Synp ýolbaşÇysynyň okuwçylara bolan gatnaşygynda pedagogik ökdeligiň Ähmiýeti
T erbiýe şol bir wagtyň özünde pedagogyň we terbiýelenýäniñ işini birikdirýän ikitaraplaýyn hereketdir
Download 74.88 Kb.
|
Rejepbaýewa Gülnur kurs işi
T erbiýe şol bir wagtyň özünde pedagogyň we terbiýelenýäniñ işini birikdirýän ikitaraplaýyn hereketdir. Olaryň bir-birine täsiri arkalaşyk häsiýetde bolýar. Başgaça aýdanyňda okuw-terbiýeçilik işinde şol bir tutumda diňe bir okaýan, terbiýelenýän öwrenmän, terbiýelenmän, eýsem okadýan, terbiýelenýän hem kämilleşýär. Galyberse-de belli bir aragatnaşyklar, özara täsirler okaýanlaryň arasynda hem döreýär.
Terbiýeçi – bu terbiýe işini amala aşyrýan (nesilleriň tejribesini geçirýän) adamdyr (kähalatlarda gurama); galyberse-de ol okuw-terbiýeçilik edarasynda terbiýe işi bilen meşgullanýan wezipe eýesidir. Terbiýäniň üznüksizligi we täsirliligi onuň öz-özüňi terbiýeleýşe geçmegi, terbiýelenmäniň hususy işjeňligini döretmegi bilen baglanyşyklydyr. Öz-özüňi terbiýelemek – bu adamyň öz edim-gylyklaryny kämilleşdirmek we hususy kemçiliklerini ýeňip geçmek işidir. Häzirki döwürde, bazar gatnaşyklarynyň rowaçlanýan döwründe kärhanalar (aýratynda hususy firmalar) öz işgärlerine ýokary talap bildirýärler. Bu işgärler önümçiligiň tehnologiýasyny bilmek bilen bir hatarda öz-özüni we kollektiwi dolandyryp bilmelidir; olar saglygy gurat we ýokary medeniýetli, sözleýşe ezber, işewür aragatnaşyklar guraýan, hem-de özleriniň duýgularyna erk edip bilýän bolmalydyr. Mundan başga-da olaryň fiziki, ruhy we sosial-durmuş kämilligine degişli talaplar bildirilýär. Bu häsiýetler adama dogabitdi berilmän, bilim berşiň tutumynda ösdürilýär. Hut şonuň üçin-de terbiýe tutumynyň dolandyrylyşy mugallymyň we okaýanyň bilelikdäki işiniň arkalaşygyna, öz-özüni ösdürijiligine we özara döredijiligine esaslanýan bolmalydyr. Terbiýe tutumy aýry-aýry ýagdaýlardan durýar. Terbiýe ýagdaýy terbiýe tutumynyň mugallymyň we okaýanyň-pedagogik özara täsiriniň belli bir döwürdäki, obýektiw we subýektiw şertlerdäki pursatydyr. Terbiýe tutumyny üznüksiz guramak üçin (oña yzygider hereketde we ösüşde seredip) her bir okuw ýagdaýynda goýlan maksada laýyklykda, hem-de onuň üýtgeýjiligini nazarda tutup, toplumlaýyn terbiýe ýumuşlaryny çözmeli bolýar. Islendik okuw ýagdaýynda terbiýäniň dolandyrylyşyny üpjün edip, pedagogika we okaýana, özleşdirilýän derse hem-de tutuş bilim ulgamyna gös-göni täsir etmek gazanylmalydyr. Okaýanyň şahsyýetini okadylyşda ösdürmekde aýgytlaýjy orun mugallyma degişlidir. Onuň işi ylmy we dünýägaraýyş pikirleriň, nazaryýet we amalyýet bilimleriň, şeýle hem geljekki hünärmeniň ruhy-ahlak we pähim-psihologiýa gorunyň döredijisidir. Terbýeleýji okuwyň üsti bilen okadylýanyň bilim, başarnyk we endikleri özleşdirişi bilen onuň şahsyýetini kemala getirmegiň özara baglanyşygy gazanylýar. Bu didaktiki düzgün okadylyşyň mazmunynda, guramaçylyk görnüşlerinde we usullarynda öz şöhlelenmesini tapýar. Terbileýji okadylyşyň tutumynda terbiýäniň esasy wezipeleri amala aşyrylyp, şahsyýetiň ahlak ösüşine düýpli täsir edýän ösüşiň sosial-durmuş ýagdaýynyň kämilligi anyklanýar.
Download 74.88 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
ma'muriyatiga murojaat qiling