64
5. “Şark taronalary” nähili festiwal?
A) Halkara kino festiwaly B) Halkara aýdym-saz festiwaly
C) Çagalar festiwaly.
6. Gyrgyz halk sazynda aýdym žanry nähili atlandyrylýar?
A) Manas B) Ir C) Jirow
7. Gündogar halklaryna degişli saz gurallaryny belgiläň.
A)
Fortepiano, skripka, truba, arfa
B) Balalaýka, dombyra, garmon, fleýta C) Tanbur, ud, setor, rebab
8. Koto - saz guraly haýsy halka degişli?
A) Arap B) Ýapon. C) Hindi
9. Raga žanry haýsy halyň sazynda duşýar?
A) Türklerde B) Ýaponlarda C) Hindilerde
10. Araplaryň maşhur aýdymçysynyň ady?
A) Ummu Kulsum B) Aýşwari C) Lata Mangeşkar
65
IV ÇÄRÝEK
ÝEWROPA KLASSYK SAZY HAKYNDA DÜŞÜNJE
1-nji tema. ÝEWROPA KLASSYK SAZY
Ýewropa klassyk sazynyň – opera, kantata, oratoriýa, balet,
simfoniýa, uwertýura, sonata ýaly köp sesli žanr laryna degişli
ilkinji nusgalary Orta asyrlarda peýda bolupdyr. Bu žanrlarda
eserler döretmegiň kanunlary hem şol döwürlerden
emele
gelip, bu günki günde beýik ösüş derejesine göterildi.
Opera – XVI asyryň ahyrynda Italiýada peýda bolup, onuň
taryhy-gahrymanlyk, taryhy-romantik, epik, legendar, lirik,
dramatik, çeper mowzularda ýazylan görnüşleri
bar bolup,
klassyk nusgadaky görnüşleri J.Werdi, H.Gluk, W.Mosart ýaly
Ýewropa kompozitorlary tarapyndan döredilen.
Kantata we oratoriýa žanrlary bolsa opera bilen bir
döwürde peýda bolupdyr. Olar ýekelikde, hor we orkestr üçin
ýazylan köp bölekli uly eserler hasaplanýar.
Balet – fransuzçadan alnan söz bolup, «tans edýärin,
oýna ýaryn» diýen manyny aňladýar.
Fransuz kompozitory
J.B.Lýulli bu žanrda ilkinji nusgalary döredip, dürli tans sa-
zlaryndan, ölçeg lerinden peýdalanypdyr. Balet žanry
rus sa-
zyny ýokarlandyrandygy hemmä mälim.
Simfoniýa – XVIII asyrda peýda bolupdur we tiz arada
örän uly we çylşyrymly saz žanry görnüşinde bütin dünýä
ýaýrapdyr. Bethowen, Mosart, Şubert, Çaýkowskiý,
Borodin
ýaly dünýä ykrar eden kompozitorlar simfoniýanyň klassyk
nusgalaryny döredipdir.
Ýewropa klassyk sazynda «sonata», «ballada», «prelýudiýa»,
«kwartet» ýaly onlarça saz eserleri hem peýda boldy.
W.Mosart, J.Gaýdn, L.Bethowen ýaly kompozitorlaryň döredi-
jiliginde bu žanrlaryň beýik nusgalary peýda boldy.
5-Saz, 6-njy synp
66
Ýewropa klassyk sazynda organ sazy aýratyn orun tutýar.
Howanyň kömeginde çalynýan bu uly klawişli
saz guraly
üçin I.S.Bah, Gendel ýaly kompozitorlar eser ýazypdyr. Bu
žanrdaky eserler ynsanyýete aýratyn güýç we kuwwat berýär.
Bu žanrlar özbek sazyna XX asyrdan başlap girip geldi.
Do'stlaringiz bilan baham: