Mekdebiň usuly maslahatynda seredildi


Türkmenistanda onkologiýa gullugynyň gurnalyşy


Download 0.54 Mb.
Pdf ko'rish
bet2/34
Sana02.09.2023
Hajmi0.54 Mb.
#1672200
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   34
Bog'liq
Eminowa G~Onkologiýa-2019`TDLU

Türkmenistanda onkologiýa gullugynyň gurnalyşy
Türkmenistanda onkologiýa gullugyna Türkmenistanyň 
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan 
ýolbaşçylyk edilýär. Türkmenistanda onkologiýanyň baş 
edarasy onkologiýa ylmy kliniki 
merkezi bolup, bu edara ylmy-
barlag 
hem-de 
guramaçylyk-
metodik 
işleri 
amal 
edýär. 
Türkmenistanda 4 onkologiýa 
gospitallar 
bolup, 
olar 
welaýatlaryň merkezi şäherlerinde 
ýerleşýär, Türkmenbaşy şäherinde 
bolsa 
onkologiýa 
bölümi 
ýerleşýär. 
Türkmenistanyň 
sagaldyş öýlerinde onkologiýa we gözegçilik otaglary 
onkologiýa gullugyny alyp barýar.
Onkologiýa gospitaly- bu ýöriteleşdirilen onkologiýa
kesellerine kämilleşdirilen medisina kömegini bermäge 
niýetlendirilen medisina edarasydyr.
Onkologiýa gospitallarynyň wezipeleri we borçlary: 
1. Diagnostika we bejeriş işleriniň ozalky usullaryny 
kämilleşdirmek we täze usullaryny işläp düzmek. 
2. Onkologik keselleriň dispanserizasiýasyny amala aşyrmak. 
3. Howply täze döreme keselleriniň öňüni almak. 
4. Köpçülikleýin öňüni alyş barlaglaryny gurnamak we amala 
aşyrmak. 
5. Beýleki medisina edaralaryna onkologiýa hadysalary 
babatynda maslahat bermek. 
6. Lukmanlaryň kämillik derejesini ýokarlandyrmak. 
7. Adamlaryň onkologik hüşgärligini ýokarlandyrmak. 



Onkologiýa gospitallary welaýat merkezlerinde ýerleşip öz 
düzüminde kabul ediş, onkohirurgiýa, onkoginekologiýa we 
şöhle bejeriş bölümlerini saklaýar.
Ondan başgada hem bu gospitallaryň düzüminde rentgen, 
endoskopiýa, 
kliniki-biohimiýa, 
morfologiýa 
labaratoriýalarynyň we guramaçylyk-metodik otaglarynyň 
bolmagy zerurdyr. Bu gospitallar welaýatlaryň çäginde 
onkologiýa babatly hemme işlere jogapkär bolup durýar. 

Download 0.54 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   34




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling