52
1. Türk halk sazlary hakynda aýdyp beriň.
2. Azerbaýjan halk sazy hem-de saz gurallary hakynda aýdyp beriň.
3. Türkmen halk sazy we W.Ahmedowyň «Guşlar» aýdymy hakynda aýdyp beriň.
4. Magtymgulynyň «Il biläni» aýdymyny bilelikde aýdyň.
4-nji tema. EÝRAN WE ARAP HALK KLASSYK SAZY
Eýran sazynyň taryhy kökleri özbek, täjik we türkmen halklarynyň
medeniýetiniň gadymy sahypalary bilen aýrylmaz baglydyr.
Özbek we täjik sazynyň atasy – Barbod Marwiý (VII asyr)
Eýran sazynyň esaslandyryjysy hasaplanýar. Beýik
ata-babalarymyz
– Abu Nasr al-Faraby,
Ibn Sina, Rudaki, Firdöwsiý we başga
akyldarlaryň saz ugrunda galdyran uly mirasy Eýranda hem milli
ruhy gymmatlyk hökmünde hormatlanýar.
Özbek-täjik mukamlaryna meňzeş bolan Eýran sazynyň
esasy
žanryna «dastgah» diýilýär.
Eýranda 7 sany dastgah düzümi bar: Şur, Mahur, Humaýun,
Segah, Çargah, Nowa, Rast-Panjgah.
Her bir dastgah öz nobatynda Mukaddima, Daromat, Karaşma,
Guşa, Owaz, Çahor Muzrob, Baýoti Türk, Abu Ata ýaly düzüm
böleklerine bölünýär.
Eýranda saz, tanbur, santur, tüýdük, surnaý, ud, dep, çaň ýaly
milli saz gurallaryndan giň peýdalanylýar.
Eýran halk sazlaryndan diňläň.
?!
Litawra
Tar
Duduk, zurna