16
Anyklaýyş usullary.
Deriniň rak keselini seretmek we ellemek arkaly bilmek
bolýar, ony hökman sitologiýa ýa-da gistologiýa barlaglary
arkaly anyklamaly.
Sorag-jogap barlagy: näsaglar endamynyň derisinde ýaranyň,
çişiň ýa-da deriniň ýüzüne çykyp
duran düwüniň birnäçe ýyllaryň
dowamynda bardygyna arz edýärler.
Ol täze döremeler wagtal-wagtal
agyrýarlar we gijeýärler. Geçirilen
bejerginiň
kömek
etmändigini,
ýaranyň ýa-da çişiň ýuwaşjadan
ösýändigini aýdýarlar.
Obýektiw barlaglar: deri çişlerini
ulaldyjy aýnanyň kömegi
bilen
anyklamak örän ýeňildir. Ulaldyjy aýnadan seredeniňde onuň
galyp duran gyralary, deridäki ulalan
damarjyklar, ýaranyň ortasyndaky dargan
ýeri, kesmejikleri mese-mälim bolup
görünýär. Çişi ýa-da ýarany elläniňde onuň
gatylygy bildirýär. El bilen barlap bolýan
limfa
düwünleri
barlamaly.
Limfa
düwünlerde metastaz bolan ýagdaýynda,
olar
adaty kadadan uly, gaty, hereketi
peselen we biraz agyryly bolýar.
Do'stlaringiz bilan baham: