Mekdebiň usuly maslahatynda seredildi
Download 0.54 Mb. Pdf ko'rish
|
Eminowa G~Onkologiýa-2019`TDLU
- Bu sahifa navigatsiya:
- Bejeriş usullary
- Erkeklik mäziniň täze döremeleri.
Anyklaýyş usullary Peşew haltasynyň täze döremelerini anyklamakda, näsaglaryň arz şikaýatlaryna üns berip, geçiren keselleri bilen tanyşmaly, bu keselleriň häsiýetli alamatlary ýüze çykarylanda garyn diwarynyň gasykdan ýokary bölegini eli bilen basyp göreniňde çişiň ele bildirmegi mümkin. Şeýle-de çiş göni içegäni waginany eli bilen barlanyňda ýüze çykarmak bolýar. Gan peşew barlaglary geçirilende , peşewde mikrogematuriýany, leýkosituriýany görmek bolýar. Peşewi ýygnap, onuň çökündilerini sitologiki barlagdan geçirilende, kähalatlarda çişiň öýjüklerini mikroskopyň aşagynda görmek bolýar. Ýöriteleşdirilen barlag usullary esasysy sistoskopiýadyr. Sistoskopiýada çişiň ýerleşen ýerini, onuň möçberini , häsiýetini, ýerleşen ýerindäki nemli bardanyň ýagdaýyny kesgitlemek hem-de çişden sitologiki we gistologiki barlaglaryny geçirmek üçin material almak bolýar. Eger-de çiş ýara bolup ganakýan bolsa sistoskopiýada çişi görüp bolmaýar. 38 Rentgen barlaglaynda ilki bilen ekskretor urografiýasyny geçirmeli. Bejeriş usullary Peşew haltasynyň täze döremeleri hirurgiýa, şöhle we himioterapiýa we kombinirlenen usullar bilen bejerilýär. Bejerginiň netijesi. Bejerginiň netijesi çişiň ýaýraýyş derejesine, onuň görnüşlerini baglydyr. Gowy netijeleri ýüzleý ýerleşen, ýokary differensirlenen uly bolmadyk täze döremeleri bejereniňde almak bolýar. Wagtynda anyklanyp doly bejergi geçirilen näsaglaryň 70% 5 ýyl, 20% gowuragy 10 ýyl ýaşaýarlar. Erkeklik mäziniň täze döremeleri. Erkeklik mäziniň howply täze döremesi mäziň adenomasy, howply täze döremelerine adenosarkoma, az duş gelýän solid we ýasy öýjükli görnüşleri hem-de mäziň sarkomasy degişlidir. Erkeklik mäziniň ragy uly ýaşly we garry adamlarda döräp, ol umumy howply täze döreme keselçiliginiň 4-5 %-ni tutýar. Soňky döwürde garry adamlaryň sanynyň artmagy sebäpli bu kesel köp duş gelýär. Bu keseliň etiopatogenezi doly öwrenilmedik. Geçirilen köp dürli eksperimental we kliniki barlaglary, erkeklik mäziniň rak keseliniň döremegi gormonal näsazlyklaryň netijesidigini tassyklaýarlar. Eksperimentde käbir haýwanlara uzak wagtyň dowamynda androgen serişdelerini goýbereniňde, olarda erkeklik mäziniň rak keseliniň döreýändigi ýüze çykaryldy. Bu hadysany, klinikada erkeklik mäzleriniň rak keseli bilen bejerilýän näsaglara esterogen serişdeleri goýberilende çişiň kiçelýändigi ýa-da ýok |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling