgazanyň howply täze döremelere getirýän keseller:
1.Hroniki gastrit 75% çenli
2.Aşgazan ýara keseli 25% çenli;
3.Aşgazanyň polipleri we polipozy 60% çenli
Aşgazan ragynyň metastazlary.
Aşgazan adam bedeniniň merkezinde ýerleşýänligi sebäpli,
onuň ragynyň metastaz bermegi özbaşdak, aýratyn
hem-de
gyzykly hadysadyr.
Aşgazanyň
metastazlary
ýaly
gün şöhlesi ýaly
24
hemme tarapa ýaýrap bilýärler.
1.Aşaklygyna – metastazlar garyn boşlygyna we kiçi
çanaklygyň agzalaryna ýaýrap bilýär.
2.Ýokarlygyna – metastazlar gursak we gursagara agzalara
ýaýrap bilýär.
3.Öňe – metastazlar garynyň öňki diwaryna we göbege ýaýrap
bilýär.
4.Yza – metastazlar garyn arka boşluga ýaýrap bilýär.
5. Sag tarapa – metastazlar bagra ýaýrap bilýär.
6.Çep tarapa – metastazar dalaga ýaýrap bilýär.
Do'stlaringiz bilan baham: