34
keseller klinikada örän seýrek duş gelýärler.
Böwrekleriň howply täze döremeleriniň etiologiýasy
doly öwrenilmedik klinikada we eksperimentlerde alynan
netijeler esasynda olaryň döremegine gormonal üýtgeşmeler,
himiki we şöhle konserogenleri rol oýnaýarlar diýip görkezmek
bolar. Böwrek ragynyň döremegi mümkin bolan ýokary howply
topara, böwregiň hroniki keselli, böwregiň ösüşinde
anomaliýasy bolan, uglewodlar nitrozaminler
we ysly aminler
ýaly himiki birleşmeler bilen iş salyşýan adamlary goşmaly.
Böwrek ragynyň metastazlarynyň ýaýraýşy
Böwrekleriň howply täze döremeleri
gan we limfa damarlar
arkaly ýaýraýar. Gan damarlaryň üsti bilen olar öýkene (35-
40%) süňklere (35%), bagra we beýnä metastaz berýäreler.
Öýkende beýleki howply täze döremelerden aýratynlykda,
böwregiň metastazy ýeke täk (solitar) bolýar. Süňklerde
bolsa
oňurgada, gapyrgalarda, çanaklyk süňklerinde, el-aýaklaryň
uzyn turba görnüşli süňklerinde duş gelýärler
Do'stlaringiz bilan baham: