Soib begmatow saz 6-njy synp üçin derslik
Download 463.45 Kb. Pdf ko'rish
|
musiqa 6 turkman
- Bu sahifa navigatsiya:
- FRIDERIK ŞOPEN
Klassisizm barada. Her taraplaýyn kämillige eýe bolan döredi-
jilik nusgasyna klassyka diýilýär. Klassisizm sözi – latyn dilinden nusgawy diýen manyny aňladýar. Şu sebäpli, edebiýatda, sazda we başga ugurlarda bu ýönelişe esaslanmak, nusgawy eser döret- mek hemişe döredijileriň üns merkezinde bolupdyr. Saza XVII asyrda girip gelipdir. Sazdaky klassisizme mahsus prinsipler – eserlerdäki anyk taglym, kämil kompozision gurluş, žanrlaryň arasyndaky anyk araçäkde ýüze çykypdyr. Sazda klassyk ýönelişde döreden L.Bethowen, W.Mosart ýaly kompozitorlaryň eserleri özüniň hakyky kämilligi we nusgawylygy bilen tapawutlanýar. 1. Bethowen haçan we nirede doglupdyr? 2. Lýudwik Wan Bethoweniň irki çagalyk ýyllaryndaky durmuşy hakynda aýdyp beriň. 3. Bethoweniň birinji konserti hakynda aýdyp beriň. 4. Bethoweniň maşgalasynyň ýagdaýy we onuň Bethoweniň döredijiligine täsirini aýdyp beriň. ?! 77 5-nji tema. FRIDERIK ŞOPEN Friderik Şopen dünýä saz medeniýetiniň özmegine uly goşant goşan beýik polýak kompozitorydyr. Ol fortepianonyň ýer- ine ýetirmeginde uly ussatlyk gazanan, öz zamanynyň (wirtuoz) ökde pianinoçysy we polýak klassyk sazynyň esaslandyryjysydyr. Kompozitor Polşanyň paýtagty Warşawanyň töweregindäki çäkleriň birinde 1810-ýylla dünýä inýär. Beýik talanta eýe bolan Friderik saz bilen örän ýaş wagtyndan meşgullanyp başlapdyr we birinji eserini 7 ýaşynda ýa- zypdyr. 8 ýaşyndan başlap maşgala, köpçülik ýygnanyşyklarda pianinoçy bolup konsertlerde gatnaşypdyr. 1830-njy ýylda Friderik öz ýerine ýetirijilik ussatlygyny art- dyrmak maksadynda Pariže barýar, we şondan ömrüniň ahyryna çenli ýurduna dolanyp gelmedi. Çünki 1831-nji ýylda Polşada rewolýusiýa göreşleri çäklendirilýär. Watan garaşsyzlygy üçin göreşenleri ölüme höküm etdiler. Friderik bolsa, öz döwründe garaşsyzlyk üçin göreşenleriň arasynda bardy. Şol sebäpli onuň döredijilik işi ýurdundan uzakda geçdi. Ol 1849-njy ýylda Parižde aradan çykýar. F.Şopeniň döredijiliginde fortepiano sazy esasy orny eýeledi. Onuň döredijiligindäki özboluşlylyk eserleriniň milliligi, obrazly- lygy we arzuw-umytlara baý näzik ruhyýetinde ýüze çykýar. Şopeniň döredijiligi dünýä sazyna, esasan hem fortepiano sazynyň ösmegine uly täsir etdi. Ol esasan, fortepiano üçin eserler döredipdir we olar «Altyn miras»yň iň aýdyň nusgalaryna öwrül- di. Her bir pianinaçy onuň eserlerinden ýerine ýetirmegi özüne buýsanç hasaplanýar. Şopeniň eserleri: 2 konsert, fortepiano üçin: 4 pýesa, 3 sonata, 4 ballada, 76 polonez, 60-a golaý ma- zurkalar, 17 wals, 27 etýud we başgalardan ybaratdyr. Frederik Şopeniň eserlerinden nusga diňläň. Friderik Şopen (1810 – 1849) |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling