40
bolar. Ganyň barlagynda kislotaly fosfotaza fermentiniň ýokary
derjesini, esasan, süňklerde metastaz bolan ýagdaýlarynda
anyklamak bolýar. Ýönekeý we elýeter usul barmak bilen göni
içegeden mäzi elläp görmekdir. Onuň netijesinde mäziň
dykyzlygyny, möçberini hereketini, goňşy dokumalara
gatnaşygyny anyklamak bolýar. Mäzi barlanyňda
el bilen
basyşdyryp, onuň suwuklygyny,barmagyň gözegçiliginde, ony
iňňe bilen deşip sitologiýa barlagy üçin material almak bolýar.
Ondan başga-da bu usul bejerginiň netijesini kesgitlemäge
kömek edýär. Çişiň ýaýraýyş derejesini anyklamak üçin
rentgen, kompýuter tomografiýasy, USB ýaly usullar ulanylýar.
Do'stlaringiz bilan baham: